Soňky habarlar

Arhiw

«ÝALŇYZLYGYŇ 10 ÝYLY»

0
3090

«...Gabriel Garsia Markesiň meşhur «Ýalňyzlygyň ýüz ýyly» eseriniň ady nädip on esse gysgaldy» diýen soraga biraz soňrak dolanarys. Häzir gürrüňi, şu aýyň 7-sine Parižde geçen dabarada “Altyn topa” bäşinji gezek mynasyp bolan futbolçydan başlalyň...

 Režissýor Jeýms Kemeronyň surata düşüren «Terminator» filmi köpimize tanyşdyr. Kino äleminde uly şowhun turuzan bu filmiň baş gahrymanlary Ýer ýüzünde hereket etselerem, Ýeriň ýaşaýjylaryna degişli däldigi bilen tapawutlanýarlar. Ýöne waka Ýerde bolup geçýär. Olaryň edýän hereketleri bolsa, Ýeriň ýaşaýjylaryny haýrana goýýar...

 2008-nji ýylda ilkinji gezek “Altyn topy” gazanan Kriştian Ronaldonyň 2009-njy ýylda Mançesterden Madride ýol salşy ýadyňyzdamy? Bir ýadyňyza salyň hany!!! Çünki hemme zat şondan soňra başlanypdy.

«Gyzyl şeýtanlaryň» içinde gyp-gyzyl bolup bişen Krişe ap-ak lybas geýdirip “Patyşa” toparyna ugratdylar. Ispan paýtagtynyň depesinde ýyldyrym çakdy, gök gürledi. Ýokarda agzan filmimizdäki baş gahrymanyň Ýere düşüş pursatyny ýadyňa salýan bu ahwala çenli onuň garşydaşy Messi hem asuda gezip ýördi. Çünki biz onuň “Terminatorlygyny” heniz bilemzokdyk. Kriş geldi we La-liga tolkun atyp gitdi. Jahany ikä bölüp bilýän el-klassiko ýene-de uly dabara beslendi. Lio-Kriş bölünişigi El-klassikadanam beter dünýä derejesindäki şowhuna aýlandy.

Ýerli bolmadyk ýyldyzlar Ýeri ikä bölüşdi. Ýogsam, 2007-nji ýylda “Altyn topy” Kaka tabşyrýan wagty «Frans futbol» neşiriniňkilerem sylag eýesiniň iň soňky Ýerli futbolçy boljakdygy we ondan soň altyn topuň arş-asmanlarda gaýyp, “özge planetalydyr öýütdirýän” iki ynsanyň aýaklarynda aýlanjagyny pikirem etmedik bolsalar gerek. Ýöne şondan soň, çyndan «söweş» başlandy... 

 Kemeronyň filmindäki mantyga görä yzarlap: «Diýmek, olar «Altyn top» üçin inderilen eken-dä?» diýen pikire gelmegiňizem mümkin. Ýöne men bu meselede bitarap. 10 ýyldan bäri diňe şu iki futbolça berilýän “Altyn top”, meniň pikirimçe bu babatda esasy zat däl.

Ýok, men bu iki gahrymanyň ol sylaga mynasyplygy bilen ylalaşýan, top ýa-da butsy däl, ol ägirtlere altyn meýdança bagyşlasaňam bolman durmaz. Emma “Altyn topy”eýýam haçan özgelere bermek wagty ýetip, geçip gidipdi ahyry. Bu bir ýokary okuw jaýynyň öňdebaryjy talybyny ýylyň-ýylyna orta mekdebi üstünlikli tamamlanlygy bilen gutlamak ýaly bir zat. Ol baýragy her futbolça ömründe bir gezek almaga rugsat berilse, belki-de, baýragyň abraýy has-da artmazmydy?!.

 Köp okyjylarymyz «lenji çykan tema» diýselerem, haýsydyr bir uly futbol wakasy hakda gürlejek bolsaň, şu iki “Terminatordan” sowlup geçmek kyn. Menem olaryň hemme netijelerini sanap oturmakçy däl, mensizem ýat tutar derejede ýaýran zady gaýtalap oturmakdan ne hajat. Esasy zat, hersi bäş gezekden deňje bölüşdiler, nesip etsin! Messi bu ýyl “Altyn butsy” baýragyna hem mynasyp boldy. Türkmençilikde «Toýda tozsun» diýilýär şular ýalyda, ýa-da «Duşman aýak astyna».

2017-nji ýylyň tamamlanyp barýandygyny ýatlatmak bilen, meseläniň üçünji bir tarapyna geçeýin. Bu ýyl “Altyn topuň” iň soňky Ýerli eýesi futbol bilen hoşlaşdy. «Orlando Sitide» soňky oýnuny geçiren Kaka, gözýaşlar astynda futbolçylyk möwritini jemledi. Ýewropanyň neşirleri hem «Indi ýaşyl meýdanda “Altyn top” alan Ýerli futbolçy ýok» diýip ýazdylar. Meniň göz öňümde Kakany belende galdyrýan başga bir tarap bar, “Altyn topy” gazanan Ýerli futbolçy meýdanda çykyş etsin-etmesin, Kaka bu baýragyň soňky eýesidi, ýagny “Terminatorlara” iň bir golaý wagtda şol abraýly baýragy almagy başarypdy.

Dogry, ol ikinji gezek “Altyn top” gazanmady, ýöne özi bar wagty başga bir planetadaşyna hem gazandyrmady. Fransuz neşiri şondan soň Ýeriň ýüzünde bu baýraga mynasyp ikinji futbolçyny tapmady. Ol bu baýraga mynasyplaryň iň soňkysy bolup, arassa 10 ýyl ýaşyl meýdançada ussatlygyny görkezdi. Ýalňyzlygyň 10 ýylyny başyndan geçirdi, şeýdibem futboldan gitdi.

 Şu ýerde “Adidas” kompaniýasy tarapyndan guralan “Dünýä kubogy-2018” üçin taýýarlanylan topuň tanyşdyryş dabarasyny ýatlasym gelýär. Şonda russiýaly žurnalistiň: «Messimi ýa Ronaldo?» diýen soragyna, bu braziliýaly ýyldyz «Ikisem» diýip jogap berdi. «Altyn top» üçin göreşde Messi we Ronaldodanam üstün gelen bir futbolçyny agza» diýlende bolsa, ol : «Şübhesiz−özüm» diýdi.

 Men Kakanyň jogaby bilen doly ylalaşýan. Ol özge planetalylar bilen dalaş edip bilen ýalňyz Futbolçy.

Şu ýerde söhbetdeşlik üçin ýörite portugal dilini özleşdiren şol žurnalistiň ýene bir sowalyny ýatlalyň:« «Kaka» sözi ruslar üçin geň eşdilýär, bu adyň portugalça manysy barmy?» Indi braziliýaly ýyldyzyň jogabyna serediň: «Çagalykda jigim asyl adym bolan–Rikardony doly aýdyp bilmän, «Kaka» diýip ýüzlenerdi, şondan ol lakam hakyky adym ýaly hemişelik hemrama öwrüldi. Onda başga bir many ýok».

Bu jogaby eşidip biz, türkmençilikde özüňden uly agaňa «Pylan kaka» diýlişini ýatlaga-da, «Diýmek, Kakaň jigisi özi bilmezden türkmençe gürläpdir-dä» diýip, çyna berimsiz degişmä salsagam ýerliksiz bolup durmaz.

...Biz geljegi öňünden bilemzok, ýöne bilesimiz gelýär. Belki, şonuň üçindir, ýygy-ýygydan taryha ýüzlenýäris we ondan many çykaryp, geljegiň takmynyny edýäris. Iki “özge planetalynyň” ýyldyzlyk döwri ýaly uzak döwri başdan geçiren başga bir iki bäsdeşi bolsa taryhdan tapmak kyn. Ol eýýam taryhda täze sahypa açmak. Birazilleriň türkmençe ady göterýän futbolçysam ýalňyzlykda geçiren 10 ýylyny jemledi. Indi ol döwri yzyna dolap bolanok, üýtgedibem bolanok. Bize ony diňe başardygymyzdan öwrenäýmek galýar.

Merdan Baýadow,

sport synçysy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar