Top.Mail.Ru

Datly dabara stoluny nädip bezemeli: «Zyýat Hil» konditer dükanyndan maslahatlar

0
33973

Konditer önümleri — bu özboluşly däp-dessurlary, täze trendleri, hatda Napoleon torty ýaly meşhur şahsyýetleriň ady, täsin Anna Pawlowa deserti ýa-da «abraýly» türk pahlawasy bilen belli älemdir.

Süýjülikleriň köpdürli görnüşleri ynsana hyýaly erkinlik bermek bilen, tagamly furşet stoluny döretmekde joşdurýar.

Bu ýagdaýda kendi-bar (süýjülik stoly) diňe bir çagalaryň baýramy üçin mahsus däldir, ol toý dabaralaryna, oturylyşyklaradyr işewürlik furşetlerine ajaýyp bezeg berýär.

Myhmanlar üçin niýetläp, özboluşly süýjülik burçuny döretmekde üç ýörelgä eýermek zerurdyr:

  • konsepsiýa/ideýa;
  • reňk sazlaşygy;
  • desertleriň köpdürlüligi.

Süýjülikleriň göwrümi olary eliňe alan mahalyň bir-iki gezekde dişläp iýer ýaly uly bolmaly däldir.

Bu babatda göze gelüwli kendi-bar döretmek üçin nähili süýjülikleri saýlamalydygy barada Aşgabatda ýerleşýän «Zyýat Hil» konditer önümleriniň torunyň baş konditeri gürrüň berdi.

Kiçijik süýjülikler adajygynyň kompozisiýasyny emele getirmekde ony köptaraply etmäge çalyşmak ýerlikli bolar.

Tort stoluň ýa ortarasynda, ýa-da yzky planda goýlup bilner. Onuň iki gyrasynda nämedir bir uzyn süýjülik goýsa bolar, birinji planda bolsa piroglary ýa-da uly bolmadyk süýjülikler bilen doldurylan küýzeleri goýsa bolar.

Kapkeýkler — dürli görnüşli huruşly we kremli kiçijik ýumşak kökeler. Mysal üçin, iş oturylyşyklarynda kendi-bary bezemekde kapkeýklere kärhananyň logotiplerini ýa-da hünärmenleriň atlaryny ýerleşdirmek bolar.

Keýk-popslar — çöpli süýjülik bilen örtülen kiçijik tortjagazlar ýa-da piroglar. Tagamyndan başga keýk-popslaryň ýene bir tapawutly tarapy (aýratyn-da çagalaryň doglan günlerinde) — olary eliňde saklamagyň oňaýlydygy we eliňi hapalamaýandygy.

Makaron — ganaş, çiz kremi, jem, karamel we ş.m dürli huruşlar bilen birleşdirilen iki sany pakyrdawuk örtükli fransuz pirogy.

Ýüzi süýjülik bilen örtülen tegelek kökejikler. Olardan piramidajyk döredip, stoly aňrybaş bezäp bolar.

Traýfllar — bulgurda ýerleşdirilen gatlakly tort. Traýfly estetik görnüşinden başga-da peýdaly tarapy — onuň aýratyn niýetlenen bölekden ybaratdygy (gerekli sanyny göz öňüne tutmak bolýar).

Şeýle-de süýjülik ansambly üçin şulary saýlap almak bolar: zefir, dürli hamyrly we huruşly kökeler, ak kökeler, süýjüler, doňdurylan süýjüler, şokoladda ýerleşdirilen tokaý miweleri we fruktlar.

Aşgabadyň ýaşaýjylary munuň üçin tortlary, kökeleri, zefirleri we beýleki süýjülikleri «Zyýat Hil» konditer önümleriniň torundan sargyt edip bilerler.

«Zyýat Hilde» konditer önümleri ýyllarboýy dowam edip gelýän klassiki tejribä, şeýle hem häzirki zaman usullaryna laýyklykda taýýarlanylýar.

Bu ýerde hödürlenilýän köpdürli görnüşli tortlardan, pahlawalardan, zefirlerden, piroglardan, kökelerden hem-de beýleki süýjüliklerden her kim öz isleýän datly tagamyny tapyp biler. 

«Zyýat Hil» konditer önümlerinden şekil ýa-da fotosurat ýerleşdirilen, özbaşdak tapawutlanýan torty sargyt edip bolýar. Onuň dizaýnyny, göwrümini, ölçegini, huruşyny we ş.m özbaşdak saýlamak mümkin.

Konditer dükanlary her gün sagat 08:00-dan — 22:45-e çenli aralykda işleýär. Şeýle-de zerur bolsa Aşgabat şäheriniň islendik ýerine taýýar süýjülik önümlerini eltip bermek hyzmaty ýerine ýetirilýär.

Aşgabatdaky «Zyýat Hil» konditer dükanlarynyň salgylary:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Peýdalanylan çeşmeler: food.ru; www.wedding-magazine.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar