Soňky habarlar

Arhiw

Interýerde wizual aýnalary we ýeňil gurşawy nädip döredip bolar

0
33409

Aýna — bezegde häzirki günüň we geljegiň üýtgemejek ajaýyp materialy hasap edilýär. Ol binagärleriňdir dizaýnerleriň öňünde giň mümkinçilikleri açýar, ony dekoryň özbaşdak elementi hökmünde-de, beýleki materiallar bilen sazlaşdyryp hem ulanmak bolýar.

Uniwersal häsiýetli materiala, ilki bilen, dürli hili göwrümi bermek, şeýle-de oňa islendik reňki saýlamak bolýar, ol ýene bir tarapdan ekologik häsiýetlidir, köp maksatlar üçin peýdalanyp bolýandyr hem-de interýerde görnüşi taýdanam çylşyrymlylygy döretmeýär.

«Anyk teklip» kärhanasynyň tejribeli hünärmeni interýerde aýnany özbaşdak bezeg hökmünde peýdalanmagyň usullary barada gürrüň berdi.

Aýna gapylar — içerki gurşawy bezemekde iň meşhur usullaryň biri. Häzirki zaman önümçilik tehnologiýalary aýna örtüginden taýýarlanýan bezeglerde köpdürli görnüşleri hödürleýär:

  • Öwüşginsiz aýna ýagtylygy ýaýrawsyz geçirýär. Bu hili aýnaly gapydan aňry ýüzündäki zatlary görüp bolmaýar, diňe onuň golaýyna gelnen mahaly gapydan aňyrdaky zatlaryň sudury görünýär;
  • Aňyrsy görünýän aýnaly gapyny bolsa diňe esasy ýagtylyk düşýän otaglarda goýmaly;
  • gara tonly aýnaly gapylary otag aralarynda goýmak ýerliklidir, ol şahsy otagy görnüp durmakdan, şeýle-de Gün şöhlesiniň düşmeginden goraýar;
  • çäge çap etme grawirowkasy usuly ýa-da ýörite niýetlenen plýonka bilen ýerleşdirilen suratlar gapylary interýeriň örän ajaýyp bölegine öwrüp biler.

Surat: ru.freepik.com

Aýnadan döredilýän aralyk diwarlary köplenç halatda ofisleriň gurşawynda aýratyn ýer bölegini döretmekde ulanylýar. Ýöne, şeýle gurluşa adaty otagda hem laýyk geljek orun tapyp bolar. Mysal üçin, studiýa-otagy ýa-da duşly otagy ýatylýan otagdan şu aralyk aýna diwary arkaly aýrybaşgalaşdyrsa bolar.

Basgançaklar we aýna gyra çäkleri — bu usul kottej jaýlarynyň ýaşaýyş gurşawyny bezemekde iň bir täsirli usul hasaplanýar. Onsoňam, bu hili maksat bilen adaty aýnalar däl-de, eýsem berk tripleks aýnalary (köpgatly aýnalar) ulanylýar.

«Anyk teklip» kärhanasy interýerde aýnany ulanmagyň mümkinçiliklerine şulary degişli edýär:

  • daşarky täsir edip biljek şertlere durnuklylygy. Ýagny, aýna oda ýanmaýar we suwa göwrümini üýtgedip, zeper ýetmeýär;
  • aýna — ekologik häsiýetli önüm, ol daşky howa hiç hili zyýanly zatlary bölüp çykarmaýar;

Emma şunuň bilen birlikde, aýnanyň käbir kemçiliklerine hem üns bermelidir:

  • aňyrsy görünýän aýnalarda çyzyklardyr tegmiller mese-mälim görnüp durýandyr;
  • aýnalaryň agaç böleklerine garanyňda ýylylyk izolýasiýasy pesdir.

Surat: ru.freepik.com

«Anyk Teklip» kärhanasy müşderilere aýnany gaýtadan işlemek we aýna gurluşlaryny öndürmek boýunça döwrebap çözgütleri we häzirki zaman tehnologiýalary hödürleýär. Muňa laýyklykda bolsa Türkmenistanyň ýaşaýjylary aýna gurluşlaryny we dizaýn görnüşlerini islendik göwrümde saýlamakda çäksiz mümkinçiliklerden peýdalanyp bilerler.

«Anyk Teklip» kärhanasynyň önümçiliginiň giň haryt görnüşlerine alýumin we plastik aýna hem-de gapy çarçuwalary, aýna paketleri, duş kabinalary we aşhana örtükleri üçin berk aýnadan taýýarlanan gapylar, reňkli aýnalardan ýasalan witražlar, ýüz görülýän aýnalar degişli.

«Anyk Teklip» kärhanasynyň ýerleşýän salgysy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, Senagat zolagynyň çägi, Zergär köçesiniň 3-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.

Elektron poçta salgysy: anykteklip@mail.ru

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşmeler: glasstroy.ru; srbu.ru; vc.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar