«Anyk Teklip» HJ taplanan aýnadan taýýarlanan gapylaryň dürli görnüşlerini hödürleýär

16:2027.04.2023
0
48855

«Anyk Teklip» hojalyk jemgyýeti taplanan aýnadan otaglaryň arasyndaky gapylary we duş kabinalary üçin gapylary taýýarlamak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.

Galyň urga çydamly aýnadan taýýarlanan hem-de ultramelewşe çap usulynda edilen suratlar bilen bezelen owadan gapylar islendik otagyň görküni artdyrar. Şeýle gapylar aşhana, hammam otagyna, aýnaly eýwana eltýän geçelgeleri bezemek üçin ulanylýar, şeýle hem olar girelge gapysy hökmünde örän owadan görünýärler. «Anyk Teklibiň» önümleri Türkiýäniň we Hytaýyň döwrebap enjamlary arkaly öndürilýär we olar hil sertifikatlaryna eýedirler.

«Anyk Teklip» HJ öz önümlerini Aşgabadyň içine hem-de Türkmenistanyň beýleki sebitlerine eltip bermek mümkinçiligini hödürleýär (hyzmat tölegli).

Aýna gapylaryň görnüşleri bilen, şeýle-de «Anyk Teklibiň» beýleki önümleri bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, senagat zolagy, Zerger köç., 3-nji jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.

Elektron poçta: anykteklip@mail.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň