Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň hasratly ýadygärlikleriniň taryhy: gözýaşly wakalar

0
60751
Dünýäniň iň hasratly ýadygärlikleriniň taryhy: gözýaşly wakalar
Surat: fotokto.ru

Adamzat taryhynda pajygaly, gynandyryjy wakalardyr hadysalaram az bolmandyr. Gözüňe biygtyýar ýaş aýlamaga mejbur edýän şeýle wakalaryň hatyrasyna beýan edilen sungat eserleri bu günki günde taryhyň şol pursatlarynyň müdimilik hakydasy bolup dur. Ol sungat eserleriniň we ýadygärlikleriň käbirleri şeýlebir täsirli bolup, ýürekleriň duýgusynda gynanç uçgunlaryny oýarýar.

Harasatly hadysalary ýatda saklap galan bu müdimilik eserler ösüp gelýän ýaş nesillere durmuşyň dürli gyraňlaryny görkezip, olary parahatçylyk bilen utgaşdyrmaga çagyrýar.

Surat:stako.ru

Hasrat gözýaşy — 2006-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkdaky Gudzon derýasynyň kenarynda binagär Sereteliniň döreden ýadygärligi açyldy. Ol terrorçylyk hüjümlerinde şehit bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanyp döredildi. Bürünç pilon (terrorçylykly hüjüm bolan Bütindünýä Söwda merkeziniň — ekiz gökdiränleriň biriniň daşky görnüşi) boşluk bilen iki bölege bölünýär, onuň ortasynda bolsa nikelden döredilen 4 tonnalyk 11 metre barabar bolan gözýaş ýerleşdirildi. Bu ýadygärligiň beýikligi 30 metr, agramy bolsa 176 tonnadyr.

Surat:e-cis.info

Hatyýn ýadygärlikler toplumy — bu ýadygärlik 1943-nji ýylda Belorussiýanyň Hatyn obasynda faşistler tarapyndan atylyp, soňra bolsa ýakylan 149 sany şehidiň, şol sanda 75 sany çaganyň pajygaly wakasy baradaky ýatlamalary özünde jemleýär.

Surat:exler.ru

Merhum çagalaryň hatyrasyna döredilen ýadygärlik — 1978-nji ýylda Wengriýanyň Balaton kölünde mekdep okuwçylary bilen barýan gämi suw heläkçiligine sezewar boldy. Granit daşyndan ýasalan aýasy açyk we barmaklary ýokaryk uzap duran eliň keşbi kömek soramagy alamatlandyrýar.

Surat:avia-all.ru

Hatiko — akita-inu tohumyndan bolan it baradaky bu hakyky waka 1987-nji ýylda döredilen ýapon filminiň remeýki bolan «Hatiko: Wepadar dost» atly britan-amerikan kinofilmi üçin esas bolup hyzmat etdi. Hatiko atly it her gün Tokio uniwersitetiniň professory bolup işleýän hojaýyny Hidesaburo Wenony işinden çykansoň, stansiýada garşy alypdyr. Emma günlerde bir gün it näçe garaşsa-da, onuň infarkt zerarly ýürek keselinden ýogalan hojaýyny stansiýa gelmändir. It bolsa wepadarlygy bilen bu ýere 10 ýyllap hojaýynyna garaşmak maksady bilen gatnamagyny dowam edipdir. 1934-nji ýylda Sibuýa şäherinde Hatikonyň hormatyna wepalylygyň hem-de söýginiň nyşany hökmünde bürünç ýadygärlik bina edildi.

Фото:infosila.ee

Budapeştiň kenaryndaky aýakgap — ýadygärlik 2005-nji ýylda Holokostyň («holokost» sözi giň manyda II jahan urşy döwründe jöhit halkynyň köpçülikleýin ýakylmagy, ýok edilmegi diýen manyny aňladýar) pidalarynyň hatyrasyna açyldy. Ikinji jahan urşunyň ahyrlarynda Dunaýyň kenarynda jöhitler köpçülikleýin atyldy. Faşistler adamlaryň aýakgaplaryny çykardyp (soň olar satylypdyr), olary biri-birine daňmak bilen, jöhitlerden birini atypdyrlar. Ol suwa ýykylan mahaly beýleki adamlary hem özi bilen alyp gidipdir.

Surat:tripadvisor.ru

Ölýän ýolbars (Lýusern, Şweýsariýa) — muny dünýäniň iň bir meşhur hem-de hasratly ýadygärligi hasap edip bolar. XIX asyryň başynda gaýada döredilen ýaraly ýolbarsy şekillendirýän heýkel jandaryň agyryny we yzany agyr başdan geçirýändigini görkezýär. Ýadygärlik Fransiýanyň 1792-nji ýylda hüjüm edilen Týuilri köşgünde pida bolan şweýsar gwardiýaçylaryna bagyşlanypdyr.

Surat:marinaizminska.livejournal.com

«Ýama» memorialy — 1947-nji ýylda Minskiň Melnikaýte köçesinde gurlup, Holokostyň pidalaryna bagyşlanan ýadygärlikdir. Bürünçden ýasalan heýkel kompozisiýasy (2000-nji ýylda döredilen, iş 8 ýyllap ýerine ýetirildi) ýadygärligiň merkezine barýan basgançakda 1942-nji ýylyň 2-nji martynda faşistler tarapyndan atylan 5 müň tussagyndan ybarat topar görnüşinde ýerleşýär.

Surat:ruposters.ru

Ýyrtylan saýawanly gyzjagaz — 1999-njy ýylyň 30-njy maýynda soňky jaň dabarasynyň dowam edýän mahalynda bolup geçen güýçli çabgada ýagyşdan gizlenmäge synanyşan adamlar Minskiň ýerasty geçelgesine girip, ol ýerde pida boldular. Bu hadysada jemi 53 adam aradan çykdy. Olaryň aglabasynyň ýaşy heniz 30-a ýetmedikdi.

Surat: fotostrana.ru (Riga)

Surat:livejournal.com (Slowakiýa)

Surat:mail.ru (Surgut)

Rigadaky, Slowakiýadaky we Surgutdaky dogulmadyk çagalaryň hatyra toplumlary — heniz gözlerini açyp, ajaýyp dünýämiziň nurly öwüşginini görüp bilmedik, ykbalyna dogulmak bagty nesip etmedik çagalaryň hasraty dogrusynda söz açýar. Slowakiýadaky toplumda heýkeltaraş Martin Hudaçegiň taslamasyna laýyklykda ýerine ýetirilen ýadygärlikde şeýle ýazgy beýan edilipdir: «Eje jan, aglama, men barybir seni söýýän...». Bu sözleri beýan edýän çagajygyň keşbi hrustaldan, enäniň keşbi bolsa daşdan ýasalypdyr.

Surat:vipgeo.ru

Germaniýadaky ýakylan kitaplaryň ýadygärligi — bu ýadygärlige ýazylan meşhur nemes şahyry Genrih Geýnäniň: «Bu diňe bir prelýudiýa, kitap ýakylýan ýerde soňlugy bilen adamam ýakylar» diýen setirleri 1933-nji ýylyň 10-njy maýynda Berliniň meýdançasynda guralan çäräniň teswiridir. Bu çärede nasist-talyplar gymmatbahaly kitaplary ýakyp ýok edipdirler. 1995-nji ýylda şol ýerde üsti aýna örtükli boş kitap tekjeleri ýerleşdirilen uly bolmadyk ýadygärlik döredildi.

Surat:rus.team

Mamaýew kurgan — ýadygärlik Watan goragçylarynyň hatyrasyna bina edildi. Onuň duran ýerinde 1943-nji ýylda pajygaly uruş turup, ösüp oturan otlar bütinleý ýakylypdyr.

Surat:pantv.livejournal.com

Sankt-Peterburgdaky Pawlowyň itiniň ýadygärligi — bu Aptekar adasyndaky Tejribe lukmançylygy institutynyň howlusynda tejribe geçirilen eldekileşdirilen itleriň hatyrasyna dikeldilipdir.

Peýdalanylan çeşmeler: 2010.livejournal.com; aif.ru; ru.m.wikipedia.org;  interesnoznat.com; travelask.ru; pikabu.ru.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar