Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2015: 26-njy tapgyryň «Hazyna» — «Energetik» duşuşygyndan soňra gyzykly hasaplamalar

0
6895

«Hazyna» utuk toplaýar: Baş tälimçisiniň we düzüminden ep-esli oýunçynyň ýurdumyzyň 19 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň hatarynda Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryna gatnaşandygy üçin «Hazyna» futbol toparynyň Ýokary ligadaky soňky 3 oýnuny geçirmändigini ýene bir gezek ýatladýarys. Senesi üýtgedilen duşuşyklarynyň her birini aýratyn aýda geçirjek «Hazyna» şolaryň ilkinjisini üstünlik bilen jemläp, utugyny artdyrdy.

«Hazyna» HTTU-dyr «Merwi» ýetip bilermi: Häzir «ykdysadyýetçiler» HTTU-dan 3, «Merwden» bolsa 2 utuk yzda. Ýöne ätiýaçda duran iki oýun hem bar. Diýmek, «Hazyna» biraz tijense, ýaryş tertibindäki ornuny gowulandyryp biler. Ýöne öňdäki garşydaşlaryň indi «Energetik» däldigini hem nazarda tutmak gerek. «Ykdysadyýetçiler» senesi üýtgedilen indiki duşuşyklaryny HTTU hem-de «Altyn asyr» bilen geçirerler.

«Hazyna-da» 30 utuk toplady: Şu duşuşykda gazanylan ýeňişden soň, «Hazyna» Ýokary ligadaky ilkinji möwsüminde toplan utuklarynyň sanyny 30-a çykardy we topar şu möwsümde 30 utuk toplan 8-nji topar boldy. «Energetikdir» «Daşoguza» bolsa 30 utuk entek has uzakda görünýär...

Ýokary ligada ýubileý ýeňiş: Düşündirişi örän sada. «Hazyna» şu duşuşykda Ýokary ligadaky 10-njy ýeňşini gazandy.

Ýokary ligada «ýubileý» ýeňliş: Bu duşuşyk «Energetik» üçin hem özboluşly «ýubileý». Ýokary liganyň şowsuz toparlarynyň biri bolan «energetikçiler» şu möwsümde myhmançylykda geçiren duşuşyklarynda 10-njy gezek ýeňildiler.

Deňleşdi: Şu duşuşykdan soňra, «Hazynanyň» Ýokary ligada garşydaş derwezelere geçiren goly bilen öz derwezesine goýberden pökgüleriniň sany deňleşdi. Indi «Hazynanyň» Ýokary ligadaky pökgi gatnaşygy: 39-39.

Her toparda bir dubl: Gurban Annaýew şu möwsümde eýýäm ikinji gezek bir duşuşykda iki gol geçirdi. Täsin tarapy şol dubllary aýratyn toparlarda amala aşyranlygydyr. Gurban möwsümdäki ilkinji dublyny 3-nji tapgyrda «Ahalyň» düzüminde oýnaýarka amala aşyrypdy.

19 golly ýeketäk tapgyr: Şeýlelikde, 26-njy tapgyr dolulygyna tamamlandy. Tapgyrda derwezlere jemi 19 gol geçrildi. Täsin tarapy Ýokary liganyň 23-nji möwsüminde, ýagny şu ýyl entek 19 gol bilen tamamlanan ýekeje tapgyr hem ýok. Şu wagta çenli tapgyrlardaky gollaryň sany 19-da ýa kän boldy, ýa-da az.

30 utuk 40 gol: Şu duşuşykdan soňra, «Hazyna» möwsümde garşydaş derwezelere 40 gol geçiren 6-njy topar boldy.

Gurban Annaýew «Hazynanyň» golçularynyň sanawynda: Gurban Annaýew «Hazyna» toparynyň Ýokary ligadaky bombardirleriniň sanawynda toparda geçiren 4 goly bilen 3-nji orna geçdi. «Hazynanyň» Ýokary ligada geçiren oýunlarynda Guwanç Abylowyň 14, Didar Durdyýewiň 12 goly bar.  

Üç oýundan soň «Hazyna» — «Energetik»: Şu ýylky «Hazyna» — «Energetik» duşuşyklarynyň üçüsi hem «ykdysadyýetçileriň» peýdasyna tamamlandy. Gollaryň gatnaşygy: «Hazyna» 9-1 «Energetik». Toparlar dördünji aýlawda hem bir gezek duşuşarlar. Ol duşuşyk «Energetigiň» meýdanynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar