Ralli ýaryşlarynyň taryhyndan

0
2376

«Ralli» adalgasy ilkinji gezek 1907-nji ýylyň ýanwar aýynda, birinji Monte-Karlo ralli ýaryşynda ulanyşa girizildi. Şeýle bolandygyna garamazdan, bu adalga 1912-nji ýylyň sentýabryna çenli işjeň ulanylybermedi. Dogrusy, awtomobil ýaryşy ilkinji gezek 1894-nji ýylda geçirilipdi. «Le Petit Journal» gazetiniň goldawy bilen geçirilen bu bäsleşik jemgyýetçiligiň hem-de öňdebaryjy awtomobil öndürijileriň uly gyzyklanmasyna eýe bolupdy. Şonda eminler ýeňijileri awtoulaglaryň her biriniň içinde oturan gözegçileriň pikirlerini hasaba almak arkaly kesgitläpdiler. Ýaryşda «Panhard» bilen «Peugeot» ulaglary ýeňiş gazanypdylar.

Bu waka Fransiýanyň we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň şäherleriniň arasyndaky köçelerde ýaryşlaryň guralan döwrüniň başlangyjy boldy. Häzirki wagtdaky ýaryş düzgünleriniň hem aglabasynyň şol döwürlerden gözbaş alýandygyny ýatladýarys. Olaryň arasynda bäsleşýänleri aýratynlykda ýaryşa goşmak, ýoldaky barlag nokatlary, ýol bellikleri hem-de şertli belgiler, köplenç ýagdaýda adaty çagyl düşelen ýol boýunça, islendik howada, ähli möwsümlerde ýaryş geçirmek düzgünleri bar. Rallide suwly güzerlerem, ilatly nokatlaryň içinden geçýän darajyk ýolly ýerlerem gabat gelýär.

Ralliniň, esasan, iki görnüşi bar: olaryň birinjisi ýörite ýol boýunça geçirilip, ol başgaça «söweşjeň» ýaryş diýlip hem atlandyrylýar, beýlekisi ulanylýan umumy ýollary boýunça geçirilip, 3-nji derejeli ralli diýlip hem atlandyrylýar. Geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap ýörite ýollarda geçirilýän ýaryşlar sportuň bu görnüşiniň ýokary ussatlyk derejesine öwrüldi.

Ralli-reýd ýaryşlaryň düzgünleri boýunça birnäçe günüň dowamynda uzak aralyklara geçirilýär. Ýaryşa gatnaşýanlar bir günüň dowamynda 400–900 kilometr ýol geçýärler. Bu ýaryşlaryň dowamlylygy 3 günden 30 güne çenli çekýär. Iň uzak dowam edýän ralli-reýd ýaryşy Nýu-Ýork – Pariž ýaryşydyr. Dakar ralli ýaryşy sport muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Ralli-reýd ýaryşlarynda ulagda sürüjiden başga-da, şturman bolýar. Ol ýol boýunça ugur almaga jogap berip, ýol kitapçasyndan hem-de GPS-den peýdalanýar. Ýük ulaglarynyň ýaryşlaryna olardan başga mehanik hem gatnaşýar.

«Dakar» ralli-marafony uzak ýyllaryň dowamynda «Pariž – Dakar» rallisi ady bilen meşhurdyr. Her ýyl geçirilýän bu ýaryşyň döreýiş taryhy Týerri Sabiniň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol 1977-nji ýylda Nissa – Abijan aralygynda geçirilen ýaryş mahaly Liwiýanyň çöllüginde azaşýar. Şonda ýowuz çöl şertleriniň ähli kötelliklerini ýeňip geçen pereňli sürüjiniň kellesine bir täsin pikir gelýär. Netijede aradan köp wagt geçmänkä Pariž – Dakar aralygynda ilkinji awtoralli bäsleşigi geçirilýär. Bu ýaryşyň ahyrky pellehanasy 1992-nji we 2003-nji ýyllary hasaba almasak, 2009-njy ýyla çenli Senegalyň paýtagty Dakar diýlip hasaplanylýardy. 2009-njy ýyldan bäri bu ýaryş Günorta Amerikada geçirilýär. Afrikadan geçýän ozalky ýolda bolsa «Afrika Eco Race» ralli-marafony geçirilýär.

«Ýüpek ýoly» ralli-reýdi 2009-njy ýyldan bäri Russiýanyň çäginde, şeýle hem aýry-aýry ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Hytaýyň çäklerinde geçirilen halkara ralli-marafon ýaryşydyr. Bu ralli ýaryşynda üç dereje boýunça – awtomobilleriň, ýük ulaglarynyň hem-de motosiklleriň arasynda bäsleşik geçirilýär.

«Ýüpek ýoly» ýaryşynyň taslamasyna Hytaýyň goşulmagy 2016-njy ýylda onuň uzaklygynyň ilkinji gezek 6500 kilometrden geçmegine, dowamlylygynyň bolsa 10 günden hem uzaga çekmegine getirdi. Şeýlelikde, ralli-reýd ýaryşy ralli-marafon ýaryşyna öwrüldi.

Bu ralli ýaryşynyň ilkinjisi 2009-njy ýylda Kazanda badalga aldy hem-de Tatarystandan we Russiýanyň Orenburg oblastynyň çäklerinden geçip, Gazagystanyň Günbatar Gazagystan we Maňgyşlak oblastlarynyň üstünden geçdi. Ýaryş soňra Türkmenistanda dowam etdi. Balkan we Ahal welaýatlarynyň çäklerinden geçip, badalga berlenine 8 gün geçensoň, Aşgabatda tamamlandy.

Russiýa – Demirgazyk tokaýy – dünýäde ýeke-täk gyşky ralli-reýd ýaryşy, Dünýä kubogynyň tapgyry. Ýaryş her ýylyň fewral aýynda aýlawlanan ýol boýunça geçirilýär.

Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Kareliýa Respublikasynyň Sortowalli şäheriniň eteginde «Demirgazyk tokaýlygy» ady bilen awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça Dünýä kubogy ugrunda halkara ýaryşy geçirildi. Oňa dünýäniň ençeme döwletinden wekiller gatnaşdy. Bu halkara ýaryşynda «Nissan» patrol sport ulagynyň T, 2, 1 görnüşlerinde, sport ussatlary Şamyrat Gurbanowdan (sürüji) hem-de Gurbanberdi Daňatarowdan (ýolbelet) ybarat bolan türkmen ekipažy 3-nji orna we Kuboga eýe bolup, Watanymyza baýrakly dolandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar