Taryhda Türkmenistan — Hindistan duşuşyklary

0
8900

2008-nji ýylyň 3-nji awgusty: Aziýanyň çagyryş kubogy.

Türkmenistan 1 — 2 Hindistan

Gollar:

0-1, Baiçung Bhutia 54’

0-2, Baiçung Bhutia 80’

1-2, Ýusup Orazmämmedow 84’.

Bagtyýar Hojaahmedow, Serdar Geldiýew dagylar şol duşuşykda hem milli ýygyndymyzyň düzümindedi.

 

2010-njy ýylyň 19-njy fewraly: Aziýanyň çagyryş Kubogy.

Türkmenistan  1 — 0 Hindistan

Gol:

1-0, Mämmedaly Garadanow 24’ (pen).

Berdi Şamyradow, Dawid Sarkisow, Ruslan Mingazow, Arslanmyrat Amanow dagylar şol duşuşykda hem milli ýygyndymyzyň düzümindedi.

 

2011-nji ýylyň 25-nji marty: Aziýanyň çagyryş Kubogynyň saýlama ýaryşlary:

Türkmenistan 1 — 1 Hindistan

Gollar:

1-0, Gahrymanberdi Çoňkaýew 52’ (pen)

1-1, Jeje Lalpekhlua 60’.

 

 Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda:

— Ýurdumyzyň milli ýygyndysy şu güne çenli 3 duşuşyk geçirdi;

— Ilkinji duşuşykda myhmançylykda Guamyň milli ýygyndysyndan 1:0 hasabynda ýeňildi;

— ikinji duşuşyk Daşoguz şäherinde geçirildi. Eýranyň milli ýygyndysy bilen bolan duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlanyp, Türkmenistan ilkinji utugyny aldy.

— Şu wagtda çenli saýlama tapgyrda Eýranyň milli ýygyndysynyň ýeňip bilmedik ýeketäk ýygyndysy ildeşlerimizdir.

— Türkmen futbolçylary üçünji duşuşygynda Omanyň milli ýygyndysyndan 3:1 hasabynda asgyn geldiler.

— FIFA-nyň oktýabr aýyndaky reýtingine görä, türkmen futbolçylary dünýä ýygyndylarynyň arasynda 155-nji, Aziýa boýunça 26-njy orunda.

— Toparçalarda 4-nji orun alan milli ýygyndylaryň Aziýa çempionatynyň üçünji saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukugy bar. Häzir ähli toparçalarda dördünji orny eýeleýän milli ýygyndylaryň arasynda Türkmenistanyň ýygyndysy iň ýokary netijäni görkezýär. Toparçalarda dördünji orny eýeleýän milli ýygyndylaryň içinde diňe Türkmenistanyň ýyygndysynyň bir utugy bar, galanlary entek utuk gazanyp bilenok.

— Saýlama duşuşyklarynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň iki goly bar. Olaryň biri Ruslan Mingazowa, ikinjisi Arslanmyrat Amanowa degişli.

 

 

Muny bilýärdiňizmi?

— Saýlama duşuşyklarynda Eýranyň milli ýygyndysynyň derwezesine ýekeje gol geçirildi. Ol goluň hem awtory türkmen futbolçysy Ruslan Mingazow.

 

Hindistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda:

— Hindistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bu ýaryşa birinji saýlama tapgyryndan gatnaşdylar. Utulan çykdy görnüşinde geçirilen şol tapgyrda hindi futbolçylary Nepalyň ýygyndysyny iki duşuşygyň netijesinde 2:0 hasabynda ýeňip, ikinji saýlama tapgyryna çykmaga hukuk gazandylar.

— Ikinji saýlama tapgyrynda ildeşlerimiz bilen bir toparça düşen Hindistanyň milli ýygyndysy ilkinji duşuşygynda öz meýdanynda Omanyň ýyygndysyndan 2:1 hasabynda asgyn geldi.

— Ikinji oýunda Guama myhman bolan Hindistanyň ýygyndysy ýene şol hasap bilen ýeňildi.

— Hindistanyň milli ýygyndysy toparçadaky üçünji duşuşygyny hem öz meýdanynda geçirip, bu gezek Eýranyň ýygyndysyndan 3:0 hasabynda ýeňildi.

— Hindistanyň ýygyndysynyň saýlama duşuşyklardaky iň netijeli futbolçysy, toparyň kapitany Sunil Çetri. 31 ýaşly hüjümçi birinji we ikinji saýlama tapgyrlaryndan soň derwezelere jemi 5 pökgi geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar