Hurma: Remezan aýynyň behişdi miwesi

0
31339

Remezan aýynda hurmalara uly isleg bildirilýär. Sebäbi bu süýjülik diňe bir tagamly bolman, eýsem ol ýokumly maddalara hem baýdyr, bu bolsa olary Oraza baýramynda dogry iýmitlenmek üçin amatly önüme öwürýär.

Hurma barada nämeleri bilmeli?

Hurma — tropiki ýerlerde ösýän palma agajynyň miwesi. Uly bolmadyk ter hurmalaryň reňki sary we gyzyl reňkden garamtyl-goňur reňke çenli dürli hili bolup bilýär. Satuwa bolsa köplenç guradylan miweler görnüşinde çykarylýar. Hurmanyň gabygy näçe ýylmanak bolsa, ol şonça-da ter bolýar.

Hurmanyň nähili peýdasy bar?

Hurma köp sanly minerallary (mis, demir, magniý, sink, marganes, kaliý, kalsiý, ftor), witaminleri (A, C, B1, B2, B6), antioksidantlary we süýümi özünde jemleýär.

B topara degişli witaminler nerw dartgynlylygyny we depressiýany aýryp, merkezi nerw ulgamyna peýdaly täsir edýär. Hurmadaky minerallar ýürek-damar ulgamynyň işleýşini gowulandyrýar. Antioksidantlar düwnük töwekgelçiligini azaldýar we süýüm iýmit siňdirişini kadalaşdyrýar, şeýle hem madda çalşygyny kadalaşdyrýar.

Günde näçe sany hurma iýmek bolýar?

Maslahat berilýän mukdary — günde 25 gramdan (2 — 5 sany) köp bolmaly däldir.

Kimlere iýmek bolmaýar?

Hurmany şu ýagdaýlarda iýmekden saklanmaly:

• hurma allergiýanyň bolan ýagdaýynda;
• süýji keselinde, aşa semizlikde;
• aşgazanyň turşulygynyň ýokarlanmagy, içege sindromynda.

Hurmany nädip saýlamaly?

Ýokary hilli hurmalar ele ýelmeşip durmaýar we ýagdan ýaňa ýaldyramaýar. Önümiň daşynda şekeriň ýa-da ýagyň alamatynyň bolmagy, onuň şeker siropy ýa-da ýag ergini bilen gaýtadan işlenilendigini aňladýar.

Önümiň daşyndaky belligi üns bilen okaň!

Onda şeýle görkezilmeli: önümiň ady, düzümi, mukdary, öndürilen senesi, peýdalylyk möhleti, saklanyş şertleri, iýmitlik gymmaty, öndürijiniň ady we ýerleşýän ýeri, ulanyş baradaky maslahatlar we çäklendirmeler, şeýle hem düzüminde GMO-nyň barlygy ýa ýoklugy baradaky maglumatlar.

Belliksiz ýa-da okap bolmaýan maglumatly hurmalary satyn almaň!

Hurmalary ýuwmak bolýarmy?

Hawa, hurmalar ýuwulmalydyr. Miweleri suwa az-azdan salyp, tiz ýuwup arassalaň. Ýalpyldawuk hurmalary, esasanam, daşynyň ýagyny aýyrmak üçin seresaplylyk bilen gowy edip ýuwmak gerekdir.

Hurmany nähili şertlerde saklamaly?

Ýuwlan we guradylan miweleri sowadyjyda saklamak maslahat berilýär. Guradylan hurmalar Gün şöhlesiniň düşmeýän ýerinde, garaňky ýerde saklanylmalydyr. Olary saklamagyň iň laýyk temperaturasy: howanyň çyglylygy 70% -den ýokary däl ýagdaýynda + 5 — + 20 ° C aralygy.

Hurma diňe bir lezzet berýän süýjülik bolman, eýsem gymmatly energiýa we iýmit çeşmesidir. Hurmany kadaly iýmek bilen, saglygyňyzy we özüňizi duýşuňyzy gowulandyrardyňyz.

Peýdalanylan çeşmeler: www.gov.kz

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar