Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Adamlar üçin sadagöwünli bolmak dogrusynda käbir maslahatlar

0
29389

«Ýönekeý bol, şonda adamlaryň özi saňa mylakatly bolar» diýlip berilýän nesihatlara aňsat gulak gabartmaýarys. Eger şunuň ýaly jümlelere bolan biperwaý häsiýetimizi çete goýup, «ýönekeý» diýilýän adamyň nähilidigi dogrusynda oýlansak nähili bolarka?

Köplenç, ýönekeý bolmak diýilmegi, size düşünmek isleseler-de düşünip bilmeýändigini aňladýar. Bu meselede ilki bilen, siz haýsy adamlar üçin düşünmesi kyn we ýapyk adamdygyňyz hakynda oýlanmaly. Eger siz kimdir birini özüňize mylakatly hasap etseňiz, onda öz «agyr» häsiýetiňiz dogrusynda hem oýlanara zat bardyr.

Kiçigöwünlilik 

Özüne aşa baha berýän adam beýlekilere garanyňda «ýönekeýräk bol» diýen ýaly maslahatlary köp eşidýändir. Bu hili adamlar beýlekilere päsgel bermek bilenem özlerini beýgeltmäge synanyşýarlar we käwagt özlerine aýratyn çemeleşilmegini talap edýärler. Eger tanyş-bilişleri, eden işleri we beýleki «üstünlikleri» bilen öwünmegi halaýanlardan bolsaňyz, beýle biderek ulumsylykdan dynmaga synanyşyň.

Ilki bilen, adatça adamlaryň öz ynamsyzlyklaryny ulumsylyk bilen ýapýandyklaryna düşünmelidiris. «Beýik» wezipäňize garamazdan, üstünlik gazanyp boljak hünär, güýmenje ýa-da iş tapmak zerurdyr.

Beýleki adamlara näçe gezek öwgüli sözleri aýdýandygyňyz, dostlaryňyzyň üstünliklerine begenjiňiz barada pikirlenmeli? Ýagşy amallar, beýleki adamlara kömek we üns ruhy ýönekeýligi tapmaga kömek edýär. Özüňizi daş-töweregiňizdäkileriň ýerine goýup görmegi hiç ýatdan çykarmaň.

Dili salamly bolmak, köpçülikde dil tapmagy başarmak

Ýapyk adamyň özüni alyp barşy köplenç halatda ulumsylyk hökmünde kabul edilýär. Bular ýaly adamlarda özüne bolan ynam hem-de aragatnaşyk endikleri bolmaýar.

Tiz netije çykaryp bilmezlik häsiýeti bilen göreşýän bolsa, adam öz ýalňyşlyklaryndan gorkmagy bes etmeli, beýlekileriň sen hakda näme pikir etjekdigi baradaky çuňňur oýlara batmaly däl. Şunuň ýaly ýagdaýda kadaly, başyňy dynç edýän ýagdaýdan çykmaga synanyşyň:

  • durmuşdaky üýtgeşmelerden gorkmaň, täze bir zady synag etdigiňiz bolar. Üýtgeşmeleri global derejedäki müşgillige ýetirmäň. Mysal üçin, beýle ýagdaýda ekzotik tagamy taýýarlap bilersiňiz, döredijilik meşgullanypň bilersiňiz we ş.m;
  • üstünlik gazansaňyz ony bellemegi ýatdan çykarmaň, bähbitli bir iş eden bolsaňyz az-kem «öwüniň»;
  • jemgyýetçilik gatnaşyklary dogrusynda azda-kände oýlanyp ýaşaň. Şeýlelikde, ýakyn wagtda boljak waka dogrusynda mümkin bolan ssenariýalary oýlap bilersiňiz.

Bilimiňi baýlaşdyrmak

Adamlar söz alşyp boljak, düşünjesi bolan, ýakymly hem-de gepleşmesi ýeňil bolan adamlar bilen gyzyklanýarlar. Munda dürli mowzuklarda pikir alyşmak we gepleşikleri dowam etdirmek ukyby ösdürilip bilner. Kitap okamak, muzeýlere we konsertlere gitmek, güýmenmek we dünýä düşünmegiň beýleki usullary intellektual we ruhy ösüşe uly ýardam edýär.

Diplomatik häsiýetli bolmak

Başgalaryň pikirine hormat goýmak garyndaşlaryň ýa-da kärdeşleriň bilen kadaly gatnaşyk gurmaga ýardam edýär. Öz nukdaýnazaryň bilen biriniň pikirini bölmek, kimdir birine täzeden düşündirmek ýa-da täzeden öwretmek synanyşyklary düşünişmezlige sebäp bolýar. Göz öňüne tutmak, düşünmek we beýleki pikirleri kabul etmek adamlaryň arasyndaky sazlaşykly gatnaşygy dowam etdirmek üçin esasdyr.

Şu aýdylanlardan netije çykaryp, ýönekeý, sadagöwünli häsiýet bilen adamlara garamak, olar bilen ýönekeý çemeleşmek gatnaşyga zyýan getirmez. Ýöne näme diýilse-de boýun almaly, bize ýönekeý häsiýetli, mylakatly bolmak aňsat düşenok.

Peýdalanylan çeşmeler: gurutest.ru; motivation-life.ru; vc.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar