13 ýyllap garaşylan gün

0
3342

  Ukrain halkynyň iki sany meşhur Şewçenkosy bar. Olar şol iki Şewçenkolary esasynda dünýä ýüzüne özlerini tanadyp bildi diýip, çekinmän aýdyp bolar. Biri−bize çagalykdan tanyş bolan Taras Grigorýewiç, ol baryp Gökdepe söweşindenem ýigrimi ýyl öň älemden öten ajaýyp söz ussady. Ikinjisi−Andreý Nikolaýewiç. Şu ýyl 41 ýaşyny dolduran bu ynsan, heniz 25 ýaşynda wagty “ukrain” adynyň millionlarça fiutbol janköýerleriniň dilinde aýdym bolmagyna sebäp bolupdy. 1999-2006-njy ýyllaryň «Milany» ýadyňyzda bolsa gerek. Hatda şol döwürler Ýewropaly sport žurnalistleri Taras Şewçenkony agzamakçy bolanlarynda «Munuň futbolçy Şewçenko bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny belläp geçmeli» diýen jümläni hem aýtmagy  halys endige öwirip barýardylar. «Şewçenko» familiýa ukrainlarda başga-da kändir, emma bu iki familýadaşyň arasynda baglanyşyk ýok diýen pikir bilen meň kän ylalaşasym gelenok. Kärdeşlerimiz göze görünmeýän bir baglanyşygy «gözden sypdyrýarlar».Bu ady agzalan iki ynsanyň ýaşan döwrüniň arasynda esli wagtyň ýatany hem dogry nokatda durup seredýän üçin hiç zat. Olaryň ikisem ukrain halkyna bolan beýik söýgüsi üçin uly dünýä çykan we şol ugurda ajaýyp ýeňiş gazanan ynsanlar. Taras Grigorýewiç ukrain hökümeti tarapyndan köp ýanamalara duşanam bolsa, halkyna beýik eserler galdyryp giden. Onuň milletine bolan söýgüsi esasynda dörän ajaýyp sahna eserleri dünýäniň uly  sahnalarynyň bezegine öwrüldi. Sürgün edilmäge çenli rowa görlen bu beýik ynsan öz «Wesýet» atly goşgusny: 

                               −Ölsem, meniň jesedimi,

                                 Ukrainada gömsünler

 -diýip başlaýar. Öz halkyna bolan biölçeg söýgüsine ýugrup döreden eserleri esasynda ony dünýä ykrar etdi we bu gün ukrain halky oňa tagzym edýär. Ikinji Şewçenko futbol boýunça milli ýygyndysynyň lybasyny geýmek bilen, öz üstüne millet ynamy ýaly beýik bir borjy alan adam. Onuň futbol äleminde gazanan üstinliklerini henize çenli GDA döwletlerinde gaýtalap bilýän ýok. Andreýiň tälimçilige ilki başlaýanda aýdan sözüni bolsa, türkmen janköýerlerem ýatlap goýsa zyýan etmez −«Ýüreginde millet söýgüsi bolmadyk oýunça, aýagy bilen guş gapsa-da,milli ýygyndyda orun ýok!»

Bu iki Şewçenkony, BIR MILLETE BOLAN UMMASYZ SÖÝGI aýrylmaz baglap dur diýesim gelýär. Eýsem, diňe öz halky däl, beýleki halklaryňam söýgüsini gazanan şahsyýetler üçin mundan berk baglanşyk bolup bilermi näme?! Bu duýgy diňe Dnepriň suwuny içenlerde däl, islendik milletde hem bar duýgy. Tutuş millet bolup bir bagta şärik bolmaklyk, içiňdäki milli ruhuň tolkun atmasyndan nyşan. Bizde hem şeýle. Özüniň «Rubini» bilen «Barselonany» utup başaran Gurban Berdiýew, «Nasafyň» düzümünde ýeke gezek hem ýeňilmezden AFK nyň kubogyny başy üste belent galdyran Artur Geworkýan, Çehiýada üstünlikli çykyş edýän Ruslan Mingazow dagylar islendik türkmen janköýeri üçin ullakan buýsanç. Onda-da nähili! Bu bir adaty «futbola gyzykmakdan» daşgary öz ildeşiň bagtyna şärik bolmak bagty. Bularyň hemmesi biziň içimizden geçýän ortalyk bir ruh esasynda zynjyr ýaly sepleşip gidýär. Bir söz bilen aýdanyňda, inkär edip bolmajak söýgi−millete bolan söýgi. Ol bir-de saňa agram berer, bir-de ol esasynda ýalkanarsyň. Ýöne, hut şol milli ruh esasynda millet hökmünde ýaşalýar. Ýa-da şol duýgulary kemän millet ownap, ýitmek bilen bolýar. Futbolda ýurduň üçin oýnamak, milli ýygyndy agzasyna aýlanmak bu topardaky oýnuňdan düýbünden başga zat. Meselem , Palo Rossi we Raul Gonsales. Ikisi hem beýik futbolçylar, dogrumy? Raul on ýyllap «Real» ýaly toparyň esasy oýunçysy bolan. Rossi bolsa Italiýa milli ýygyndysy bilen mundialda ýeňiş gazanan, emma oýunlary uzak wagt ýokary derejede dowam etmedik «A-Seriýanyň» gözeilgiç futbolçysydy. «Bularyň oýnan wagtlary deň däl?» diýip, deňeşdirmäme garşy çykmagyňyz  ahmal. Ýok, meniň hüjümçileri deňeşdirmek niýetim ýok, men başga, has möhüm zady deňeşdirjek. Ýene ýigrimi ýyldan soň şu iki futbolça nazar aýlasak, haýsysy lowurdap göze iler. Elbetde Raul Madridiň gahrymany, emma has içgin seretsek, ullakan Italiýa we 1982-nji ýylky mundial hem-de Rossi göz öňümizde janlanar. Näme üçin?!.. Sebäbi Palo Rossiň gazanan üstinligi milli ýygyndy bilen baglydy...

Ine, bu gün biziň milli ýygyndymyzyň agzalarynda hem şeýle mümkinçilikler bar. Ertir, 14-nji noýabrda türkmen futbolynda taryhy gün, Taýwan milli ýygyndysyna garşy ýaşyl meýdana çykjak ildeşlerimiz, eger ýeňiş gazansa BAE-de geçiriljek Aziýa kubogyna ýollanma alar. 2004-nji ýyldan soň uzak arakesme alan ýygyndymyz ýene-de yklym kubogy üçin uly sahna çykmak mümkinçiligini ele almaga golaýlady. 2004-njy ýyldaky Aziýa kubogynda milli ýygyndymyzyň düzüminde çykyş eden futbolçylary diňe men däl, islendik türkmen janköýeri hem birme-bir sanap biler. Olar dört milliard dört ýüz elli milliondan geçýän ilaty bolan Aziýa yklymynyň baş kubogynda ilkinji gezek «Türkmenistan» adyny gorap çykyş eden gerçekler. Baýramow, Goçgulyýew, Kulyýew we beýleki oglanlar öz atlaryny ýurdumyzyň sport taryhyna ýazdyryp bilmegi başardylar. Olary unutmak mümkin däl. Ondan bäri on üç ýyl geçdi. Häzirki milli ýygyndymyzyň agzalary ikinji gezek ýokarky üstünligi gaýtalamagyň öň ýanynda durlar. Nesip bolsa, ertir biziňkiler Balkanabatda Taýwanyň milli ýygyndysy bilen ykbalçözüji oýun geçirýär. Şu oýunda utup bilsek, bolany! Biz Aziýa kubogyna tarap düwünçegimizi düwübermeli. Hemmämiziň bir adama öwrülip, baş toparymyza üstünlik dilemeli wagtymyz geldi. Tälimçidir futbolçydan başlap, tä adaty janköýere çenli. Hiç bir janköýer baş topary bolan milli ýygyndysyna biparh garap bilmeýär. Klub bolsa, aýry gürrüň. Şu ýerde bir zady belläp geçesim gelýär, arada internet sahypalarynyň birinde gyzykly habara duşdum. «Ýuwentusyň» sadyk janköýerleriniň biri «Turin»  toparynyň soňky ýeňlişinden soň öz söýgüli toparyndan ýüz öwürjekligi hakda arza ýazypdyr. Hatyň mazmuny umuman şeýleräk:

«Ýuwe», men saňa 1997-nji ýyldan bäri saňa janköýerlik edýän. Iň kyn günleriňde hem janköýerlik etdim. Senden ýüz döndermedim. Emma sen meniň ynamymy iň möhüm pursatlarda-da ýele sowurdyň ýördüň. ÝÇL finallarynda millionlap janköýerleň yhlasyna hormat goýmadyň. Sen bizi aldadyň! Kubogyň edil alkymyna gelenimizde utulmagy endik edindiň. Ilki mekdepde meniň üstümden gülýärdiler. Soň inistitutda, soň iş ýerimde. Olar özleriniň «Barsasy» we «Realy», «Mançester Ýunaýtedi» we «Bawariýasy» bilen «herrigulak» kubogy alanlygyny zol-zol gaýtalap meniň içimi-bagrymy ýakdylar. Sen welin, bir gezek bolsa-da saňa janyny köýdürýän janköýerleriň umydyna hormat goýmadyň. Men sen sebäpli kän uýaldym, aşak bakdym. Bu gün bolsa senden ýüz öwürdim, hoş gal, eý bibaýrak topar!» Dogrusy, haty okap gaty tolgundym. Ol mamla . Janköýer klubdan ýüz öwrüp biler, «Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar» diýen ýaly, belli bir möhletden soň hemmesi unudylybam gidiler . Emma milli ýygyndydan?!.. Ol mümkin däl zat! Mukaddes ýaşyl Tugy öpüp, elini ýüreginiň üstüne goýup, Döwlet senamyzyň owazy astynda oýna başlan ýigitlerden hiç wagtam ýüz öwrüp bolmaýar. Biz bir ýylyň içinde «Rostowa» bolan yhlasymyzy başybitin «Rubina» ýüzugra çalşyp bilýäs. Ýöne milli ýygyndy, bu bir başga. Isle ol, Täjigistandan utulyp gelsin, hala öýde Bahreýnden ýeňilsin. Biz diňe gynanýas, jowranýas. Ýöne el salgap gidilenok, çünki irmezek söýgi bi. Ana, hemme gepem şonda. Dogduk ýurdunyň  lybasynda meýdana düşjek ýigitlerimiz şony bir munut hem unutmaly däl. Ol lybas−mukaddes lybas. Ol lybas şeýle bir gudratly welin, hatda Totti ýaly futbolçysy bar bolan Italiýada Roberto Bajony aýratynlap asmana galdyryp bilýän lybas. Tottiniň janköýerleri meni bagyşlasyn welin, ol barybir Roberto Bajio bolup bilmeýär. Hawa, Rimde ony gahryman ederler. Ol muňa doly mynasyp. Oňa «Imperator» diýiň, ylalaşýan. Emma gürrüň ullakan Italiýa hakda giden wagty, olaryň milli ýygyndysyna sadyk galan adamy uly sahna çykarmak gerek. Halk şonuň üçinem bu iki ynsandan Bajony has eziz görýär. Edil şu lybasy on-on bäş minut geýmek üçin «Angilýa döwletindenem abraýly» diýlip ykrar edilen Dawid Bekhem ençeme gezek Amerikadan Dumanly albiona ýörite uçupdy. Şoňa görä netije-de gazandy. Hiç halk hiç wagt hiç ýerde ol lybasyň eýelerine biparh garamaýar. Häzir jenap Hojageldiýew we onuň ýigitleriniň boýnunda hem şeýle jogapkärçilikli ýük bar. Biziň mukaddes ýaşyl Tugumyzyň nädereje belentde pasyrdajagy hem şo lybasyň eýelerine bagly ahyry. Hut şonuň üçinem, milli ýygyndymyz milletimiz bilen aýyrmaz söýgi esasynda baglanan. Söýginiň iň bir ezýetli ýerem, lezzetli ýerem ony terk edip bolmaýanlygynda-da, gardaş! 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar