“CNPC” kompaniýasynyň resmi hyzmatdaşlygy yglan edildi

0
9939

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti “CNPC” korporasiýasynyň Aşgabat 2017 oýunlaryna resmi hyzmatdaş hökmünde gatnaşjakdygyny buýsanç bilen yglan etdi.

“Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC)” Hytaýyň esasy we iň uly nebitgaz öndürijisi we üpjünçisidir. Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz korporasiýalarynyň biri “CNPC” kompaniýasynyň esasy maksady köpçüligi energiýa çeşmesi bilen üpjün etmekdir we şol bir wagtyň özünde önümçiligiň deňagramly ösüşi we daşky gurşawyň howpsuzlygy üçin ähli zerur şertleri döretmekdir. 

“CNPC” kompaniýasy sporty ösdürmekde we ilatyň saglygyny berkitmekde maýadar bolup durýar. Pekin 2008 Olimpiýa oýunlarynyň nebit we gaz boýunça hyzmatdaşy hökmünde, “CNPC” kompaniýasy Olimpiýa alawynyň estafetasyny ýangyç bilen we Pekinde hem-de Hytaýyň beýleki şäherlerinde ýerleşýän Oýunlaryň desgalaryny tebigy gaz bilen üpjün etdi.

Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew şeýle diýdi: “Biz üçin “CNPC” kompaniýasynyň resmi hyzmatdaş hökmünde Oýunlara goşulýandygy örän buýsandyryjydyr. Dünýä ýüzünde giňden tanalýan kompaniýalaryň ýene biriniň Aşgabat 2017 toparynyň agzasy bolmagy Aşgabat 2017-niň giň gerimlidiginiň we Oýunlaryň ýokary derejede geçjekdiginiň aýdyň subutnamasydyr”.

“CNPC” kompaniýasy Türkmenistanyň çäginde 10 ýyldan bäri işlerini üstünlikli amala aşyryp, geçirilýän medeni, bilim, lukmançylyk we sport maksatnamalary goldaýar. “CNPC” kompaniýasy sportuň futbol, hokkeý, söweş sungaty we taekwondo ýaly görnüşleri boýunça çykyş edýän türkmen toparlarynyň hemaýatkäri hökmünde özüni tanatdy. 

“CNPC” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň Baş müdiri Li Shuliangşeýle belledi: “Aşgabat 2017-niň geçirilmegi Türkmenistanyň bütindünýä sport hereketine ägirt uly goşant goşýandygyny subut edýär. Ýokary derejede geçirilýän halkara sport ýaryşynyň bir bölegi boljakdygymyz biz üçin örän tolgundyryjydyr”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar