Soňky habarlar

Arhiw

«Alpha Home» studiýasy abatlaýyş-bejeriş işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirýär

09:3208.04.2023
0
49553

«Alpha Home» dizaýnerlik studiýasy türkmenistanlylara gurşawy abatlaýyş işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek hyzmatlaryny hödürleýär. Bu işlere kosmetik we kapital abatlaýyş, dizaýnerlik abatlaýyş, şeýle-de bölekleýin abatlaýyş hem-de gurşawyň aýratyn alnan ýerini gaýtadan işläp bejermek degişlidir.

«Alpha Home» gurluşykçylar topary müşderiniň isleglerine laýyklykda, işleriň bitewi toplumyny ýerine ýetirýärler:

  • santehniki;
  • elektromontaž;
  • suwag işleri;
  • boýamak;
  • şpaklýowka işleri we ş.m.

Abatlaýyş işinde kompaniýa çykdajylaryň hasabyny taýýarlaýar, abatlaýyşyň býujetini hasaplaýar hem-de zerur bolan ýagdaýynda gurluşyk we bölekleýin abatlaýyş materiallaryny satyn alyp berýär.

Bulardan başga-da, «Alpha Home» studiýasynyň ussalary sargyt esasynda gysga möhletde ýumşak we korpus mebellerini taýýarlaýarlar, şeýle-de olary 3 aýdan 6 aýa çenli möhletleýin töleg geçirmek esasynda hödürleýärler. «Alpha Home» kärhanasynyň müşderileri bu ugurdan tejribeli hünärmeni öýlerine çagyryp, tölegsiz berilýän maslahatdan peýdalanyp bilerler.

Kompaniýanyň iş otagynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow köçesi, 186-njy jaý, «Bereket» binasy (girelgesi howluda).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81 и (+993 12) 12 12 91.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň