Aşgabat 2017-niň meýletinçileriniň güýçli depginde geçýän tälimçilik okuwlary

0
6475

Sentýabr aýynyň 17-sinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna 50 günden az wagt galdy we meýletinçileriň ýüzlerçesi öz topar ýolbaşçylarynyň  tälimçilik okuwyny tamamlap barýarlar. 

“Ilkinji ýyldyzlar” maksatnamasynyň çäginde geçirilýän tälimçilik okuwlary Merkezi Aziýanyň iň uly köpugurly sport dabarasynyň öňüsyrasyndaky taýýarlyk hereketiniň bir tapgyrydyr. Topar ýolbaşçylary Aşgabat 2017-ä gatnaşjak 8000 meýletinçiniň içinden saýlandylar. 

Aglabasy talyp bolan meýletinçilere tälimçilik okuwlarynda Oýunlar döwründe topara ýolbaşçylyk etmek üçin zerur bolan endikler we bilimler barada esasy maglumatlar berilýär. 

Her bir topar ýolbaşçysy aragatnaşygy ýola goýmagyň, duşuşyklary geçirmegiň hem-de topar agzalaryna dogry maglumaty habar bermegiň netijeli usullaryny we tiz depginde geçjek Oýunlaryň gurşawynda özüni ynamly alyp barmagy öwrenýär. 

Guşakly göreş, türkmen milli göreşi we sport göreşi boýunça ýaryşlaryň geçjek ýeri bolan Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda (MIA) geçirilen okuw tapgyrynda käbir talyplaryň Oýunlaryň başlanmagyna we öz öwrenen zatlaryny tejribede ulanmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýandygy bildirdiler.

Oýunlaryň geçýän şäheriniň ýaşaýjysy 22 ýaşly Atajan Agageldiýew ähli berilýän maglumaty öwrenmek üçin öz ukyp-başarnygyny gaýgyrmaýandygy barada  aýtdy: “Men okuwymy tamamlanymdan soňra dolandyryjy bolmagy arzuw edýärin we häzirden işleri nähili dolandyrmalydygyny öwrenýärin. Men işde sabyrly bolmagy, başga adamlar bilen aragatnaşyk saklamagy we wagtymy netijeli meýilleşdirmegi öwrenýärin”.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda terjimeçilik hünäri boýunça bilim alýan Jennet Bekmämmedowa Oýunlarda meýletinçi bolmagyň durmuşda duş gelýän ýeketäk mümkinçilikdigini belledi. 19 ýaşly talyp şeýle diýdi: “Bu biziň ýurdumyzda geçirilýän ilkinji uly çäredir we meýletinçi bolmak üçin ilkinji mümkinçilikdir. Bu bolsa meniň meýletinçi bolmagymyň sebäbidir. Men öz üstümde köp işlärin we dürli meseleleri çözmäge ukyply bolaryn. Men dürli ýurtlardan gelen adamlar bilen gürrüň etmeli boljagyma örän şat. Bu meniň geljekki zähmet ýolumda gazanjak üstünliklerime uly täsir ýetirer”.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar