Soňky habarlar

Arhiw

ALTYMYRAT ANNADURDYÝEW:« BIZIŇKI NETIJE GAZANMAK, ÝEŇIŞ− JANKÖÝERLERIŇ PAÝY»

0
1436

Geçen hepde AFK-nyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn oýunlaryna badalga berlenligini habar beripdik.  Paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary myhmançylykda Gyrgyz respublikasynyň “Alaýy” bilen duşuşyp uly hasap bilen ýeňiş gazandy (6:3). “tff.com.tm” saýtynyň ýörite habarçysy bu barada “Altyn Asyryň” we milli ýygyndymyzyň esasy oýunçylaryndan biri, “Altyn Asyryň” geçiren alty golunyň deň ýaryny öz adyna ýazan Altymyrat Annadurdyýew bilen pikir alyşdy.

−Altymyrat, tüweleme, toparyňyz ýaryşa  şowly başlady, höwri köp bolsun! Özüňizem ilkinji oýunda hettrik etmegi başardyňyz.

−Sag boluň. Gollarymda topardaşlarymyň goşandy uly. Futbol, bilşimiz ýaly toparlaýyn oýun.  Geçirilen golda toparyň her agzasynyňam özboluşly goşandy bolýar, elbetde. Topar bolup, agzybirlikde möhüm  üç utugy gazananymyza begenýän. “Alaýyň” öýünde uly hasap bilen ýeňlendigem onuň pes toparlygyny aňladanok.  Bu heniz toparçanyň birinji oýny, entek öňde bäş oýun bar.

−Paýtagtymyzyň ýene bir topary Täjigistanda oýun geçirdi...

− “Ahal” gowy oýnady. Ýeňşe mynasyp oýun görkezdi diýip aýdyp bolar. Netijä garamazdan, men “Ahaly” gowy oýun görkezendigi bilen gutlasym gelýär.

−Indiki garşydaşyňyz hünärmenler tarapyndan toparçada iň güýçli topar hasap edilýär. Şu ýaryşda finala ýetip bilen topar...

−Toparymyz ruhy we beden taýdan oýna doly taýýar. “Istiklol” güýçli garşydaş diýip kän aýdylýar, emma men “Ahalyň” mümkinçiliklerinem täjik toparyndan birjik-de kem göremok. Umuman-a, biziň toparçamyzda toparlar deň güýje eýe diýip çak edýän. Indiki tapgyra haýsy topar çykanynda hem oňa garaşylmadyk netije diýip bolmaz. Şonuň üçin biziň öňümizdäki oýunlaryň hiçisem  ýeňil düşmez. Ýöne “Istiklol” bilen geçiriljek oýunda, nesip edeninden gowy netije gazanarys diýip umyt edýän.

−Altymyrat, onda janköýerlerimiz türkmen toparlarynyň “Istiklol” bilen ýeňişsiz duşuşyklaryna nokat goýlup, täze sahypa açyljakdygyna ynansa-da boljak eken-dä?

−Bilýäňizmi näme, ynam hakynda aýtmaly bolsa janköýerler hemişe-de ynanýar. Şol ynam esasynda olar janköýerlik edýärler. Biz bolsa, şol özümize ynam bildirýän  janköýerler üçin oýnaýarys we şolaryň begenjinden lezzet almakdan ýokary baýrak bolmasa gerek. Nesip bolsa, biziňki  netije gazanmak, ýeňiş bolsa janköýerleriň paýy diýesim gelýär.

−Sag bol, Altymyrat üstünlik ýaranyňyz bolsun!

 

Söhbetdeş bolan Parahat Ataýew,

sport synçysy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar