Top.Mail.Ru

Durmuş gurmak teklibiniň çäresini restorandyr kafede guramak

0
40589

Durmuş gurmak baradaky ilkinji teklip islendik ynsanyň unudyp bolmajak derejede täsirli duýgusydyr. Täze dörejek maşgalanyň ilkinji ädimleri ýatdan çykmajak derejede, romantik öwüşginli pursatlar bilen bezelmelidir.

Bu her bir erkek kişiniň jentlmenlik çemeleşmeleriniň belent äheňi bolup, zenan üçin jadylaýjy ýagdaýdyr.

Munuň üçin ilkinji nobatda erkegiň çynlakaýlygynyň alamaty bolan ýüzügi saýlamak zerurdyr. Şol sebäpdenem, oglan halaýan gyzynyň her bir bezegine üns bermelidir, onuň nähili ýüzükleri dakmagy gowy görýändigini anyklamaga çalyşmalydyr. Eger ol halaýan gyzynyň bezeglerini görüp bilýän bolsa, onda olaryň ölçegini bilmeli:

  • Iç ýüzünden kagyza tegelek şekil çekmek arkaly;
  • Çyzgyç bilen diametrini ölçäp;
  • Eliňe dakyp barlanyňda ýüzügiň geçmän galýan ýerini bellemek bilen.

Bu babatda gyzyň jorasy ýa-da ejesi bilen maslahatlaşyp bolýan bolsa has gowusy bolsa gerek.

Erkek kişiniň ýene-de bir aýgytly pursaty döretjek ýeri — durmuş gurmagy teklip edýän mahalynda aýtjak sözüdir. Bu pursatda diňe tüýs ýürekden gelýän mähirli sözler beýan edilmeli. Gyzyň ilkinji gezek öz ykbalyňdaky gyzdygyna düşünen şol çözgüdiň bu ýerde seniň başyňy alyp çykmagyňa ýardam etmeli.

Eger bu aýgytlaýjy pursata tolgunma bilen garaşýan bolsaňyz, aýdylmaly sözleriňizem biynjalyk edýän bolsa, onda araňyzdaky gatnaşyk barada özüňize birnäçe sowallary berip görüň. Mysal üçin:

  • Siz näme üçin öýlenmek islediňiz?
  • Siz üçin aýralyk nähili ýagdaý?
  • Bilelikde siz nähili çylşyrymly ýollary geçdiňiz?

Indiki mesele — durmuş gurmak teklibini etmäge kybap geljek ýeri saýlap almak. Adatça, bu çäräni restoranda ýa-da kafede bellemek göwnejaý bolsa gerek.

Aşgabat şäheriniň çäginde bu sowalyň jogabyny tapmakda oýlanyp oturasy kynçylyk ýok. «Üzüm» kafesi eýýäm bu hili jadyly pursatlaryň köp gezek şaýady bolupdy. Şonuň üçinem hatda ümsümligiň sesi hem eşidilmeýän bu rahat kafede durmuşyň kesgitli teklibini etmek iň ýerliklisi bolsa gerek.

Agşamky duşuşygy ýokary oňaýlylykda guramak üçin nämeler gerek?

  1. Kafeniň bir stoluny haýsydyr bir maşgala derejesindäki şanly senä, mysal üçin gyzyň doglan gününe belledip goýmak; Ýa bolmasa bu teklibi özbaşyna gyzykly bolar ýaly adaty günleriň birinde guramak;
  2. «Üzüm» kafesiniň menejeri bilen ähli guramaçylyk işlerini, menýuny, stol bezegini gürleşip goýmak.

«Üzüm» kafesiniň tapawutly aýratynlyklarynyň biri-de, bu ýerde islegiňe görä nahar sargyt edip bolýanlygydyr. Eger-de gyzyň naharda halaýan tagamlary we süýjülikleri bolsa, onda esasy aşpez bu nahary aýratyn islege laýyk edip taýýarlap berýär.

Kiçijik maslahat! Ýüzügi naharyň ýa-da suwuň içine salyp gizlemäň. Bu zyýanly täsiri döredip biler.

Bu hili çäräni guramak bilen, kafeniň bosagasyna gelnende aýdym-sazly garşy alyş dabarasynyň hem geçirilýändigini bellemek gerek. Professional pianinoçynyň «janly» ýerine ýetirmeginde diňlenjek sazlar bolsa bu gijäniň ýatdan çykmagyna hiç ýol bermez. A eger-de ýaşlaryň ikisiniň-de öz halaýan sazy ýa aýdymy bolsa, onda sazanda bu sazy islegler boýunça ýerine ýetirip berer.

«Käbir müşderiler üçin biziň kafemiz iň bir şowly ýerleriň birine öwrüldi. Ilkinji duşuşyklaryny «Üzüm» kafesinde geçiren ýaş juwanlar bu günki gün kafemize çagalary bilen yzygderli dynç almaga gelýärler» — diýip, kafeniň menejeri gürrüň berdi.

«Üzüm» kafesiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Ç.Baýryýew köçesi (ozalky Mežlauk), 13-nji jaý («Ak altyn» myhmanhanasynyň golaýyndaky ozalky mebel dükanynyň ýerinde). Stol sargyt edip belletmek üçin telefon belgileri: (+993 12) 36 05 00, (+993 65) 71 87 20.

Peýdalanylan çeşmeler: www.eventnn.ru; svadebka.ws; onelovestory.pro.
 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar