Soňky habarlar

Arhiw

«Alpha Home» 2023-nji ýylyň moda meýillerini göz öňünde tutup aşhana mebellerini öndürmegi teklip edýär

10:4615.05.2023
0
33600

«Alpha Home» mebel dizaýn studiýasy sargyt esasynda aşhana toplumlaryny we islendik aşhana mebellerini taýýarlamak hyzmatyny hödürleýär.

Studiýanyň ussalary ýumşak hem-de gabaraly (korpusly) mebelleri öndürmekde we bezemekde uly tejribä eýedirler. Müşderiniň isleglerine, aşhananyň meýdanyna we gurluşyna baglylykda, «Alpha Home» hünärmenleri iş meýdany bolan diwar we pol şkaflaryny, nahar stollaryny we oturgyçlaryny, rakowinanyň aşagyndaky şkaflary, tekjeleri, stellažlary we aşhananyň içinde ýerleşýän beýleki önümleri taýýarlarlar.

Önümçilik prosesinde «Alpha Home» hemişelik ulanylyş şertlerinde uzak wagtlap hyzmat edip biljek iň ýokary hilli materiallary we esbaplary ulanýar.

Studiýanyň dizaýnerleri aşhananyň bezeginde meşhur bolan meýilleri göz öňünde tutup, mebelleri döredýärler. Ilki bilen ýaramlylygyna ähmiýet berilýär: artykmaç bezeg elementleriniň bolmazlygy, uly bolmadyk giňişlikde hem aşhana enjamlaryny we önümleri saklamak üçin köp sanly ýeriň bolmagy, şeýle hem otagyň perimetri bilen ajaýyp sazlaşykda bolan gurluşlar. Döwrebap aşhanalarda süýşýän şkaflar, hereket mehanizmleriniň kömegi bilen aňsatlyk bilen açylýar, köplenç, munuň üçin tutawaçlar hem ulanylmaýar – ýuwaşlyk bilen basmak ýeterlikdir. Döwrebap aşhanalaryň ýüzleri ýeňil arassalanýar we hapa siňdirmeýär, reňk görnüşlerinde bolsa sada pastel ýa-da tebigy öwüşginler saýlanylyp alynýar.

«Alfa Home» studiýasynyň aşhana mebelleri sargyt edilende bu meýilleriň ählisi göz öňünde tutulyp bilner. Studiýanyň ussalarynyň tejribesi olara müşderileriň islendik pikirini ýokary hilli we gysga wagtyň içinde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Studiýanyň ähli önümlerine, mebel böleklerine we ulanyş şertlerine baglylykda, ýarym ýyla çenli kepillil berilýär.

«Alpha Home-da» sargyt etmek üçin studiýanyň şu salgyda ýerleşýän ofisine ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, Atamyrat Nyýazow köç., 186, («Bereket» binasy), girelge howluda.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 65) 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81 we (+ 993 12) 12 12 91.

«Alpha Home-iň» mebelleriniň nusgalary bilen studiýanyň sosial ulgamdaky sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň