«Alpha Home» studiýasy sargyt esasynda mebel ýasap bermek hyzmatyny hödürleýär

09:3814.03.2023
0
30752

«Umytly Ýol» hususy kärhanasynyň «Alpha Home» studiýasy özbaşdak taslamalara laýyklykda, ýumşak we korpus mebelleri ýasap bermek hyzmatlaryny müşderilere ýetirýär.

Studiýanyň hünärmenleri islendik görnüşli mebelleri — dürli gurluşly kreslolar we diwanlar, aşhana we girelge otag garnituralaryny, aýnalary we köp hili mebel önümlerini taýýarlaýarlar. Mebelleri ýasamakda Türkiýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary hilli materiallary hem-de furnituralary peýdalanylýar. Kärhananyň ähli önümlerine 6 aý kepillik berilýär (mebelleriň görnüşine laýyklykda).

Studiýadan sargyt edilen ýagdaýynda dizaýneriň öýüňize maslahat bermek hyzmaty tölegsiz ýetirilýär. Mundan başga-da, sargyt edijiniň islegine görä geljekki taslamanyň 3D-wizuallaşdyrmasy görkezilýär.

Şu hyzmatlaryň hatarynda, «Alpha Home» studiýasy satyn alynýan harydyň deslapdan umumy bahasynyň 30%-ini tölemek şerti bilen mebel önümini 3 aýdan ýarym ýyla çenli garaşaryna bermek hyzmatyny hem alyp barýar.

Harydy garaşaryna bermek hyzmaty müşderiniň pasportynyň nusgasynyň hem-de işleýän ýerinden alan kepilnamasynyň bolan ýagdaýynda resmileşdirilýär. Soňra harydyň tölegi her aýda şol bir hasapda geçirilýär, her töleg üçin bolsa «Umytly Ýol» hususy kärhanasy aýratyn hasaba alyş ýazgysyny berýär. Harydyň tölegi nagt, şeýle hem nagt däl görnüşde kabul edilýär.

«Alpha Home» studiýasynyň alyp barýan işi bilen has giňişleýin tanyş bolmak hem-de sargyt etmek üçin şu salgylara ýüz tutmak bolýar: Aşgabat ş., Atamyrat Nyýazow köçesi, 186-njy jaý, «Bereket» binasy (howly tarapdan girilýär). Studiýanyň sosial media ulgamyndaky hasaby. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65 67 47 40, (+993 65) 64 44 47, (+993 12) 12 12 61, (+993 12) 12 12 71, (+993 12) 12 12 81 we (+993 12) 12 12 91).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň