Soňky habarlar

Arhiw

«Umytly Ýol» kompaniýasy: Türkmenistanda interýer dizaýnynyň häzirki zaman nusgalary

0
40895

Islendik öýüň atmosferasy reňk aýratynlygy we ýerleşdirme dizaýny, mebeller, bezeg elementleri ýaly birnäçe dürli düzüm böleklerinden durýar. Bu bezegleriň hatarynda aýratynam mebellere uly orun degişlidir. Sebäbi mebeller adamy iş ýeri, dynç alyş ýeri bilen üpjün edýär, şunuň bilen birlikde hem köp sanly wezipeleri ýerine ýetirýär. Ikinji bir wajyp zat bolsa — gurşawyň dizaýny. Ýerlikli we ýokary hilli ýerine ýetirilen abatlaýyş işleri islendik ýeri, hatda oňaýsyz otaglary hem «janlandyryp», giň gurşawa öwrüp biler. Bu işlerde jemleýji tapgyrda bezeg işleri, örän göwnejaý ýerine ýetirilip, otaglar nakgaşlyk eserleri, heýkeljikler, stilli küýzeler we güller bilen bezelýär. Bularyň ählisiniň sazlaşykly utgaşmasy netijesinde her otagyň, ofisiň we bütin öýüň atmosferasy gaýtalanmajak owadanlyga eýe bolýar. 

«Umytly ýol» kompaniýasy öz işiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde öýleriň we ofisleriň iň naýbaşy bezegini göz öňüne tutýan atmosferany döretmegi saýlap alýar. «Umytly ýoluň» hünärmenleri ajaýyp mebelleri, stile kybap dizaýnerlik abatlaýyş işleri hem-de güller bilen islendik gurşawa bezeg bermegi başarýarlar.

«Umytly ýol» hususy kärhanasy ýakyn ýyllarda, has takygy 2020-nji ýylda döredildi. Kärhananyň ilkinji iş ugry sargyt esasynda esasynda mebel öndürmek boldy. Munuň üçin bolsa ýörite Hytaýdan agaç bilen işlemäge niýetlenen enjamlar getirildi. Onuň kömegi bilen diňe bir mebeliň düzüm bölekleri ýasalman, eýsem, gölleri kesip taýýarlama işleri we oýma nagyşlaryny döretmek, şeýle-de matalary kesmek ýaly işler we beýleki zerurlyklar ýerine ýetirilýär.

«Alpha Home» dizaýn-studiýasy ýumşak we göwrümli mebeller, myhman otagy, ýatylýan otag, iş kabinetleri, aşhana otagy üçin niýetlenen mebel önümlerini, wanna otaglary üçin tahyllary, dürli ölçegdäki we görnüşdäki aýnalary, girelge mebelleri ýaly mebel önümçiliginiň islendik önümini taýýarlaýar. «Alpha Home» mebelleriniň dizaýny nepisligi, dymyk reňkdarlygy, siluetleriň göni çyzyklary bilen tapawutlanýar. Bu önümleriň esasy stil ugurlary häzirki zaman klassikasy, haý-tek we ýewropa stilidir. Önümçilikde türk öndürijileriniň ýokary hilli materiallary we furnituralary ulanylýar.

Floristika — «Umytly Ýol» kompaniýasynyň özboluşly iş ugrudyr. «Alpha Flowers» dükany dürli dabaralar we çäreler üçin gül bezeglerini, kompozisiýalary taýýarlamaga ýöriteleşendir. Bu ýerde doglan günler we ýubileýler üçin güller, toý dabaralary üçin hem-de romantik gül çemenleri baglanyp berilýär. Hünärmenler bägüller, çigildemler, astralar we hrizantemalar, kallar, giasintler ýaly gülleriň hemişe ter görnüşlerini peýdalanýarlar. Güllere bolan beýle gyzyklanmany kärhananyň hünärmeni sada sözler bilen düşündirýär: «Umytly Ýoluň» esasy ähmiýet berýän tarapy içerki dizaýn, şonuň üçin islendik otagy bezäp bilýän güller gysga ömürli bolsalaram, dizaýn bezeginiň esasy bölegidir.

Täze mebel satyn almak, onam sargyt esasynda ýasatmak az-kem çykdajyly ýagdaýy döredýär. Bu ýagdaýda bolsa, ýeke-täk çykalga tölegini möhletleýin geçirmek şerti bilen satyn almakdyr. «Alpha Home» studiýasy bolsa müşderilerine şeýle mümkinçiligi ýetirýär. Studiýada mebel ýasatmakda 3 hem-de 6 aýa çenli garaşaryna deslapdan umumy tölegiň 30%-ini geçirip haryt satyn almak şerti hödürlenýär. Munda harydyň töleginiň galyndysy her aýa deň bölünip, geçirilen tölegler üçin kwitansiýa berilýär.

«Alpha Home» diýazn-studiýasynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow şaýoly, 186-njy jaý, «Bereket» binasy, girelge binanyň howly tarapynda. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81, (+993 12) 12 12 91. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Alpha Flowers» güller dükany sargytlary sosial media ulgamyndaky sahypasy ýa-da (+993 65) 66 10 10 telefon belgisi boýunça kabul edýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar