Soňky habarlar

Arhiw

Durnukly ykdysady şertler

0
514

Ýurtda durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagy üçin milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny hemişe ýokary derejede saklamak zerur bolup durýar. Hut şoňa laýyklykda, bilimlere we innowasiýalara daýanýan hem-de ilatyň intellektual we durmuş şertlerini ygtybarly dünýä standartlarynyň derejelerine ýetirýän bazar ykdysadyýetindäki özgertmeleri geçirmek ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy maksatlarynyň hatarynda durýar.

Türkmenistanda kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly aralyklaýyn maslahat we bilim bermek boýunça goşmaça elektron hyzmatlarynyň hasabyna san infrastrukturasyny ösdürmek hem bu gün uly mümkinçiliklere eýe.

Her bir raýat öz öýünden çykman, sanly platformalaryň üsti bilen telekeçilik işini hem amala aşyryp bilýär. Çünki dünýäniň ilat sanynyň artmagynyň we dünýäde serişdeleriň ulanylyşynyň kämilleşmeginiň netijesinde elektron ykdysadyýet diňe bir elektron söwda we hyzmat telekeçiligi bilen çäklenmän, eýsem, saglygy goraýyş, bilim, internet-bank ýaly durmuşymyzyň her bir ulgamynda ýüze çykyp dur. Ýagny, jemgyýetiň yzygiderli ösmeginde sarp ediji tarapyndan hyzmatlary peýdalanmak mümkinçiligini ýeňilleşdirýän maglumat tehnologiýalary aýratyn ähmiýetlidir. Bu bolsa hyzmatlar ulgamynyň çäginiň önümçilik pudagyndan has hem ýokarlanmagyna getirdi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Aşyyrowa Aýgül

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar