Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Peýdaly we lezzetli: gyşyna nähili çaý içmeli?

0
30532

Sowuk gyş agşamlarynda, hakykatdan-da, her kimiň lezzetli we hoşboý ysly çaýyň tagamyndan lezzet almak isleýändigi ikuçsuzdyr. «Turkmenportal» web saýty size diňe bir ýylylyk bermän, eýsem, saglygyňyza peýda getirjek miweli we ir-iýmişli çaýlaryň taýýarlanylyş usullaryny dykgatyňyza ýetirýär.

Kädili çaý

Goşundylary:

• 300 gr kädi püresi;
• 50 gr ýertudana püresi;
• 25 gr zenjebil;
• 1 dilim greýpfrut;
• 1 nahar çemçesi limon şiresi;
• 1 sany dalçyn taýajygy;
• 1 çümmük üwelen gyzyl burç;
• 25 g zenjebil köki;
• 200 ml gaýnag suw.

Kädi çaýyny taýýarlamak üçin zenjebili arassalap, gyrgyçda inçejik edip dogramaly. Ony beýleki goşundylar bilen birlikde çäýnege atyň. Üstüne gyzgyn suw guýup, 2-3 minut goýuň. Çaýy käselere guýup, içiberiň!

Ýyladyjy çaý

Goşundylary:

• 1 çümmük ýaprakly miweli çaý;
• 2 çümmük gury karkade çaýy;
• anisiň 1 ýyldyzjygy;
• 1 dalçyn taýajygy;
• islegiňize görä miwe;
• 200 ml gyzgyn suw.

Karkadeli miweli çaýy taýýarlamak üçin miweli çaý bilen karkadeniň garyndysyny gyzgyn, ýöne gaýnamaýan suw bilen goşuň. 4 minutlap dem aldyryň. Soňra çaýy bir stakana guýup, dalçyn we aniz goşuň. Isleseňiz 1 nahar çemçesi inçe dogralan miweleri hem goşup bilersiňiz. Garyşdyryň. Çaýyňyz taýýar boldy.

Almaly oblepiha çaýy

Goşundylary:

• 40 gr täze ýa-da doňdurylan oblepiha;
• 1/4 alma;
• 1 nahar çemçesi ary bal;
• 250 ml suw.

Oblepiha inçe dogralan almany we baly goşuň. Suw guýup, gaýnatmazdan 15-20 minutlap pes otda goýuň. Otdan aýranyňyzdan soň, çaýy, takmynan, 3 — 5 minutlap goýuň.

Düzüminde ýakymly ysly goşundylar bolan sitrusly çaý

Goşundylary:

• 1/2 käse suw;
• 3 sany dalçyn taýajygy;
• 1 apelsiniň şiresi we gabygy;
• 2 nahar çemçesi goňur şeker ýa-da bal;
• ter narpyz.

Içgini ýasamak örän aňsat. Ähli goşundylary uly gastrýulda goşuň, suw bilen dolduryp, pes otda gaýnadyň. Otdan çykaranyňyzda gapagyny ýapyp, otag temperaturasyna goýuň. Soňra uzatmazdan ozal süzüň we gyzdyryň. Bir hepde çemesi wagtlap sowadyjyda goýuň.

Narly çaý

Goşundylary:

• 100 ml nar şiresi;
• ¼ alma;
• 1,5 nahar çemçesi. bal;
• limon daşynyň 1 zolagy;
• 150-200 ml gyzgyn suw;
• nar däneleri.

Almany zolaklara, limonyň daşyny bolsa inçe dilim görnüşinde kesişdiriň. Ähli goşundylary gastrýula guýup, gaýnatmazdan otda gyzdyryň. Uzatmazdan ozal bolsa çaýy süzüň, alma dilimleri we nar däneleri bilen bezäň.

Armytly Jasmin çaýy

Goşundylary:

• 100 gr armyt;
• 1 dilim laým;
• 1 dalçyn taýajygy;
• bir çümmük Jasmin çaý ýapragy;
• 200 ml gyzgyn suw.

Armytly Jasmin çaýyny taýýarlamak üçin ilki bilen armydy arassalap, püre görnüşine getiriň. Demlenen Jasmin çaýyna laým şiresini, armyt püresini hem-de dalçyn taýajygyny goşuň. Içgä 10-15 minutlap dem beriň.

Halaýan taýýarlaýyş usulyňyzy saýlap, tagamly we sagdynlyk içgilerinden lezzet alyň!

Peýdalanylan çeşmeler: robb.report 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar