Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň Kubogy — 2015»: «Köpetdag» — «Energetik» duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar:

0
4362

«Energetigiň» 1-nji ýarymy: Şu duşuşykda ilkinji bolup hasaby açan «Energetik» topary Türkmenistanyň Kubogy ugrunda geçiren duşuşyklarynyň üçüsinde-de derwezelere diňe duşuşygyň birinji ýarymynda gol geçirip bildi. Bu gezek hem Kerim Hojaberdiýew 12-nji minutda myhmanlary öňe çykardy.

Hojalygurban Türkmenistanyň Kubogynyň iň gowusy: Şu duşuşykda iki gezek tapawutlanyp, iki duşuşykda 3 gol geçiren Hojalygurban Öwezow («Köpetdag») Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda birinji orna çykdy.

Hojaberdiýew «Energetigiň» umydy: Iň netijeli hüjümçileriň sanawynda ikinji orna çykan Kerim Hojaberdiýew Kubok ýaryşlarynda-da «Energetigiň» umydyna öwrülýär.

«Köpetdagyň» ýeňişli ýoly: «Köpetdag» häzirlikçe Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda bir gezek hem utulmadyk topardyr.

Deň ýary: Yzda galan üç duşuşykda garşydaş derwezelere 4 gol geçiren «Energetik» öz derwezesine 2 pökgi geçirtdi.

5-e 1: Üç duşuşykda garşydaş derwezelere 5 gol geçiren «Köpetdag» öz derwezesine bary-ýogy ýekeje pökgi goýberdi.

«Taryha girdiler»: Belki, bir mahal öňümizden şeýle bir sowal çykyp biler?! «Türkmenistanyň Kubogyny gazanmak ugrundaky ýaryşlaryň taryhynda «Energetik» toparynyň derwezesinde ilkinji pökgini kim geçirdi?» Edil şeýle sowal «Köpetdag» topary hakynda hem berlip biler. Şol mahal şu duşuşygy ýatlalyň! Kerim Hojaberdiýew «Köpetdag» futbol toparynyň Türkmenistanyň futbol Kubogy bilen baglanyşykly taryhynda derwezesinden ilkinji gol geçiren futbolçydyr. Şonuň ýaly hem Hojalygurban Öwezow Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda «Energetigiň» derwezesine ilkinji goly geçiren futbolçy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar