BAE-niň jiu-jitsu boýunça toparynyň maksady Aşgabat 2017-niň medallaryny gazanmak

0
5137

Birleşen Arap Emirlikleriniň  jiu-jitsu boýunça millli ýygyndy toparynyň sentýabr aýynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryndaky maksady medallarynyň sanyny artdyrmakdyr. 

BAE-niň Jiu-jitsu federasiýasy häzirki wagtda 20 sany türgeni, şol  sanda 6 sany zenan türgeni taýýarlaýar we maksatnama girizilen söweş sport görnüşleriniň arasynda iň giň ýaýran söweş sungaty boýunça azyndan 10 sany medal gazanmagy meýilleşdirýär.

BAE-niň Milli Olimpiýa komiteti Aşgabat 2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň 11 görnüşi boýunça ýaryşlara öz türgenlerini gatnaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Bularyň içinde jiu-jitsu boýunça ýygyndy toparyna has uly ynam bildirilýär. Toparyň şu aýyň dowamynda Wýetnamyň Hanoý şäherinde geçiriljek jiu-jitsu boýunça II Aziýa çempionatyna gatnaşmagy Aşgabat 2017-ä taýýarlyk görmek çärelerine girýär.

BAE-niň Jiu-jitsu federasiýasynyň tehniki direktory Ýusuf Al Beluşi toparyň taýýarlyk işleri we maksatlary barada şeýle belledi: “Biz toparyň öňünde aýdyň maksatlary goýduk. Wýetnamda geçjek Aziýa çempionaty Aşgabatdaky ýaryşyň öňüsyrasyndaky taýýarlyk bolar. Aziýa kenarýaka oýunlarynda (2016-njy ýylyň sentýabr-oktýabrynda Wýetnamyň Danang şäherinde geçirildi) biziň jiu-jitsu boýunça toparymyz 9 medal gazandy. Men türgenlerimiziň öňki üstünligini gaýtalajakdygyna we has ýokary netije görkezjekdigine ynanýaryn. Olar eýýäm 9 medal alyp bilýändigini görkezdiler, diýmek, indiki maksadymyz – üstünligimizi artdyrmak”.

Toparyň agzalary, esasan talyplar, üçin tomusky dynç alyş Braziliýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Ol ýerde topar günorta amerikaly ussat tälimçileriniň ýolbaşçylygynda güýçli depginde türgenleşik geçýärler.

Şeýle ýaş toparyň uzak möhletli meýilnamalarynyň bolmagy sportuň şu görnüşi Olimpiýa maksatnamasyna goşulan ýagdaýynda wekilleriň taýýarlykly boljakdygyny aňladýar.

Al Beluşi sözüni: “Biziň taýýarlaýan türgenlerimizden ýokary netijeleri we üstünlikleri garaşýarys, esasy maksadymyz bolsa 2024-nji ýylda geçjek Olimpiýa oýunlarynda iň köp medal alan ýeke-täk topar bolmak” diýip dowam etdi.

Türgenleşikden daşary BAE-niň Jiu-jitsu federasiýasy sportuň häzirki zaman talaplaryny göz öňünde tutup, toparyň ruhy taýdan taýýar bolmagyna köp üns berýär.

“Biz türgenler üçin ýörite psihologik okuw tapgyrlaryny geçirýäris. Emma topar Türkmenistana gitmezden bir hepde öňünden doly iş wagtyna ýörite psiholog hünärmeni geler we türgenler bilen işlär. Psihologyň wezipesi ýaş türgenlerde, tolgunmak duýgularyny aýyrmakdyr. Bu häzirkizaman sport we biz onuň talaplaryna gabat gelmelidiris. Dogrymy aýtsam, 6 sany zenan türgenimiz üçin bu ýaryş özüne bolan ynamyny artdyrmak üçin tejribedir, emma erkek türgenlerimizden biz diňe altyn medallara garaşýarys. Biz topar üçin ähli zerur bolan şertleri döretdik. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyp, biz üstünlikli netije gazanarys” diýip, Al Beluşi öz sözüni jemledi.

3 günüň dowamynda, 16-njy we 18-19-njy sentýabrda Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriljek Aşgabat 2017-niň jiu-jitsu boýunça ýaryşyň netijesinde 7 gezek medal gowşuryş dabarasy geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar