Şu gün Eýranyň Gyzyl Ýarym Aý jemgyýetiniň başlygy Pir Hoseýn Koliwand ýurduň Prezidenti Raisiniň «kynçylykly gonan» dikuçarynyň tapylandygyny mälim etdi diýip, TASS habar berýär.
Ol IRIB teleýaýlymynda «Dikuçar tapyldy, biz oňa golaýlaýarys» diýdi. Koliwand: «Dikuçary görýäris, oňa 2 kilometr töweregi aralyk galdy, halas edijiler oňa birnäçe minutdan ýeterler» diýip, sözüniň üstüne goşdy. Ol şeýle-de dikuçaryň ýagdaýyny oňat diýip atlandyryp bolmajakdygyny aýtdy diýip, TASS ýazýar.
ISNA, Mehr, Fars we Tasnim habarlar gulluklary Raisiniň dikuçarynyň baýryň ýapgydyndaky gür agaçlaryň arasynda bölekleýin görünýän suratyny öz sahypalarynda ýerleşdirdiler.
Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň Mi-171 dikuçary Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bilelikde iki ýurduň serhedinde suw howdanynyň açylyş dabarasyna gatanaşyp, Watanyna gaýdyp gelýärkä, serhetýaka Julfa şäheriniň golaýynda «kynçylykly gondy».
Dikuçarda Gündogar Azerbaýjanyň gubernatory Aýatolla al-Haşim we Eýranyň daşary işler ministri Amir Abdullahýan hem bardy.
Biz ozal bu waka bilen baglylykda, Türkmenistanyň Eýrana zerur bolan kömegi bermäge taýýardygyny habar beripdik.
Habar täzelenýär.