Türkmen tansçylary öz ussatlygyny görkezmäge taýýar

0
5851

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde geçiriljek sportuň iň söýgüli görnüşleriniň biri bolan tans sporty boýunça 2017-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda başlaýan ýaryş ýerli janköýerleriň bar ünsüni özüne çeker. 
 
 Dört ýylda bir geçirilýän ýaryşa ýer eýeleriniň adyndan 10 türgen gatnaşar. Olaryň arasynda iň tejribelisi 29 ýaşly Aleksandr Sisekin bolup durýar. Ol birnäçe halkara bäsleşiklere gatnaşyp, 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen tans sporty boýunça bäsleşikde kümüş medaly gazanmagy başardy.    

Geçen ýyl Aleksandr 22 ýaşly Waleriýa Nepomnaşaýa bilen bilelikde Aşgabat 2017 oýunlaryna gatnaşmak üçin geçirilen saýlap-seçiş tapgyrynda altyn medala mynasyp boldular. Öňümizdäki sentýabr aýyndaky ýaryşda Sisekin bilen Waleriýa latyn tanslary boýunça çykyş ederler.   
 
Aleksandr ildeşleriniň goldawy özüne has ynam berýändigi aýdyp, şeýle diýdi: “Men köp wagtdan bäri Waleriýa bilen tans edip gelýän, ikimiz hem tansda özümizi örän ynamly duýýarys. Biz biri-birimiziň tans usullarymyzy gowy bilýändigimiz üçin sazlaşykly tans edýäris we öz Watanymyzda altyn medaly gazanjakdygymyza ynanýarys”.   

Aleksandr toparyň iň tejribeli tansçysy bolýan bolsa, Meýlis Atabaýew täze türgenleriň biridir. Meýlis Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde gulluk edýär. Ol tans sporty bilen iki ýyl bäri meşgullanýar we üstünlik gazanmagy-da başardy.  
 
19 ýaşly Meýlis şeýle diýýär: “Men Türkmenistanyň ýaragly güýçler bölüminde gulluk edýärin. Öň söweş sungatlary bilen meşgullanýardym. Ýöne soňra men tansa bolan ukybymyň bardygyna düşündim we iki ýyl mundan öň tans sportuna gatnap başladym. Günüň dowamynda iki gezekden jemi 6 sagat türgenleşik geçýärin. 
 
Meýlis bilen çykyş edýän özünden iki ýaş kiçi Lidiýa Gogolewa bolsa tansa 5 ýaşyndan bäri gatnaýar. Ýetip gelýän sentýabrdaky Oyunlarda Meýlis bilen Lidiýa jaýw we haýal fokstrot boýunça ýaryşlarda çykyş ederler. 

“Men ilki nusgawy tanslara gatnap başladym, soňra balet bilen meşgullanyp başladym. Biraz wagt soňra bal tanslary bilen gyzyklandym we gatnap başladym. Tans – meniň durmuşym, men okuwdan boş wagtlarym diňe tans bilen gyzyklanýaryn. Aşgabat 2017-de bäsleşmek bu meniň arzuwymyň hasyl bolmagydyr. Men öz gezegimde bu mümkinçiligi elimden gidirmerin” diýip, yakyn wagtda orta mekdebiň 10-njy synp synaglaryny tabşyran Gogolewa öz pikirlerini paýlaşdy.   
Ahmet Gylyjow bilen Anastasiýa Ýužakowa tango we pasadobl boýunça ýaryşlara gatnaşarlar, Nikita Swýatelik bilen Mariýa Korçagina sambo we walsda öz ukyplaryny görkezerler. Tahyr Şebekow bilen Darýa Gokowa – 25-26-njy sentýabrda Taekwondo we tans sport arenasynda tans sporty boýunça ýaryşda Türkmenistanyň adyndan çykyş etjek 5-nji tansçylar toparydyr.    

Sentýabr aýynda geçiriljek sport baýramçylygynda Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrjak tans sportunyň türgenleri özleriniň ussatlygy bilen hemmeleri haýran galdyrjakdygyna ynanýarys. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar