Soňky habarlar

Arhiw

Myrat tapan maksat

0
9303

Meniň ony ilkinji gezek derwezäniň alkymynda görenime 16 ýyl dagy boluberipdir. Anyk senesi ýadymda däl, öz-ä ýaz günleriniň biridi. Häzirki Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň şol wagtky futbol meýdanynda paýtagtyň ýetginjekler toparlarynyň arasyndaky duşuşyga tomaşa etmek miýesser etdi. Şonda turuwbaşdan GOÝÇÝSM-niň derwezeçisi ünsümi özüne çekdi. Hereketlerinde ýetginjekler futboluna mahsus ýalňyşlyklar duýulýan hem bolsa, uzyn boýy, «ýokary gatdaky» başarnygy, pökgä gorky-ürküsiz çykyşy ony garşydaş toparyň derwezeçisinden üzül-kesil tapawutlandyryp durdy.

Oýun tamamlanansoň, töwerekde duranlar Geljekki olimpiýaçylaryň futbol boýunça ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçisi Waleriý Krylowy ýeňiş bilen gutladylar. Elbetde, bizem çetde galyp bilmedik. Şonda kimdir biri toparyň birinji belgili oýunçysynyň adyny tutup, ýaňy bir öwüp başlady welin, Waleriý Wladimirowiç «ýuwaşrak» diýen äheňde yşarat edip, pessaý ses bilen düşündirmäge durdy: «Özüne eşitdirip beri gaty öwmäweriň. Munuň terbiýeçilik ähmiýeti bar. Elbetde, ylalaşýan, Maks üşükli oglan, ýaltalyk etmese, siz heniz bu ady eşidersiňiz».

Halypa ýalňyşman eken, eşitdik, özem sanlyja ýyldan. Stadionlarda diktorlaryň, telereportažlarda bolsa belli futbol teswirleýjimiz Amanmuhammet Çaryýewiň «Derwezäni Maksatmyrat Şamyradow goraýar» diýen sesleri ýygy-ýygydan gaýtalanyp başlady.

* * *  

Ol çagalykda deň-duşlarynyň köpüsi ýaly, eli pökgüli ýatyp-turmady. Oglanlyk ýyllary şol döwre gabat gelenem bolsa, ýaş derwezeçileriň birentegi ýaly, «Oba ýaşlary» žurnalynyň birnäçe sanynda çap edilen belli derwezeçi Rinat Dasaýewiň «Futbol durmuşy şeýle-dä» diýen görwümli eserinem okamady. Şeýle-de bolsa, günlerde bir gün çaga arzuwlarynda, oglan hyýalbentliginde orun alyp bilmedik ala-mula pökgi onuň durmuşynyň manysyna öwrüldi oturyberdi.

Onuň özünden iki ýaş kiçi jigisi Baýrammyrat tälimçi Çary Annamämmedowyň «GOÝÇÝSM — Laçyn» toparyna gatnaýardy. Bir ýola-da «Dagdan» stadionynda bu toparyň gatnaşmagynda ýaryş geçirilýär. Şonda Aşgabat şäherindäki Kerim Gurbannepesowyň adyny göterýän 52-nji orta mekdebiň 8-nji synpynda okap ýören Maksatmyrat kakasynyň raýyny ýykyp bilmän, ilkinji gezek stadionyň işiginden ätleýär. Ine, şol ýerde-de ykbal ony W.Krylowa duşurýar. Ýetginjegiň boýuny-syratyny synlap, ýaşy bilen gyzyklanan hünärmen «Tüýs maňa gerek oglan eken» diýip, ondan öz toparyna ýazylmagy, iň bolmanda, birki aý gatnap görmegi haýyş edýär.

— Nädip «bolýar» diýenime özümem düşänmän galdym — diýip, Maksatmyrat ýatlaýar. — Haçandyr bir wagt şeýle bolar diýip asla pikir edemokdym. Ýöne boljak bolsa bolaýýan eken.

Meniň bir häsiýetim bar, bir işiň başyny tutsam, öz öňümde maksat goýup, şoňa ýetmek üçin elimde baryny edýän. Bu meselede hem şeýle boldy, futbola deň-duşlarymdan birneme gijräk gelsem-de, alyp çykdym. Käte oturyp-oturyp «Bä-ä, adymy bilip dakypdyrlar-ow» diýenimi duýman galýan...

* * *  

Tutanýerli türgene çagalar-ýetginjekler futbolundan ussatlar toparyna düşmek üçin bary-ýogy iki-üç ýyl töweregi wagt gerek boldy. 17 ýaşly derwezeçi ýokary ligada çykyş edýän «Ahalyň» baş tälimçisi Rawil Aliýewiç Menzeleýewiň gözüne ildi we 2001-nji ýyldan bu toparyň ikinji derwezeçisi boldy.

2002—2004-nji ýyllar esgerlik döwri hökmünde ýatda galdy. Ol hem gulluk etdi, hem futbol oýnady. Tälimçi Amanmyrat Meredowyň «Serhetçi» toparynda has-da taplandy.

2004-nji ýylda ýaş derwezeçiniň durmuşynda ýatdan çykmajak iki waka bolup geçdi. Ol ilki ýurdumyzyň öňdebaryjy toparlarynyň biri bolan, öňki belli futbolçymyz Rahym Gurbanmämmedowyň ýolbaşçylyk edýän «Nisasyna» çakylyk aldy we bu toparyň düzüminde Türkmenistanyň wise-çempiony boldy. Soňra Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň menejment fakultetine okuwa girdi.

— Institutda bize sport ýolumyzy okuwymyz bilen utgaşykly alyp gitmäge döreden ähli mümkinçilikleri üçin ýokary okuw mekdebiniň şol wagtky ýolbaşçylygyna, hususan-da, Pürli Nurmämmedowiç Agamyradowa minnetdarlygymyň çägi ýok. Şol döwürde biz «Hazyna» futbol toparymyz bilen bassyr 3—4 ýyl milli Uniwersiadanyň ýeňijisi bolduk. Häzir bu topar Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynda çykyş edýär — diýip, Maksatmyrat gürrüň berýär.

2005-nji ýylda «Nisanyň» düzüminde Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň finalynda gazanylan ýeňiş, 2006-njy ýylda Türkmenistanyň Kubogynyň finaly, 2007—2008-nji ýyllarda gazanylan ýurdumyzyň çempionlygy M.Şamyradowyň baýraklar gaznasyny baýlaşdyrdy.

* * *  

2007—2014-nji ýyllar aralygynda dürli ýaryşlarda, dürli ýurtlarda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş eden ussatlyga ýetişen derwezeçi daşary ýurt hünärmenleriniň gözüne ilmän bilmedi. 2008-nji ýylyň ahyrraklaryna Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranyň «Naft» toparyndan çakylyk geldi. Näme etmeli?! Ýakynlary ikirjiňlense-de, Maksatmyrat özi üçin täze synag bolan bu teklibi ret edip biljek däldi. Onuň, hakykatdan-da, özüniň nämä ukyplydygyny, häzire çenli geçen ýolunda niçiksi derejä ýetendigini Braziliýa, Argentina, Serbiýa, Çernogoriýa, Kamerun ... ýaly dünýäniň dürli döwletlerinden bolan oýunçylaryň çykyş edýän çempionatynda saldarlap göresi geldi.

Başda ýeňil düşmese-de, ol bu ýerde kän zat öwrendi. Diňe bir alty aýlyk okuwlardan soň pars dilinde erkin gürlemegi däl, eýsem, başga-da köp endikleri ele aldy. Türgenleşige gijä galyp gelseň jerime, oýun wagty ýersiz-ýere sary ýa gyzyl petek alsaň ýene jerime... garaz, professional futboluň ähli synaglaryndan geçmeli boldy. Şol möwsümde «Naftyň» öz öňünde goýan maksatlaryna ýetmeginde — ýurduň çempionatynyň ýokary ligasynda çykyş etmäge hukuk gazanmagynda toparyň esasy derwezeçisi M.Şamyradowyň hem goşandy az bolmady.

Maksatmyrat soňra iki ýyllap Kermanyň «Gold Gouherinde» (EYR) derweze gorady. 2013—2014-nji ýyllarda Özbegistanyň ýokary ligasynyň wekili bolan Daşkent welaýatynyň «Almalygynyň» birinji belgili derwezeçisi boldy. Türkmen türgeni öz toparyna çempionatda bäşinji orny eýelemäge kömek etse-de, şol ýerde futbol durmuşyny tamamlamaga mejbur boldy. Bu barada ol şeýle gürrüň berýär:

— Elbetde, otuz bir ýaşda futbol bilen hoşlaşmak ýeňil düşmedi. Heniz birneme çykyş etjekdim. Ýöne agyr dyz şikesi muňa päsgel berdi. Herhal, ykbalymdan nägile däl. Hudaýa şükür, futbol meýdanynda gaty köp ýatda galyjy pursatlary başdan geçirdim.

* * *  

Maksatmyrat Şamyradow — häzir Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň syýahatçylyk fakultetiniň syýahatçylygy guramak we dolandyrmak kafedrasynyň mugallymy. Ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermek bilen bir hatarda ol futboldan hem doly daşlaşanok. Boş wagtlary Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» toparynyň derwezeçileri Mämmet Orazmuhammedow hem Batyr Geldiýew bilen iş alyp barýar. Elbetde, tejribeli derwezeçä olara aýdara-diýere zat bar.

Ol öz tejribesine daýanyp, derwezeçiligiň türkmen, eýran, özbek mekdepleriniň däpleridir aýratynlyklary, nusga alýan öňki derwezeçileri Wander Sar, Piter Şmeýhel we häzirki ussatlar Manuel Noýerdir Janluiji Buffon barada gürrüň bermäge-de ýetişýär.

Maksatmyradyň özi futbol durmuşynda diňe derweze goramak bilen meşgullanan hem bolsa name üçindir onuň bäş ýaşly ogly Şamyrat ýarym goragçylygy saýlap aldy.

— Bu onuň öz islegi — diýip, ussat derwezeçi ýylgyrýar. — Dogrusyny aýtsam-a begenýän. Sebäbi derweze goramagyň jogapkärçiligi has ýokary. Muny men öz mysalymdan bilýän. Galyberse-de, biziň üçin esasy zat, onuň ile-güne ýarap ýören gowy adam bolup ýetişmegi.

Biz onuň bu maksadynyň hem myrat tapjagyna pugta ynanýarys. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar