Türkmen bilýardçylarynyň ýygyndy toparyny Aziada Ýernar Çimbaýew taýýarlaýar

0
9284

„Älemgoşar“ klubyna golaýlaşanyňdan bilýard şarlarynyň sesi gelýär, bu bolsa dürli tilsimlerini öwrenýändiklerine şaýatlyk edýär. Wagtal-wagtal bilýard stoluna gelip suratlara, shemalara syn edýärler. Olary gazagystanly hünärmen, rus bilýardy boýunça dünýäniň çempiony Ýernar Çimbaýew taýýarlaýar, onuň kömekçisi, türkmenistanly Şirgaly Babaýew dagy türgenleriň ýanyna golaý baryp, olaryň oýnuna syn edýärler. Türkmenistanyň Bilýard federasiýasynyň ýolbaşçysy, ýygyndy toparyň kapitanyň Batyr Aşyrow şeýle gürrüň berýä. 

– Biz iň güýçli oýunçylaryň 20-sini Aşgabada çagyryp, olar bilen „Aşgabat 2017“ Oýunlaryna girizilen bilýardyň her görnüşi bilen maksada gönükdirilen taýýarlyk geçip ugradyk,– diýip Batyr gürrüň berýär.-Olaryň bir görnüşi -rus bilýardynyň üç görnüşi: erkin, dinamik we garyşyk piramida görnüşleri bar, olaryň hersinde ildeşlerimiziň dördüsi çykyş eder. Bilýardyň has çylşyrymly görnüşlerinde-amerikan puly, karamboli, snuker görnüşlerinde bolsa iki oýunçy ýurdumyza wekilçilik eder. 

Täze baş tälimçi Ýernar Çimbaýew oýnuň ähli aýratynlyklaryna belet, tejribe başarnygam ýeterlik. Türkmenistanda oýnuň şu görnüşleriniň ozal oýnalmanlygy-da belli bir derejede mesele bolup durýar. 

Batyr Aşyrow sözüni dowam edip şeýle diýdi: 

– Häziri ýygyndy toparyň oýunçylarynyň bu babatda ilkinjiler bolmaga mümkinçiligi bar... Olar bilýardyň snuker, karambol, pul ýaly görnüşlerini öwrenýärler... 

Olar tilsimleri, taktiki usullary, urgy tilsimleri bilen tapawutlanýarlar. Men türgenleriň işleýşinden razy. Olar ýurtda professional bilýardyň gözbaşynda durandyklaryna buýsanyp bilerler. 

– „Aşgabat 2017“ Oýunlarynda bilýardyň dürli görnüşlerinde çykyş etjekler belli boldumy? 

– Ýygyndy toparda 20 adam—Amanmämmet Annamämmedow, Begenç Aýdogdyýew, Nurberdi Ataýew, Ibabekir Bekdurdyýew, Kemaleddin Babaýew, Baýramgeldi Çakanow, Kerim Çakanow, Batyr Geldiýew, Süleýman Ilamanow, Begenç Jumagulyýew, Eziz Durdyýew, Serdar Myratberdiýew, Serdar Meredow, Garly Sowetow, Ruslanbek Karanow, Şamuhammet Täşliýew, Şöhrat Metdiýew, Annanur Sähedow, Ybraýym Seýitnyýazow, Bekmyrat Bekmyradow dagy bar. 

Görşüňiz ýaly, dalaşgärler kän, bar zat olarň taýýarlygyna we garşydaşlarymyzyň derejesine bagly.Toparda pulda we piramidada gowy çykyş edip biljek 6-7 oýunçy bar, olar hem ähli görnüşde ýurdumyza wekilçilik ederler...Olara üstünlik arzuw edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar