Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşhanany aýna bezegleri bilen nädip bezäp bolar

0
47135

Ýaz-tomus möwsümi — ýaşaýyş jaýyny abatlamak we bezemek üçin iň oňaýly döwür. Aşhana bolsa, şol öýüň esasy ýerleriniň biridir: bu ýerde nahar bişirilýär, maşgala agzalary bolup üýşülýär, dostlar bilen çaý içilýär. Umuman, aşhanada köp bolunmagy bilen, nahar taýýarlanan mahaly diwarlara ýag syçraýar, ýere hapa dökülýär, bir söz bilen aýdylanda, öýüň bezegi hapalanýar. Munuň ýaly ýagdaýda bolsa, diwaryň oboýlaryny täzeläp, ýa bolmasa-da ony has döredijilikli çemeleşmek bilen häzirki zaman bezegi bilen abatlap bolar, onuň bezeginde döwrebap görnüş bolan berk aýna elementlerini ulanmak hem bolar. 

Bu mesele dogrusynda «Anyk Teklip» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni berk aýna bilen nädip owadan, stile laýyk hem-de uzak möhlete hyzmat eder ýaly bezäp boljakdygyny gürrüň berdi.

Soňky ýyllarda aşhana bezeglerinde aýna örtüklerini — aňyrsy görünmeýän nagyşly aýna panellerini ulanmak ýörgünli boldy. Olar diwara ýag, suw, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň hem-de çygyň düşmeginden goraýar. Bu panelleri ýuwmagam juda ýeňil bolup, özi hem onlarça ýyllap ulandyrýar. Bu berk aýna önümleriniň ýüzüne otagyň stiline, bezegine we beýleki aýratynlyklaryna görä dürli kybap gelýän nagyşlaryň çekilmegi bezeg babatda giň mümkinçilikleri döredýär.

Aşhananyň gurşawyny has-da giň görner derejede aýdyňlaşdyrýan, dürli reňkli owadanlygy döretmäge ýardam edýän zatlaryň biri-de aýna mozaýkalarydyr. Bu material reňk, oboýlar, keramika graniti, tebigy daşlar hem-de agaç ýaly ähli beýleki materiallar bilenem sazlaşykly şekili döredip bilýär. Gurşawy bezemekde reňkleri öwüşginli bolan mozaýkalar beýleki dürli reňkler bilenem utgaşyp bilýär. Mozaýkalaryň kömegi bilen islendik hili gurşawy bezege besläp bolýar.

Berk aýnadan ýasalan öwüsmeýän hem-de aňrysy görünýän gapylar interýerde has owadan bolup göze görünýär. Bu gapylar, elbetde, eger garamtyl reňkde bolsa, onda otagyň ýagtylygyny has artdyryp biler, aňyrsy görünýän görnüşde bolaýanda-da, aşhanada näme bolýanyny görüp durmak üçin amatlydyr. Müşderiniň islegine görä, berk aýnanyň ýüzüne UF çap etme usulynda nagyş çekip berýärler.

Aýnadan ýasalan stol bezegleriniň hem owadanlygy interýer bezegleriniň içinde özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Döwüljek ýaly görünse-de, berk aýnadan ýasalan bezegleri döwülmegi aňsat däldir. Bezegli stol interýere ýeňillik berýär, ony aýdyňlaşdyrýar, ýogsam aýna hem aňrysy görünýän, hem adaty, nagyşly görnüşlerde bolýar. 

Aşhanany bezemegiň iň ajaýyp görnüşi witraždyr. Aýna witraž bezegi gurşawy zolaklaşdyrmaga ýardam edip, aýdyň öwüşgini döredýär, aşhananyň işlenilýän ýerini beýleki ýerleri bilen aýrybaşgalaşdyrýar, şeýle-de adaty aýnany hem gözelleşdirýär. Witraž adaty nusgawy görnüşde aýna böleklerini biri-biri bilen berkidip ýa-da ýelimläp birleşirmek arkaly ýasalýar, ýöne onuň ýörite plýonkalaryň we applikasiýalaryň kömegi bilen ýasalýan görnüşleri hem bardyr.

Aýna öý gurşawyny bölmekde, abatlaşdyrmakda birnäçe tapawutly aýratynlyklara eýedir. Diňe döwülegen zat diýmeseň (bu bolsa aýnanyň guýulmagyna baglydyr), oňa ideg etmegem ýeňil, uzagam hyzmat edýär, arassalamak hem aňsat (has zyýanly serişdeleri ulanmak bolmaýar), himiki zyýansyz bolup, zeper ýetirip biljek zatlary bölüp çykarmaýar, şeýle-de arassaçylyk serişdeleriniň islendigine çydamlydyr.

Bu ideýalaryň ählisini öý abatlaýyş işlerinde amal etmek üçin «Anyk Teklip» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri diňe ýörite usul bilen gaýtadan işlenip, adaty aýnadan tapawutlylykda birnäçe esse berkidilen aýnalary ulanýarlar. Aýna taýýarlanan mahaly ýokary kuwwatlykda gyzdyrylýar, soňra bolsa dessine sowadylýar, ondan bolsa gaty plýonka alynýar. Gatadylan aýna listiniň gyralary bolsa demir çarçuwalar ýa-da başga usullar bilen goralýar. 

«Anyk Teklip» kärhanasy öz önümlerini ýokary hilli öndürmek maksady bilen, türk hem-de hytaý öndürijileriniň kuwwatly enjamlaryndan peýdalanýar. «Anyk Teklip» kärhanasynyň sertifikatlaşdyrylandygy bolsa, onuň önümleriniň ýokary hillidigine we berkdigine güwä geçýär.

Kärhana diňe bir aşhana diwar örtüklerini, mozaýkalary we aýna gapylary öndürmek  bilen çäklenmän, eýsem, taýýar bolan önümlerini Aşgabat şäheriniň islendik ýerine, şeýle hem Türkmenistanyň ähli sebitlerine eltip berýär. Kärhana şunuň bilen birlikde, arzanladyşlaryň elýeterli görnüşlerini we dürli aksiýalardan peýdalanmak mümkinçiligini hem hödürleýär.

«Anyk Teklip» HJ-niň önümlerini görüp baha bermek, şeýle-de aýna bezeg elementlerini sargyt etmek üçin şu salga ýüz tutmak bolar: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, senagat zolagynyň çägi, Zergär köçesiniň 3-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07. Elektron poçta salgysy: anykteklip@mail.ru 

Peýdalanylan çeşmeler: glasstroy.ru; inter-glass.com; dg-home.ru; dveri-academy.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar