Soňky habarlar

Arhiw

Biz ýene-de duşuşarys!

0
2807

Ýadyňyzda bolsa, milli ýygyndymyzyň Bahreýn bilen duşuşygy Daşoguzda, on üçünji iýunda geçirilipdi. Toparçadaky ikinji oýun. Men şol oýna stadionda tomaşa eden wagtym, iki adam bilen ýakyndan tanyş boldum, birinjisi, daşary ýurtda okap ýören türkmen talyby, ikinjisi, eýýam-haçan hormatly dynç alşa çykyp, ýetmişe golaýlaberen çal penjekli ýaşuly. Olaryn hersi bir tarapymda oturdylar. Ýaşulynyň ýygyndymyza çendenaşa janköýerlik edip janykmasy ýaş talyba geň göründimi, nämemi, ol gulaklygyny aýyrdy-da:

−Ýaşuly, bilýäňizmi daşary ýurtda nähili? Olar beýdip jan ýakyp oturanok, taktikalary, oýun derejesini gowy öwrenýärler, soňam kimiň utjagyny bilip otyrlar. Siz ýaly özüni biderek gynanoklar −diýdi. Dogrusy özümem birhili bolup gitdim. Ýaşuly bolsa dik durup oýun görüp duran ýerinden talybyň ýüzine kineli seretdi, gahary geldi. Bir zat diýjek boldam welin, birbada diýmedi, meýdandaky hüjüm ahyrlansoň welin, diýjegini diýdi:

−Sen bar-da aýt onda, şo diýýänleriňe. Meň olara gaty nebsim agyrýar. Sebäbi olar futboluň öňden bilmezlik lezzetinden mahrum. Olara bu sungatyň mährinden ganmak miýesser etmändir. Olar futbol esasynda Watan baýdagynyň ýokary galşyna garaşmak bagtyndan daşda.

 Talyp soň hiç zat diýmedi, birazdanam turup gitdi. Bary-ýogy men onuň bilen on-on bäş minut aralyk bile oturdym, ýöne häzir öňümden çyksa-da, tanajagym anyk. Emma, gadyrly salamlaşaryn diýip aýdyp biljek däl.

 Çal penjekli ýaşuly bilen bolsa gürrüňimiz alşyp gitdi. Birinji bölüm tamamlanyberende, ýaşulynyň maňa aýdanyny welin men hiç wagt unutman:−Inim, ine men ýetmiş ýaşap gelýän. Bir gezek ýygyndymyzyň Aziýa kubogynda çykyş edenini gördüm, şu gezegem oglanlarymyz Aziýa kubogyna baranyny görüp bilsem, armanym ýok. Sen maňa öz pikiriňi aýt, ýygyndymyz Aziýa-2019-a çykyp bilermi-kä? Men şony görüp bilerinmi? Ýöne, arassa öz pikiriňi aýt, sen aýtsaň ynanjak, inim!

 Men oýlanmazdan: “Elbetde, biz Aziýa kubogyna bararys” diýdim.Diýmesine diýdim, ýöne aýdan sözümden özüm çekindim. Ikinji ýarymdan soň ýerime gelsem, ýaşuly ýok eken. Megerem arakesmeden soň öňki ýerini tapyp bilmedik bolarly, onuň stadiondan gidenine ynanmak kyn.

Iň paşmadyk ýeri, 1:2 ýeňlişden soň men gaty gynandym. “Birden çal penjekli ýaşuly öňümden çyksa, näme diýerin?” diýip oýlandym. Öýe gelýänçäm müýnürgäp geldim, göwnüme bolmasa, öňümden çykaga-da “Hany sen Aziýa-2019-a bararys diýipdiň-ä? Şu oýun bilenmi? “Öýümizde utulyp, soň bir iş bitireris” diýjek bolýaňmy?” diýäýjek ýaly bolup dur.

Soňky Singapur bilen myhmançylykdaky deňlikden soň, meni ýene-de şol sorag gurşap aldy. “Indi men ol ýaşula näme diýerin?”.

 ...Adam öz söýýän zadyna ynam etmegem başarýar. Keseden geň bolup görünse-de, söýýänligi üçin oňa ynanýar. Birdenem şol ynamy özüni ödäýse dagy, dünýä özüniňki ýaly. Azerbaýjanyň “Garabagy” Çempionlar ligasynda Londonyň “Çelsisini” utar diýip azerbaýjanly köp janköýerler ynanypdy. Biz üçin geň bolsa-da, olar ynanýar. Menem owal-ahyr milli ýygyndymyzyň toparçadan çykyp biljekdigine şübhe etmedim. Eger bardy-geldi ejiz bolaýan ýagdaýymyzda-da ynanardym, galyberse-de, ýaşulynyň ynamyny elinden almaga hakymam ýok.

 Singapury öýde utanymyzdan soň, biraz ynjaldym. Balkandaky oýundan soň welin, men çal penjekli ýaşulyny gözläsim geldi. Onuň elini gysasym, gutlasym geldi. “ Size aýtdym gerek, agam?! Hut aýdyşym ýalam boldy. Biz Aziýa-2019-a barýarys” diýip, edil öňümde şol ýaşuly duran ýaly gaýtaladymam. Şonda meniň göz öňümde galan pursat gaýtadan janlandy. Ýary içilen “Pepsi” gabyny otyrgyjyň gyrasyna urup, sazlaşykly ýagdaýda gyryljak sesi bilen “TÜRK-ME-NIS-TAN, TÜRK-ME-NIS-TAN, TÜRK-ME-NIS-TAN” diýip gygyrýan çal penjekli ýaşuly şol sesi bilen gaşymda peýda boldy-da, menden we milli ýygyndymyzdan razylygyň alamaty hökmünde buýsanç bilen ýylgyrdy...

 Kimdir biriniň “ Ol kişiniň ýaşuly halyna futbol diýip kösenip ýörşüne düşünmedim” diýmegem ahmal. Ýöne oňa düşünişmekdenem beter, duýgudaş zerur...

Koreýaly režissýor Ýun Sok Hugyň “Gyş sonatasy” serialynda Min Huýk bilen Ýu Jiniň arasynda şeýleräk bir dialog bar.

−San Hugi näme üçin söýýäň?                           

−Çünki... Çünki ol juda mähriban. Meň göwnüme görä hereket edýär. Meni gowy görýär, sowatly, medeniýetli...

−Gyzyklydygyny.. Bilýäňmi näme, hakyky söýgi beýle bolmaýar. Sen çyndan söýseň, söýýän ynsanyňy näme üçin söýýäniňi düşindirip bilmeýäň...

Söýüp janköýerlik edýän adama karara gelmek üçin, akylyň kesgitlemesi hökman däl. Ol-söýginiň emrindäki adam. Eger-de milli ýygyndymyza bolan söýgi baglamadyk bolsa, men çal penjekli ýaşuly bilen ikilenji gezek duşuşyp bilmezdim. Ilki ondan utanyp gezip, soňundanam gutlamak üçin ymtylmazdym. Asyl unudyp goýberdim, hatda Daşogza futbola-da barmazdym...

 Emma bardyk we ýene bararys. Başga-başga käriň eýelerini, biri-birlerini öň görmedik adamlary bir ýere jem edip, biragyzdan“TÜRK-ME-NIS-TAN. TÜRK-ME-NIS-TAN” diýip şowhunly seslendirip bilýän millionlaryň oýnuna nädip sungat diýmejek?! Milli ýygyndymyzyň ajaýyp oýunlarynyň bolsa, janköýerleri ýene-de bir şatlygyň, bagtyň daşyna üýşürjekdigine men ynanýan.

 Men ynanýan− biz ýaşuly bilen ýene duşarys. Özem, Birleşen Arap Emirliklerindäki ýeňişli oýunlarymyzda didarlaşarys. Häzirem meniň bu ýazanlarymy okaýanyna birjigem şübhe edemok. Şonuň üçin arkaýyn aýdyp bilerin, milli ýygyndymyz ýaşyl Tugumyzyň astynda, döwlet senamyzy ýaňlandyryp oýna girişýän wagty bizi hiç zat aýryp bilmez. Eý meniň çal penjekli agam, biz ýene-de duşuşarys, hökman duşuşarys. Hökman!

Merdan Baýadow,

sport syncysy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar