Soňky habarlar

Arhiw

«Anyk Teklip» HJ alýuminiden, plastikden we berk aýnadan dürli görnüşli önümleri öndürýär

09:5312.04.2023
0
34600

«Anyk Teklip» hojalyk jemgyýeti ýerli önümleriň giň görnüşlerini alyjylar köpçüligine ýetirýär. Bu önüm görnüşlerine aýnalar we gapylar üçin niýetlenen alýuminiý hem-de plastik ramalar, aýna paketleri, duş kabinalary we aşhana mebelleri üçin berk aýna gapylary, aýnalar, reňkli aýnalardan taýýarlanan witražlar degişlidir. Şeýle-de kompaniýa islendik görnüşli aýna örtügine UF-çap ediş işini ýerine ýetirip berýär.

Gurluşyk materiallarynyň bazarynda «Anyk Teklip» 2015-nji ýyldan bäri iş alyp barýar. Kompaniýanyň önümleri häzirki zaman türk hem-de hytaý enjamlarynyň peýdalanylmagy bilen öndürilýär. Bu önümler onuň hilini tassyklaýan halkara sertifikatlara hem eýedir.

«Anyk Teklip» HJ önümlerini diňe bir Aşgabat şäheriniň çägine däl-de, eýsem ýurduň islendik welaýatyna, dürli künjegine eltip berýär. Şunuň bilen birlikde, kärhana alyjylaryna arzanladyşyň çeýe ulgamyny hem-de dürli görnüşli aksiýalara gatnaşmak mümkinçiliklerini hödürleýär.

Kärhananyň önümleri bilen şu salgylara ýüz tutup tanyşmak bolýar: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, Senagat zolagynyň çägindäki Zergär köçesiniň 3-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.

Elektron poçtasynyň salgysy: teklip@mail.ru

Wideo: Aýna önümleri nähili öndürilýär

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň