Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň 4 altyn, 1 bürünç medalynyň eýesi Laçyn Badaglyýewa bilen söhbet
– Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleri tarapyndan gazanylan ajaýyp üstünlikler milli sportumyzyň ýeten belent sepgitleriniň beýanyna öwrüldi. Size hem Oýunlarda gazanan 5 medalyňyz bilen şol üstünliklere şärik bolup, Watanymyza şan getirmek miýesser etdi. Üstünlikleriňiziň höwri köp bolsun!
– Köp sag boluň! «Aşgabat 2017» oýunlarynda gazanan üstünliklerimiz milli sportumyzyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi. Men bu yklym oýunlarynda altyn medallaryň dördüsini gazanmagyň hötdesinden geldim. Maňa türkmen milli göreşiniň (52 kg) hem-de guşakly göreşiň (50 kg) erkin we nusgawy görnüşleri boýunça garşydaşlarymyň ählisinden rüstem gelmek başartdy. Alyş göreşiniň nusgawy görnüşi boýunça ýaryşlarda bolsa 55 kg-de bagtymy synadym we bürünç medala mynasyp boldum. Şeýle üstünliklere eýe bolup, Watanymyzyň abraýyna abraý goşmagyň, türkmen sportuny galkyndyran hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyny ödemegiň hötdesinden gelen günlerimiz hiç haçan ýadymdan çykmaz. Oýunlarda gazanan üstünlikleri bilen Watanymyza şan getiren türgenlerimize Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýynyň gowşurylmagy bolsa buýsançly başymyzy Göge ýetirdi. Şol gün maňa hem Arkadag Prezidentimiziň Şa serpaýyna – ýeňil awtoulag serişdesine, «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ada hem-de ýadygärlik nyşanyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bizi bagtyýar eden şol günleriň ykbalymyza altyn harplar bilen ýazyljakdygy ikuçsuzdyr. Munuň üçin Diýarymyzy sportuň günsaýyn gülleýän mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza müň keren alkyş aýdýarys.
– Türkmen milli hem-de guşakly göreşleriň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýandygyny bilýäris. Watanymyzda hem-de dünýäde göreş sungatynyň bu görnüşleriniň şu güni we ertiri hakyndaky pikirleriňizi hem okyjylarymyz bilen paýlaşsaňyz.
– Milli sungatymyz bolan türkmen milli göreşi bu günki gün bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Milli göreşimiz boýunça dünýä çempionatlarynyň diýseň gyzykly we çekeleşikli häsiýete eýe bolmagy hem onuň okgunly ösüşiniň kepilidir. Türkmen milli göreşinden yklymlaryň federasiýalarynyň döredilmegi hem-de çempionatlarynyň geçirilip başlanmagy bolsa onuň dünýä derejesinde dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şol bir wagtyň özünde bolsa ony sportuň Olimpiýa görnüşleriniň sanawyna goşmak ugrundaky diýseň möhüm ädimleriň biridir. Ol dünýäde giň seslenmä eýe bolan bu görnüşiň aýdyň gelejeginiň nyşanydyr.
Günsaýyn ösýän türkmen milli göreşi boýunça hem-de guşakly göreşden geçirilýän dünýä çempionatlarydyr beýleki iri halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerimiz bolsa bu görnüşlerden dünýä reýtinginde liderligi elden bermeýän Türkmenistanyň sport abraýyny has-da pugtalandyrýar.
– Bu günki gün ykbalyňyza öwrülen sport görnüşini saýlamagyňyzyň sebäbini bilmek okyjylarymyz üçin has-da gyzykly bolsa gerek.
– Men Mary welaýatynyň Mary etrabynda dünýä indim. Bu etrabyň 11-nji orta mekdebinde bilim alyp başlan ýyllarym özümi professional türgen hökmünde-hä däl, sportuň haýsydyr bir görnüşi bilen meşgullanýan pursatlarymy hem göz öňüme getirip bilmeýärdim.
Kakam türgen ýa tälimçi hökmünde bolmasa-da, Mary şäheriniň sport mekdebinde zähmet çekýärdi. Hut şonuň ýardamy hem meni sporta imrindirdi. Höwesim 10 ýaşlarymda döräpdi. 15 ýaşymda bolsa Mary şäheriniň Margiana medeniýet köşgünde hereket edýän ýöriteleşdirilen sport mekdebine ýazyldym we bu ýerde ussat halypalarymyzyň biri Begenç Mälikowyň elinde dzýudo hem-de sambo boýunça tälim alyp başladym. Görnüşleriň ikisinden-de ýurt möçberinde geçirilen ýaryşlaryň birnäçesinde üstünlik gazanmagyň hötdesinden geldim.
2014-nji ýyldan bolsa sport ýolum göreş sungatynyň türkmen milli, guşakly hem-de alyş görnüşlerine syrykdy.
– Diýmek, 2014-nji ýyl ykbalyňyzy iň düşümli ýyllaryň biri hökmünde bezäpdir-dä.
– Aýtjak bolýan pikiriňize düşündim. Hakykatdan hem göreş sungatynyň bu görnüşlerine baş goşan ýylymyň–2014-nji ýylyň meniň üçin diýseň düşümli bolandygyny aýdyp bilerin. Şol ýyldan bäri men kämillik ýolumy Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport fakultetiniň talyby hökmünde dowam etdirýärin. Bu ýokary okuw mekdepde bilim almak, ylmyň kömegi bilen kämilleşmek, ýokary derejede türgenleşmek üçin zerur bolan şert-mümkinçilikleriň ählisi döredilen. Ussat professor-mugallymlarymyzyň, tälimçilerimiziň yhlasy bizi has-da taplaýar. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde döredilýän şol ajaýyp mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, kämil hünärmenler bolup ýetişmek biziň borjumyzdyr.
Meşgullanýan göreşlerim boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna kabul edilmegim hem hut şol ýyl bilen senelenipdi. Ilkinji gezek halkara ýaryşyna gatnaşan ýylym maňa şeýle üstünlikleriň ilkinjisini getirmek bilen çäklenmän, medallaryň birnäçesini, şol sanda ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempionlygyny-da bagyşlady.
– Ýeňiş ýa-da üstünlik üçin iň möhüm talap hökmünde nämäni görkezip bilersiňiz?
– Talaplaryň diňe biri ýeňşe ýetirip bilmez. Eger-de, 100 % taýýarlyk türgene ýeňiş getirýän bolsa, şonuň belli bir böleginiň pälwanyň başarnyklaryndan, mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp bilşine, uly mukdarynyň tälimçiniň zähmetine, ýene bir böleginiň psihiki taýýarlyga, ynama hem-de türgenleşmek üçin şertlere baglydygy ikuçsuzdyr. Bu ýerde hysyrdyly zähmetiň ornunyň hem diýseň uludygyny nygtamak gerek. Çünki bu diňe sportda däl, eýsem, ähli işde üstünlige ýetmegiň möhüm şertleriniň biridir.
– Özüňize iň ýakyn hasaplaýan emelleriňiz haýsylar?
– Şüweleňi ýetik toýlarymyzyň bezegi bolan türkmen milli göreşinde «Ýagyrnysy ýere degmedik pälwan» diýen jümläniň diňe ýeňilmezek pälwanlara mahsusdygy düşnüklidir. Çünki öňler pälwanlar garşydaşlarynyň ýagyrnysyny ýere degirmek bilen ýeňiş gazanypdyrlar. Muny ýerine ýetirmek üçin bolsa milli sportumyz emelleriň birnäçesi bilen baýlaşdyrylypdyr. Şolardan «ýanbaş», «goşa ýanbaş», «çilşirim» hem-de «çopan badak» ýaly emelleriň garşydaşyň ýagyrnysyny ýere degirmekde aýratyn ähmiýetlidigini belläsim gelýär. Şolardan tutluşyk wagtynda dörän mümkinçilige görä ýerlikli peýdalanmagy başarmak bolsa pälwana ýeňiş getirýän möhüm şertdir. Çünki pälwanlaryň hiç birine-de ýeňişleriniň ählisini şol bir emel boýunça gazanmak başartmaýar.
Meniň iň gowy görýän hem-de köp ulanýan emellerim – «içden göterme», «badak» hem-de «ýanbaş» emelleri.
– Meşgullanýan göreşleriňiz boýunça haýsy pälwanlary nusgalyk hasaplaýarsyňyz?
– Milli ýygyndy toparymyzyň düzümindäki ilkinji günümden bäri maňa halypalyk edýän, ýurdumyzyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Nasiba Surkiýewany nusga alarlyk pälwan zenan hasaplaýaryn. Biziň kämilleşmegimiz üçin yhlasyny gaýgyrmaýan halypa zenanyň diňe tälimçi hökmünde däl, eýsem, türgen hökmünde-de görelde görkezýändigine hemmämiz şaýatdyrys.
– Sportuň başga haýsy görnüşlerini özüňize ýakyn hasaplaýarsyňyz?
– Başa-baş söweş sungatynyň dzýudo we sambo görnüşlerinden, şeýle-de, türkmen milli we guşakly göreşlerden başga-da deň-duşlarym bilen futbol oýnamagy halaýaryn. Sportuň şol görnüşini özüme ýakyn hasaplaýaryn.
– Berekella, Laçyn! Türkmen milli hem-de guşakly göreşlere söýgiňiz, yhlasyňyz sizi has-da uly üstünliklere ýetirsin! Gelejekde-de gazanýan üstünlikleriňiz bilen türkmen Tuguny belentde parlatmak miýesser etsin! Ýagyrnyňyz ýere degmesin!
– Sag boluň!
Gazanan üstünlikleri:
2014-nji ýyl. Eýran Yslam Respublikasy. Alyş göreşi boýunça Aziýa çempionaty – bürünç medal; Russiýa Federasiýasy. Guşakly göreş boýunça ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionaty (48 kg) – altyn medal; Türkiýe. Aziýanyň festiwaly. Guşakly göreş boýunça (48 kg) – altyn medal; Türkmen milli göreşinden I, guşakly göreşden XII dünýä çempionatlary (52 kg) – kümüş medal;
2015-nji ýyl. Eýran Yslam Respublikasy. Alyş göreşi boýunça Aziýa çempionaty (52 kg) – bürünç medal; Russiýa Federasiýasy. Türkmen milli göreşinden II, guşakly göreşden XIII dünýä çempionatlary (52 kg)–altyn hem-de bürünç medallar; Gyrgyz Respublikasy. Alyş göreşinden Gran-pri ýaryşy (55 kg) – kümüş medal;
2016-njy ýyl. Türkmenistan. Türkmen milli we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionaty (52 kg) – 3 altyn, 1 kümüş medal; Gyrgyz Respublikasy, Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary. Alyş göreşiniň nusgawy görnüşinden (55 kg) – kümüş medal; Russiýa Federasiýasy. Türkmen milli göreşinden III, guşakly göreşden XIV dünýä çempionatlary (52 kg) – altyn we kümüş medal;
2017-nji ýyl. Türkmenistan. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary – 4 altyn, 1 kümüş medal.
Amanmyrat Myradow.
«Türkmen sporty» gazeti.