Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Berdimämmet Gurbanow

0
11398

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça wagyz işleri dowam edýär. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň sany 9 adamdan ybarat. Dalaşgärleriň biri Berdimämmet Gurbanowyň terjimehaly we saýlaw maksatnamasy bilen tanyş edýäris.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Berdimämmet Hanmämmedowiç Gurbanowyň terjimehaly

Berdimämmet Hanmämmedowiç Gurbanow 1981-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Çaloýuk geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen.

1988 — 1997-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyndaky 8-nji orta mekdepde okady.

1998 — 2004-nji ýyllarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde okap, ony maşgala lukmany hünäri boýunça tamamlady.

2001 — 2004-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkeziniň şepagat dogany bolup işledi.

2004-2005-nji ýyllarda Balkan welaýat köpugurly hassahanasynda maşgala lukmany hünäri boýunça internatura geçdi.

2005 — 2007-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Esenguly etrap hassahanasynyň Bugdaýly oba saglyk merkeziniň maşgala lukmany bolup işledi.

2007-2008-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Esenguly etrap hassahanasynyň Bugdaýly oba saglyk merkeziniň müdiri wezipesinde işledi.

2008 — 2010-njy ýyllarda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäher hassahanasynyň baş lukmany wezipesinde işledi.

2010 — 2012-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Esenguly etrap hassahanasynyň baş lukmany bolup işledi.

2012 — 2019-njy ýyllarda Balkan welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň ilkinji saglygy goraýyş işleri boýunça orunbasary bolup işledi.

2019-njy ýylyň mart aýyndan bäri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany wezipesinde işleýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň deputaty.

Maşgalaly, bir çagasy bar.

Balkan welaýatynyň raýatlarynyň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärlige hödürlenildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Berdimämmet Hanmämmedowiç Gurbanowyň maksatnamasy

Meni uly döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlän raýatlaryň teklipçi toparyna köp sagbolsun aýdýaryn, olara işlerinde abraý we üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren ajaýyp zamanasynda mähriban Watanymyz dünýäniň syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, asuda, abadan ýurtlarynyň hataryndaky ornuny barha berkidýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda güýçli depginler bilen ösüp, bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzda ähmiýeti hem-de möçberi babatda halkara derejeli ägirt uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň daşyna berkden-berk jebisleşen agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň asyrlarboýy eden arzuwlaryna, belent maksatlaryna ýetýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda röwşen geljegimize gönükdirilen şeýle giň gerimli özgertmeleriň hemişe rowaçlyklara beslenmeginde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde iş tejribämi, ukyp-başarnygymy gaýgyrman zähmet çekjekdigime ynandyrýaryn.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek saýlawlar boýunça dalaşgär hökmünde hödürlenmegim ýurdumyzyň köptaraply ösüşine mynasyp goşant goşmakdaky raýatlyk borjumy has-da ýokarlandyrýar.

Öňde boljak saýlawlarda saýlawçylar ynam bildirseler, gerdenime düşýän jogapkärli wezipe-borçlara abraý bilen hötde gelmekde ähli ukyp-başarnygymy, yhlasly zähmetimi hem-de iş tejribämi gaýgyrmajakdygyma söz berýärin. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň mundan beýläk hem üstünliklere beslenmegi, özüme ynam bildirilen wezipäni ödemek öňde goýýan esasy maksatlarymyň özenini düzer.

Ata Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarynda hemişelik we oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöredip başlady. Türkmenistanyň daşary we içeri syýasaty, Bitaraplyk hukuk derejesi türkmen halkynyň özboluşly milli däp-dessurlaryndan, parahatçylyk söýüjilikli häsiýetinden ugur alýar. Şol bir wagtyň özünde, türkmen döwleti Bitaraplyk syýasatynyň esas goýujy, hususan-da, parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini hormatlamak, olar bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmak, halkara harby guramalara we ylalaşyklara gatnaşmazlyk, halkara meseleleri syýasy we diplomatik serişdeleri ulanmak arkaly çözmek ýaly ýörelgelere ygrarly bolmagynda galar.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin abraýly halkara guramalar, goňşy we daşary döwletler bilen ynsanperwer, dost-doganlygy ösdürýän halkara hyzmatdaşlyk mundan beýläk-de üstünlikli alnyp barlar. Hoşniýetli, özara bähbitli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, milli bähbitlere laýyk gelýän köpýyllyk hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak, parahatçylyk söýüji ýurt hökmünde mähriban Watanymyzyň halkara derejedäki at-abraýynyň mundan beýläk-de artmagy üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmeklige işjeň gatnaşmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Türkmenistan geljekde-de parahatçylygy, asudalygy söýýän we ony gorap saklamak babatynda täze çözgütleri amala aşyrýan Garaşsyz döwlet hökmünde dünýä bileleşiginde has uly abraýa eýe bolar.

Ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli artdyrmakda binýatlyk pudaklaryň depginli ösüşini üpjün etmek aýratyn üns berilýän ugurlaryň biridir. Şoňa görä-de, milli ykdysadyýetimiziň, nebitgaz, mineral serişdeler, energetika, himiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk, söwda, saglygy goraýyş, sport, medeniýet hem-de syýahatçylyk pudaklarynyň okgunly ösüşini gazanmakda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu pudaklaryň depginli ösdürilmegi mydamalyk täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, zähmetsöýer halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagynyň gözbaşyna öwrülýär. Ýerlerde durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň işe girizilmegi, gysga möhletde önüm öndürmäge mümkinçiligi bolan kärhanalaryň işini ýola goýmakda kiçi we orta telekeçiligi işjeň goldamak ilatyň abadan durmuşyny üpjün etmekdäki tagallalara netijeli itergi berer.

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň mundan beýläk-de özgerdilmegine aýratyn ähmiýet bereris. Döwrebap lukmançylyk merkezleriniň gurluşygyny, lukmançylyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da berkidilmegini üpjün ederis.

Ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän şypahanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkymyzyň saglygyny goramak babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň miweleridir. Bu ugurlarda alnyp barylýan işleri mynasyp dowam etdirip, halkymyzyň alkyşyna eýe bolmakdan uly bagt ýokdur.

Ylymly, bilimli, dürli hünärlerden ussatlyk bilen baş çykarýan, ruhy we beden taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmekde 30 ýylyň, esasan-da, soňky 15 ýylyň içinde belent sepgitlere, uly üstünliklere ýetildi. Bu ynsanperwer ýollar geljekde-de dowam etdiriler. Şeýle asylly maksada mynasyp goşant goşmakda mümkinçilikleri içgin öwrenmäge hem-de olaryň herekete girizilmegini gazanmaga, döwlet ynsanperwer syýasatynda ýaşlar barada edilýän aladalaryň rowaçlyklara beslenmegine goşýan goşandymyzyň gerimini has-da giňeltmek bolsa öňde goýýan asylly maksatlarymyzyň biri bolar.

Halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli tutumlary amala aşyrmakda öňümizde durýan wezipelere abraý bilen hötde gelmek baş maksadymyzdyr.

Milli demokratiýamyzyň, kämil durmuş ýörelgelerimiziň bütin dünýä ýaýylmagynda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar