Interýerde reňkleri ajaýyp sazlaşdyrmagyň syrlary

0
34780

Reňkiň adama örän täsir edýändigini baradaky fakty psihologlaryň we alymlaryň geçiren köp sanly barlaglary subut edýär. Her bir reňk adamyň psihikasyna öz täsirini ýetirip, gurşawda belli bir ýagdaýy ýa-da atmosferany döredip bilýär. 

Interýer bezeginde bolsa reňk sazlaşygynyň ikinji orunda durmaýandygyny «Alpha Home» dizaýn studiýasynyň hünärmenlerem tekrarlaýarlar.

Bu babatda studiýanyň baş dizaýneri «Turkmenportal» web saýty bilen koloristikanyň we sazlaşykly interýeriň käbir syrlaryny paýlaşdy.

Interýerde näçe reňk ulanylsa ýerlikli bolar?

Munda has çylşyrymly eýermeli kada ýok. Şeýlelikde, professional dizaýnerler köp sanly öwüşginleri birleşdirmek bilen, çylşyrymly we goýy reňk çözgütlerini döredip bilerler. Eger koloristika ugrundan hünärmen däl bolsaňyz, ýöne reňkleri «duýmagy» başaryp, nämäniň gowudygyna düşünseňiz, bezegiňizde bäş reňki ulanmaga synanyşyň, munuň üçin bolsa size reňk tegelegi kömek eder.

Bu çemeleşmeleri barlap görmegi islemeýänler bolsa, esasy üç reňki — başlangyç, goşmaça we aksentli reňkleri birleşdirmekden peýdalanyp bilerler.

Surat: ru.freepik.com

Interýerde reňkleriň paýlanyşynyň nähili ölçegleri bar?

«60-30-10» — bu otagyň interýerinde reňkleriň göterim gatnaşygy.

60% meýdany esasy göz öňüne tutýan reňkiňize beriň. Ol dymyk, ýumşak hem-de aramlyk bolup biler.

30% — goşmaça reňk hökmünde esasy reňke has aýdyň reňk ýardam edip biler.

10% üçin bolsa örän özüne çekiji, göze ilýän, ýiti reňk saýlanylýar. Ol interýeriň sazlaşygyny ýetirýär.

Akromatiki reňkler diýlip atlandyrylýan ak, çal we gara reňkleri göz öňüne tutmasaňyzam bolar. Olar bitarap bolup, islendik reňkiň üstüni ýetirip bilerler.

Surat: ru.freepik.com

Reňk tegeleginden nädip peýdalanmaly?

Reňk sazlaşygynyň shemasy köp dürli, ýöne esasy üç sany nusgawy usul bar:

  • monohromatik — tegelegiň bir segmentinden bolan baglanyşykly öwüşginleriň utgaşdyrylmasy;
  • kontrast — gapma-garşylyklaryň sazlaşygy (sary-fiolet, gyzyl-ýaşyl we ş.m);
  • yzygiderli üç reňk — biri-birine ýanaşyk öwüşginleri saýlamak. Iň meşhur üç reňkli utgaşyk — oranžewyý reňkiň gyzyl-oranžewyý hem-de sary-oranžewyý reňkler bilen, şeýle-de gök reňkiň ýaşyl we gök-ýaşyl reňkler bilen utgaşdyrylmagydyr.

Şeýle hem «Alpha Home-iň» hünärmeni interýere, esasanam, ýaşaýyş jaýlary üçin ajaýyp reňk utgaşdyrylmagyna has ünsli çemeleşilmelidigini aýtdy. Eýsem adam öýünde özüni rahat we oňaýly duýmalydyr.

«Alpha Home» dizaýn studiýasy otaglary abatlaýyş hyzmatlarynyň toplumy, şeýle-de dürli hili mebelleriň toplumyny taýýarlamak ýaly hyzmatlary hödürleýär.

Müşderilere obiwka, furnitura hem-de düzüm bölekleri üçin ýokary hilli matalaryň görnüşleri ýetirilýär. Şeýle-de «Alpha Home» dizaýn studiýasynyň hünärmenlerini maslahat almak üçin öýüňize tölegsiz çagyryp bilersiňiz. Mundan başga-da, studiýa tarapyndan müşderiler üçin bir otagyň ýa-da mebeliň 3D wizual görnüşi taýýarlanyp bilner.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary «Alpha Home» studiýasynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin şu salga ýüz tutup bilerler: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow köçesi, 186-njy jaý, «Bereket» binasy (girelge howludan).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81 и (+993 12) 12 12 91.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Peýdalanylan çeşmeler: kitchendecorium.ru; interior.sredaobuchenia.ru; lady-i.ru 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar