Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga: 34-nji tapgyrdan soň hasaplamalar

0
1580

34-nji tapgyrda 4 täzeje: Çempionatyň tamamlanyp barýandygyna garamazdan, diňe şu tapgyrda 4 futbolçy möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

Iň golly tapgyr: Tapgyrda derwezelere 21 gol geçirildi.

Iki topar 30-njy goluny geçirdi: «Aşgabat» we «Köpetdag» toparlary möwsümde 30 gol geçiren 7,8-nji toparlar boldy.

 

“Energetik” – “Merw” – 2:1

Gollar: ’45, ‘60 Abdyrahmanow Alybek (“Energetik”) – ’18 (11 m.j.u) Begenç Alamow (“Merw”)

 

 “Turan” – “Şagadam” – 2:7

Gollar: ’11 Arslan Gurbangylyjow; ’43 Izzat Hudaýbergenow (“Turan”) – ’13 Amir Gurbani (11 m.j.u); ’34, ’39, ‘87 Süleýman Muhadow; ‘57 Serdaraly Ataýew; ’74 Begenç Annagurbanow; 90+1 Rahmet Şermetow (“Şagadam”).

Iň köp golly oýun: Bu duşuşyk möwsümiň iň kän golly duşuşygy boldy. Mundan öňki rekord 7 gol bilen tamamlanan iki duşuşyga degişlidi.

                       

“Aşgabat” – “Balkan” – 1:0

Gollar: ’59 Batyr Berdiýew

 

“Altyn Asyr” – “Köpetdag” – 5:3

Gollar: ’26, ’34 (11 m.j.u), ’63 Murat Ýakşiýew; ’48 Altymyrat Annadurdyýew; ’78 Furkat Tursunow (“Altyn Asyr”) – ’53 Berdi Hydyrow; ’83 Berdimyrat Rejepow (11 m.j.u); ’88 Baýram Kadyrow (“Köpetdag”)

30-luklaryň topary: 30 oýundan soňra 30 utuk toplan «Köpetdag» möwsümdäki gollarynyň sanyny 30-a deňledi.

Ýene bir ýeňiş — çempionlyk: «Ahalyň» dynç alan tapgyrynda 3 utuk alyp, ikinji orundaky bäsdeşi bilen arany 5 utuga çykaran «Altyn asyr» 35-nji tapgyrda ýeňiş gazansa, bassyr dördünji çempionlygyny yglan eder.

Ýagşyýew ikinji bombardirligiň bosagasynda: Şu tapgyrdaky het-trigi bilen bombardirlik ýaryşynda iň ýakyn bäsdeşinden 6 gol öňe saýlanan Myrat Ýagşyýew bir ýyl aralykdan soňra, karýerasyndaky ikinji bombardirligine ýakyn. Indi onuň hasabynda möwsümde 26 gol bar.

Annadurdyýew dörtlüge girdi: Soňky üç tapgyrda 4 gol geçiren Altymyrat Annadurdyýew möwsümdäki gollarynyň sanyny 13-e çykaryp, bombardirlik ýaryşynda dördünji orna çykdy. Ýöne ol bu orny «Balkandan» Yhlas Magtymow hem-de «Energetikden» Pirmyrat Gazakow bilen paýlaşýar.

Ýagşyýewiň ikinji het-trigi: Myrat Ýagşyýew mundan öň 9-njy tapgyrda hem het-trik edipdi. Mundan başga-da ol möwsümde poker eden ýeketäk futbolçydyr.

Dynç: “Ahal”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar