Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» konditer önümleri: dürli tagamly tort süýjülikleri

10:2206.07.2023
0
33826

Sizde häzirem baýramçylyk, doglan güni ýa-da agşamlyk stolunyň başynda çaý bilen içmek üçin «nähili süýjülik tortuny saýlasam gowy bolar» diýen pikir bar bolsa gerek. Bu sowalyňyza-da, islegiňize hem datly tortlary bilen «Zyýat Hil» konditer önümleri dükanlary laýyk jogap tapar.

Dükanlaryň tejribeli, şeýle-de işine döredijilikli çemeleşýän ussat konditerleri her bir günüňizi ýatdan çykmajak pursatlara beslemäge ýardam ederler. Konditer önümleriniň assortimentinde — süýjülikleriň köpdürli görnüşleri, şol sanda medowik, biskwit tortlarynyň birnäçe görnüşleri, «snikers», «mars», «baunty», «polýot», plombir, miweli, şokoladly we hozly tortlar, şeýle hem täze — heniz siziň hiç bir ýerde dadyp görmedik tortlaryňyz bar.

Tortlary dürlüçe bezemek — özbaşyna ajaýyp sungat bolup, ony «Zyýat Hil» konditer önümleriniň hünärmenleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Bu ýerde tortlary islendik dizaýnda, stilde, dürli ölçeglerde we surat ýa-da eskiz esasynda hem taýýarlap berýärler. Mysal üçin, dükanlar toruna toý dabaralary üçin beýik, kaşaň tortlary, çagalar üçin multfilm şekilleri bilen bezelen, umuman, islendik dabara üçin tortlary sargyt etmek bolýar.

«Zyýat Hil» dükanlarymyzda siziň göwnüňize ýarajak dürli görnüşli ähli konditer önümleri hödürlenýär we her gün sagat 8:00-dan 22:45-e çenli arkaýyn gelip, görüp söwda edip bilersiňiz. Şeýle hem dükan Aşgabat şäheriniň islendik ýerine eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Aşgabatdaky «Zyýat Hil» dükanlarynyň salgylary:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Fotoreportaž: Aşgabatdaky «Zyýat Hil» konditer torlary: dürli sebäp we islege göra tort süýjülikleri

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň