Ýaponlara Parazitologiýa muzeýi nämä gerek?

0
26840

Dünýäniň özboluşly, adaty bolmadyk muzeýleriniň hatarynda Tokionyň Parazitologiýa muzeýiniň gürrüňsiz orny bardyr. Ol täsin aýratynlyklary bilen Günüň dogýan ýurdunda özbaşdak meşhurlyga öwrüldi. «Kulturologiýa» žurnalynda neşir edilen makalalaryň biriniň awtorynyň belleýşi ýaly, bu muzeý, umuman, ýabany tebigatda bar bolan we adam bedeninde bolmaga ukyply iň ýigrenji parazitleri görmekden galýan ýakymsyz täsirleriň sany boýunça ähli pikir edip boljak rekordlary döwüp biler.

Aslynda, Parazitologiýa muzeýi dürli parazitleri öwrenýän kiçijik ylmy-gözleg merkezinden o diýen bir üýtgeşik ýerem däl. Bu meselä gyzyklanma ýaponlaryň düzüminde köp sanly parazitleriň ýa-da olaryň liçinkalarynyň saklanyp biljek çig balygy yzygiderli iýmegi bilen baglanyşyklydyr.

Lukmançylyk ylymlarynyň doktory Satoru Kamegaý tarapyndan 1953-nji ýylda esaslandyrylan bu adatdan daşary serginiň döredilmeginiň maksady girdeji gazanmak däl-de, adamlara parazitleriň bedene getirýän howpy barada düşünje bermekdir. Şol sebäplem, 45 000 töweregi dürli hili gurçuklary we 300 töweregi beýleki parazitleri hödürleýän Parazitologiýa muzeýine baryp görmek bu ýere isleg bildirýän ähli myhmanlar üçin mugtdur.

Surat: kulturologia.ru/www.trover.com

Muzeýiň girelgesinde myhmanlary bu ýerde özüňi alyp barmagyň kadalary bilen bagly ýazgy garşy alýar. Umuman aýdanyňda, olar ähli muzeýler üçin adaty, ýöne bu edaranyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, zallarda iýmezlik we içmezlik duýduryşy geň galdyryjydyr. Muzeýdäki gezelenç tamamlanandan soň hem, hiç kimiň golaý-goltumdaky kafedir garbanyşhanadan naharlanjagy nämälimdir.

Görnüşi ýaly, gyzyklanma bildirýän myhmany bosagadan ätlän badyna gorkuzmazlyk üçin, birinji gat parazitologiýa ylymlary we parazitleriň iň dürli görnüşleri bilen ilkinji tanyşlygy hödürleýär. Ekspozisiýadaky esasy ýer haýsy sebitde bir ýa-da başga bir parazitiň ýokuşma howpunyň bardygyny anyk görkezýän kartalar eýeleýär. Elbetde, töwereginde adaty zatlardan başlap, ullakan gurçuklar bilen gutarýan köp dürli parazitler bar. Bularyň hemmesi spirtlenen görnüşde ýörite gaplarda saklanýar. Aýry-aýry interaktiw stendlerde bolsa balyklaryň, haýwanlaryň we guşlaryň ýigrenýän «goňşulary» barada doly maglumatly diagrammalary görüp bilersiňiz. Muzeýiň ikinji gaty has dar ýöriteleşdirilen häsiýetdedir. Bu ýerdäki eksponatlar oňyn duýgulardan uzaklaşdyrýar. Adamda ýa-da haýwanda ýaşap bilýän her dürli parazitleri iň gorkunçlaryny görmek bolýar.

«Adamyň möhüm parazitleri» atly stendde haýsy organlarda parazitleriň nähili görnüşleriniň başlap döräp biljekdigini anyk görmek mümkin. Onuň golaýynda bolsa adamlaryň we haýwanlaryň dürli organlarynda parazitleriň köpelmeginiň netijelerini görkezýän eksponatlary we suratlary görüp bolýar. Mysal üçin, ägirt uly lenta gurçugy özüniň ululygy bilen gelýänleri haýran galdyrýar. Uzynlygy 8,8 metr bolan bu äpet gurçuk, adaty bir ýapon adamdan çykdy. Has düşnükli aýdylanda, bu täsin serginiň ýerleşýän stendiniň gapdalynda birmeňzeş ululykda ýüp asylgy, bu bolsa deňeşdirmek üçin bolup, şeýle ululykdaky haýwanyň adamyň organizminde bary-ýogy üç aýyň içinde ösüp biljekdigi baradaky soraga jogap bermäge oýlandyrýar. Onuň golaýynda hem parazitleriň adam bedenine nädip düşüp bilýändigini we tebigatda nähili aýlanýandygyny görkezýän köp sanly gollanma bar.

Surat: kulturologia.ru/www.fishki.net

Kimdir biriniň parazitleriň şekili bolan futbolkany geýip ýörjegini göz öňüne getirmek kyn. Şeýle-de bolsa, Parazitologiýa muzeýinde işleýän şeýle zatlaryň ýadygärlik dükany hiç wagt adamsyz däl. Hakyky gurçuklar bilen şekillendirilen göz öňüne getirip bolmajak futbolkalar, gurçuklar we beýleki parazitler bilen şekillendirilen kitapçalar, bedende ornaşan islendik erbetligiň şekili bolan lanç torbalar syýahatçylaryň arasynda uly isleg bildirilýän önümlerdir. Jübi telefonlary üçin asgyç hem-de açardan asylýan breloklarda bolşy ýaly, olaryň içinde hakyky parazitler bar. Dogry, käbir has haýran galan myhmanlar muzeýe baryp görenlerinden soň, antiparazit dermanlary üçin göni dermanhana ýüwürýärler.

Çeşmede bellenilişi ýaly, bu adaty bolmadyk kolleksiýany ýygnamak üçin muzeý işgärlerine ýarym asyrdan gowrak wagt gerek bolupdyr.

Peýdalanylan çeşmeler: kulturologia.ru 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar