Katarly zenanlar Aşgabat 2017-ä taýýarlyk görýärler

0
4033

Katar Aşgabat şäherinde 17-27-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşjak mynasyp wekillerini iberip, ýaryşyň geçirilmegine öz täsirini ýetirer.

2022-nji ýylyň futbol boýunça Dünýä kubogyny geçirmäge hukuk gazanandan soňra, Katar dürli ugurlar boýunça sport äleminiň ünsüni özüne çekmegi başardy .

2010-njy ýylda wajyp karar yglan edileninden soňra Katar döwleti ýolbaşçylary tarapyndan ýurduň içinde, esasan hem zenanlaryň arasynda sport bilen meşgullanmaga döredilen mümkinçilikleri öňe sürmek boýunça köpsanly çäreler geçirýärler.

Şeýle hem, Katar zenan türgenleriň Londonda 2012-nji ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek gatnaşdyrmak babatda uly tagallalar etdi.

Ähli edilen aladalar ýerine düşdi. Nur Al-Malki (sprinter), Nada Arkaji (suwda ýüzmek), Bahiýa Al-Hamad (ýaýdan ok atmak) we Aýa Maýdi (stolüsti tennis) London olimpiadasynda taryha girmegi başardylar.

Dört ýyl geçenden soň Rio-de-Žaneýroda katarly zenanlar ýene-de hemmeleriň ünsüni çekmegi başardylar. Bu Oýunlara katarly türgenleriň rekord sany, ýagny 38-si, şol sanda hem Arkaji we Dalal Al-Harit (400 m) gatnaşdylar.

Ýygyndy toparyndaky zenanlaryň sany gün-günden artýar. Az ilatly bolan Kataryň arasynda ussat zenan türgenleri tapmak we olary halkara derejesinde çykyş eder ýaly taýýarlamak boýunça maýa goýmalar dowam edýär.

Kataryň Olimpiýa komitetiniň baş kätibi Tani Abdulrahman Al-Kuwari ýaňy-ýakynda habarçylara şeýle diýdi: “Meniň pikirimçe, zenanlaryň sany köpeler.”

Esasy kynçylyk Kataryň kiçi ilatydyr. Bu ýurt 2,7 million raýatyň watany bolsa-da, olaryň diňe 310 000-si katarlydyr. Geçen asyrda zenanlar üçin ýokary derejeli sportda çykyş etmek hem çylşyrymly meseledi. Emma ussat türgenler bilen deň hatarda çykyş etmek höwesi hiç haçan öçmez. Aşgabat 2017-niň sahnasy katarly türgenler üçin öz gazanan üstünliklerini görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.

Ene topragynda netijeli üstünlikler barada täzelikleriň gelmegi dowam edýär we Kataryň ilkinji zenan çapyksuwarlary atly sport boýunça ýaryşlara ýokary depginde taýýarlyk görýärler.

Doha şäherinde mart aýynda Pars aýlagynyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň agzalary bolan ýurtlaryň gatnaşmagynda Pars aýlagyň zenanlar oýunlary geçirildi. Bu Oýunlarda Katar toparlaýyn hasapda 60 medal, şol sanda sportuň ýeňil atletika, küşt, gylyçlaşma, taekwondo, gandbol we basketbol görnüşleri boýunça 21 sany altyn medal gazanyp, medal sany boýunça birinji orna mynasyp boldy.

Al-Kuwari öz sözüni şeýle dowam etdi: “Biziň gazanan ýeňşimiz Katarda köp zenanlarda milli ýygyndy toparyň bir bölegi bolmaga höwes döretdi. Ýaryş geçirilýän döwri topara goşulmak üçin birnäçe oýunçylar ýüz tutmalaryny tabşyrdylar. Biz üçin muny synlamak diýseň buýsandyryjydyr”.

Häzirki wagtda Aşgabat 2017-ä gatnaşjak katarly türgenleriň sanawy tassyklanýar. Olaryň arasynda zenanlaryň köpüsi ýöne gatnaşmak üçin däl-de, medal gazanmak üçin gelýändirler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar