Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada 6G-interneti synag etdiler

14:1509.05.2024
0
10891
Ýaponiýada 6G-interneti synag etdiler
Surat: 24.kz

Ýaponiýada 6G-interneti üstünlikli synag etdiler diýip, «24KZ» habar berýär. Täze ulgamyň maglumatlaryň geçirijiligi 5G-internetden 10 esse ýokarydyr we sekuntda 100 gigabite deňdir. Bu bir sekuntda 8 filmi ýüklemäge mümkinçilik berýär diýip, hünärmenler aýdýarlar. Olar tehnologiýanyň häzirlikçe synag nusgadadygyny belleýärler. Onuň işe girizilmegi şu onýyllygyň aýagynda mümkin bolar.

Adaty ulanyjy üçin häzirki 5G ulgamyň mümkinçilikleriniň ýeterlikdigine garamazdan, täze tehnologiýa işewürlik pudagynda giňden peýdalanylar. Mysal üçin, ol ulaglary özbaşdak dolandyrmaga, 3D-aragatnaşygy ösdürmäge we lukmançylykda näsaglaryň ýagdaýyny öwrenmekde ulanylyp bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň