Diwarlara degmezden öýi nädip wizual giňeltmelidigi barada zerur usullar

0
27368

Örän giň otagly, uly jaýym ýa-da öýüm bar diýip her bir adam aýdyp bilmez. Adatça, islendik ýurduň mysalynda, adamlaryň aglabasy adaty beýikligi 2,5-3 metr bolan orta we kiçi ululykdaky öýde ýaşaýarlar. Otagyň giňişligini ýeterlik derejede giňeltmegiň esasy usullaryndan biri diwarlary ýykmakdyr, ýöne bu usul iň köp wagt talap edýän we gaty gymmata düşüp biljek, özem hemişe mümkinem däl usuldyr. Sebäbi köp gatly jaýyň diwaryny ýykmak asla kellä gelmejek ýagdaýdyr. Bagtymyza, düýpli üýtgeşmelere ýüz tutmazdan, has uly giňişligiň illuziýasyny döretmegiň köp sanly usullary bardyr.

Kiçi göwrümli otagyň meýdanyny wizual giňeltmegiň iň aňsat usuly reňkiň kömegi bilen çemeleşmekdir. Köp adamlar açyk reňkleriň otagy has görnükli edýändigini, garaňky reňkleriň bolsa diwarlary gysýandygyny we potolok hem aşakda görünýändigini tassyklaýarlar. Diwarlary açyk pastel reňkler bilen bezeseňiz, derrew has giňligi duýarsyňyz. Ýagty we sowuk öwüşginler muňa has gowy ýardam edýär: açyk gök, açyk gögümtil, mentol. Diwarlary we potoloklary şeýle öwüşginleriň islendik birine boýasaňyz, giňligiň täsiri hasam göze iler.

Eger diwarlary reňklemegi däl-de, diwar oboýlaryndan peýdalanmagy meýilleşdirseňiz, kiçijik adaty nagyşly diwar kagyzyna ähmiýet bermelidir. Doldurylan reňkleriň uly nagyşlary boşlugy «ogurlaýar» we şonuň üçinem bu oboýlar has giň otaglarda gowy görünýär.

Diwar kagyzynda dik zolak ýerleşdirilen bolsa, ol pes potoloklary uzak görkezip bilýär we keseligine çekilen zolaklar bolsa diwarlary giňelder.

Arça şekilinde ýa-da diagonallaýyn goýlan parket ýa-da laminat, şeýle-de nagyşly linoleýum otagyň giňişligini «uzaltmaga» kömek eder. Poluň kömegi bilen dar otagy laminaty kese goýup ýa-da tersine — laminat tagtalaryň kömegi bilen uzaldyp, giňeldip bolýar. Meýdany wizual giňeltmegiň başga bir usuly bolsa ýalpyldawuk pol, mat bolsa tersine, ony «gysýar».

Diwarda, üçege poldan uzaýan görnüşli aýna ýa-da aýna mozaikasy, hatda kiçi otaglarda-da uly giňişligiň illuziýasyny ajaýyp döredýär. Aýnanyň ýanynda torşer çyrasyny goýsaňyz, onuň şöhlelenýän yşygy bu täsiri hasam güýçlendirer.

Şeýle hem giňişlik illuziýasyny gapylaryň kömegi bilen döredip bilersiňiz. Aýnadan ýa-da PWH-den ýasalan beýik gapylar pes potology wizual ýokarlandyrar, kupe-gapylar bolsa ýer tygşytlamaga kömek eder.

Alýuminiý, PWH hem-de aýnadan, şol sanda berk aýnadan öndürilen önümleri hödürleýän «Anyk Teklip» kärhanasy giňişligiň wizual giňelmegi üçin ýokardaky käbir ideýalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Kärhananyň hünärmenleri müşderiniň taslamasyna laýyklykda, aýna ýa-da plastikden aralyk gapylary öndürmek, diwary aýna mozaikalary bilen bezemek ýa-da islendik görnüşdäki giň ajaýyp aýnalary we aşhana aýna fartuklaryny ýasamak işlerini ýerine ýetirýärler. Bularyň hemmesi otaga has giňlik duýgusyny berýändir.

«Anyk Teklip» kärhanasynyň önüm nusgalary bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, Senagat zolagy, Zergär köçesiniň 3-nji jaýy. Önümler şeýle hem kärhananyň sosial media ulgamyndaky sahypasynda köpçülige ýetirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.

Elektron poçta salgysy: anykteklip@mail.ru 

Peýdalanylan çeşmeler: darstroy-yug.ru; bombora.ru; realty.rbc.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar