Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Zyýat Hil» konditer tory tortlarynyň we süýjülikleriniň giň görnüşlerinden dadyp görmäge çagyrýar

16:5124.06.2023
0
54652

«Zyýat Hil» konditer önümleriniň tory Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna paýtagtyň ussat kulinarlarynyň taýýarlaýan tortlarynyň we süýjülikleriniň köpdürli görnüşlerini dadyp görmegi teklip edýär.

«Zyýat Hil» tortlaryň onlarça görnüşini, pirožnylary we kökeleri öndürýär, şeýle-de aýratyn möhüm ýagdaýlar — mysal üçin, toý dabaralary, doglan günlerdir ýubileýler üçin sargyt esasynda olary taýýarlap berýär.

Konditer önümleriniň haryt görnüşleriniň hatarynda — medowikleriň, biskwit tortlarynyň birnäçe görnüşi, «snikers», «mars», «baunti», plombir, miweli, şokoladly we hozly tortlar, bular bilen birlikde keksler, traýfllar, kökeleriň dürli görnüşleri, ketalar, rogalikler, dürli huruşly turbajyklar, şek-şeki, wafli we beýleki süýjülikler bar.

Bu ýerde alyjylara her günde täzeden-täze, diňe hilli we tebigy goşundylar ulanylyp taýýarlanan tortlar hem-de süýjülikler garaşýar. Bu konditer dükanlary her günde 8:00-dan 22:45-e çenli, dynç günsüz açykdyr. Zerur bolan ýagdaýynda edilen sargytlar ýa-da taýýar önümler Aşgabat şäheriniň islendik ýerine eltilip berilýär.

Aşgabatda ilkinji «Zyýat Hil» dükany 2020-nji ýylda açyldy, şondan bir ýyl soň bolsa, müşderileri ýene iki dükanda kabul edip başladylar. Gysga wagtyň içinde «Zyýat Hil» dükanlarynyň tortlarynyň hili süýjüligi halaýanlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy.

Häzirki wagtda türkmen paýtagtynda «Zyýat Hil» dükanlary üç ýerde, şu salgylarda iş alyp barýar:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy. «Seýran» söwda merkezi. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş top;lumy, 3-nji jaý, 1-nji gat. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň