Ýolötenden Ýewropa uzan ýol

0
2573

Söhbetdeşimiz – futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem-de Belarus Respublikasynyň Mogilýow şäheriniň «Dnepr» toparynyň ýarym goragçysy Merdan Gurbanow. Ol 1991-nji ýylda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda dünýä inýär. 3-nji synpa çenli şol ýerdäki 1-nji orta mekdepde okaýar. Maşgalalary Aşgabada göçüp gelensoň, okuwyny paýtagtymyzyň 45-nji orta mekdebinde dowam etdirýär. Futbol onuň çagalygyndan – esasy pişesi. Ýakynda milli ýygyndymyzyň Singapuryň ýygyndysy bilen paýtagtda geçiren oýnunda Merdan 66-njy minutda Umytjan Astanowyň ornuna meýdança girdi hem-de toparymyzyň ýeňiş gazanmagy üçin yhlasyny gaýgyrmady. Biz bu futbolçy bilen şol oýnuň geçirilen gününiň öňüsyrasynda guran söhbetdeşligimizi okyjylara hödürleýäris.

– Merdan, ilki bilen seniň futbola imrinmegiňe ýardam eden adamlar bilen tanyş bolaýsak!

– Ýolöteniň «Adalat» toparynda oýnaýan agam Maksat ýaňy agy-garany saýgaryp ugranymdan meni öz ýany bilen stadiona alyp giderdi. Ýene bir agam Döwranam höwesjeňler ligasynda futbol oýnaýardy. Ilki bilen-ä doganlarymyň futbola bolan söýgüsi mende bu ajaýyp oýna höwesi döretdi. Şol höwesem çagalygymdan Ýolötende Töre Aliýewiç, Aşgabatda Sergeý Georgewiç, Wiktor Lwowiç ýaly halypalarymyň tälim bermeklerinde kem-kemden futbolyň inçe tilsimlerini ele alyp, uly futbola gadam basmagyma getirdi.

– Professional futbolda oýnan toparlaryňy we tälim alan halypalaryňy bilmek okyjylarymyz üçin has-da gyzykly bolardy...

– Milli çempionatymyzyň ýokary ligasynda ilkinji çykyş eden toparym Boris Grigorýansyň tälim berýän «Aşgabady» bolupdy. Soňra Ýazguly Hojageldiýewiň türgenleşdirmeginde HTTU-nyň hem-de «Altyn Asyryň» düzümlerinde oýnadym. «Aşgabat» toparyna gaýdyp gelenimden soňra, tälimçiler Amangylyç Goçumow bilen Ahmet Agamyradowam kämilleşmegime goşant goşan halypalarym boldy. Röwşen Meredowyň baş tälimçiligindäki «Ahalyň» hatarynda oýnap ýörkämem Belarusyň güýçli tälimçileriniň biri Aleksandr Sednewiň türgenleşdirýän «Dnepr» toparyndan çakylyk geldi.

 – «Dnepriň» düzümine goşulmagyňa getiren sebäpler hakynda aýdaýsaň?

– Çempionatymyzyň tomusky arakesmesinde «Ahal» okuw-türgenleşiklerini Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirdi. Şol ýerde bu ýurduň hem-de Özbegistanyň toparlary bilen «Ahalyň» arasynda bolan ýoldaşlyk duşuşyklaryna tomaşa eden «Dnepriň» wekili hem meniň oýnum bilen gyzyklanýandyklaryny aýtdy. Şol gyzyklanmanyň netijesinde-de bu topar bilen şertnama baglaşdym.

– Belarusyň çempionaty, onda «Dnepriň» çykyşy hakynda gürrüň beräýseň?

– 16 toparyň gatnaşmagyndaky belarus çempionaty iki aýlawdan ybarat bolup, gyzykly ýagdaýda dowam edýär. 1960-njy ýyda döredilen «Dnepriň» taryhy baý bolsa-da, ol ýokary liga şu möwsümde gaýdyp gelipdir. Olaryň maksady – şu ýyl ligada ynamly saklanyp galyp, geljekki ýyllarda öňdäki orunlar ugrunda göreşmek. Topar agzybir, ýaşamak, taýýarlanmak üçin gowy mümkinçilikler döredilen. Esasy düzümde oýnaýanlygym bolsa has-da kämilleşmegime uly itergi berýär.

– Toparyňyzda daşary ýurtly futbolçylar köpmi?

– Ukrainadan, Latwiýadan, Russiýadan, Kamerundan gelen oýunçylar hem-de özüm «Dnepriň» düzümindäki legionerler bolup durýarys.

– Bu ýurtda türkmen futbolçylarynyň öň oýnanlygy ýa-da oýnamanlygy bilen gyzyklanyp gördüňmi?

– Ýok, ýöne onuň ilkinjisi men bolmaly. Sebäbi, baranymyzyň yzysüre ýerli teleýaýlymyň habarçysynyň guran söhbetdeşliginde ol meniň belarus çempionatyndaky ilkinji türkmendigimi aýdypdy.

– Merdan, bu çempionatda size uly üstünlikleri arzuw edýäris. Indi şu wagta çenli gazanan üstünlikleriňi ýatlap geçseň.

– HTTU hem-de «Altyn Asyr» toparlary bilen ýurdumyzyň çempiony bolmak miýesser edipdi.

– Milli ýygyndymyza ilkinji gezek haçan çagyryldyň?

– Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň baş tälimçiliginde ýurdumyzyň baş toparynyň köýnekçesini geýip, şu ýyl ilkinji gezek meýdança çykyp gördüm. Bolgariýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolanymyzda, ýerli «Wareýa» hem-de «Pirin» toparlarynyň garşysyna geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklarynda-da oýnadym welin, Aziýanyň çempionatynyň saýlama tapgyrynda myhmançylykda Singapur bilen bolan oýunda meýdança çykmagym milli ýygyndymyzyň hataryndaky ilkinji resmi duşuşygym hökmünde hakydamda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlama bolup galar.

– Şu wagta çenli futbol ýoluňdaky iň owadan pökgiň hem-de iň şowly oýnuň hökmünde anyk mysallary getirip biljekmi?

– Özüm üçin-ä oýnaýan toparymyň ýeňiş gazanan her bir oýny–şowly. Şeýle-de bolsa, iki duşuşygy mysal getiresim gelýär. Bir sapar HTTU toparynda çykyş edýärkäm «Daşogzy» 6:1 hasabynda ýeňipdik. Şonda 5 pökgini geçirmäge ýoldaşlaryma ýakyndan ýardam berip, bir pökginem özüm derwezä girizipdim. Şu ýyl «Ahal» «Merwi» 5:1 hasabynda ýeňende üçünji pökgini 2 oýunçyny aldawa salyp, uzak aralykdan depip geçiripdim. Şolam häzire çenli iň owadan pökgim bolan bolsa gerek.

– Merdan, nirede, haýsy toparda oýnasaňam diňe ýeňişleriň, üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!

– Sag boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar