Soňky habarlar

Arhiw

Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda «Kaýratyň» täze möwsümi nähili bolar

0
15462
Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda «Kaýratyň» täze möwsümi nähili bolar
Surat: www.eurosport.ru

2021-nji ýylyň awgust aýynda türkmen tälimçisi Gurban Berdiýew Gazagystanyň «Kaýratynyň» tälimçisi wezipesine bellenildi. Şol wagt topar Gazagystanyň çempionadynyň üçünji ýerinde barýardy. Tanymal tälimçiniň bellenilmegi toparyň janköýerlerini uly şatlyga besledi. Çünki «Kaýrat» öz taryhynda ilkinji gezek UEFA-nyň Ýewropa Konferensiýa ligasynyň toparlaýyn derejesinde çykyş etmäge hukuk gazandy.

Şunuň bilen birlikde dünýäniň güýçli bäşligine girýän toparlara garşy oýnamakda uly tejribä eýe bolan tälimçiniň gelmegi janköýerleriň köpüsinde bu bäsleşikde hem-de içerki çempionatda gowy netijeleri gazanmak babatda umyt döretdi.

Şol möwsümde bäsleşigiň jemi boýunça Gurban Berdiýewiň «Kaýraty» Kipriň «Omoniýasy», Azerbaýjanyň «Karabahy» şeýle-de Şweýsariýanyň «Bazeli» bilen bilelikde çykyş eden toparçasynda dördünji orny eýeledi, şeýle-de Gazagystanyň çempionadynyň bürünç medalynyň eýesi boldy. Ýeri gelende bellesek, hem ýewrokuboklarda hem-de içki çempionatda oýnamak bilen gowy netijeleri gazanmak käte has tejribeli we atly toparlara hem başardanok.

Emma öz döwründe «Rubini» Ýewropa ligasynyň 1/4 finalyna çykaran, ýa-da «Rostowyň» baş tälimçisi wezipesinde işläp oňa taryhyndaky ilkinji kümüş medallaryny gazandyran, şeýle-de bu iki topar bilen «Barselona», «Atletiko Madrid», «Çelsi», «Bawariýa» ýaly futbol ägirtlerini ýeňmegi başaran tälimçiniň hut özi üçin bu netije kanagatlanarsyz bolmaly.

Bu sebäpden hem, täze möwsümde Gazagystanyň «Kaýratynyň» futbol taryhynda täze sahypa açylýar. Indi Gurban Berdiýewde geçen möwsümiň netijeleri boýunça öz oýunçylaryna doly derejede baha bermäge we geljeki möwsüm üçin toparyň düzümini kesgitlemäge mümkinçiligi bar.

Bu babatda sözüň doly manysynda degişli işleriň alnyp barylýandygyny «Kaýratyň» düzüminde bolup geçýän üýtgeşmelere ser salanyňda görüp bolýar. Täze möwsümde toparyň düzüminiň täzelenjekdigine şertnamalarynyň möhledi tamamlanyp gelýän futbolçylar bilen täze şertnamalaryň baglanyşmazlygyny görkezip bolar.

Bularyň içinde iň esasy agzalmaly futbolçylaryň biri hem toparyň köýnekçesinde 38 oýuna gatnaşan we jemi 14 gol geçiren «Kaýratyň» esasy ýyldyzy brazilýaly futbolçy Wagner Lawdyr. Futbolçy umuman alanyňda gowy netijeleri görkezýän hem bolsa, onuň bilen hyzmatdaşlygy bes etmek kararyna gelindi.

Mundan başga-da «Kaýrat» futbol toparynyň esasy saýtynyň habar bermegine görä topar ýene-de 4 oýunçy, ýagny, toparyň derwezebany Stas Pokatilow, toparyň öňki kapitany we goragçysy Gafurjan Suýumbaýew, şeýle-de toparyň goragçylary Kamo Ogenesýan we Denis Polýakow bilen hoşlaşdy. Esasy düzümiň goragçylarynyň biri bolan Nuraly Alip bolsa Sank-Peterburgyň «Zenit» toparyna kärendesine geçdi. Munuň şeýledigini toparyň baş direktory Aleksandr Medwedew Bobsoccer.ru saýtyna beren interwýusynda tassyklady.

Häzirki wagtda toparyň düzümindäki daşary ýurt oýunçylaryň ýene ikisiniň ýagny Neboýşe Kosowiçiň we Rade Dugaliçiň şertnamalaryny uzaltmak bilen baglanyşykly gepleşikler alnyp barylýar. Şeýle-de üýtgeşmeler diňe bir oýunçy düzüminde däl, eýsen tälimçi hem-de ýolbaşçy düzüminde hem bolup geçdi. Klubyň resmi web saýtynyň habar bermegine görä, Gurban Berdiýewiň kömekçisi hökmünde topara futbol tälimçi Iwan Albertowiç Danilýans goşuldy.

Şeýle-de futbol klubyň baş direktory hem üýtgedi. Klubyň täze baş direktory wezipesine 40 ýaşly hünärmen Askar Ýesimow bellendi. Ol bu wezipede 2015-nji ýyldan bäri «Kaýradyň» dolandyryş ulgamynda işleýän Marat Baýmuhanowy çalyşdy.

Emma giden futbolçylaryň ornuny tutjak transferler hakynda entek resmi taýdan hiç zat yglan edilenok. Bu ugurda Daşkendiň «Lokomotiw» futbol toparynyň goragçysy Jasur Jololiddinowyň «Kaýrat» toparyna kärendesine geçmegini hem topar üçin uly bir güýçlenme hökmünde garap bolmaýar.  

Şeýle-de ýakynda «Kaýradyň» gelejegi babatda toparyň synçylar geňeşiniň başlygy Kaýrat Boronbaýew öz Instagram sahypasynda ýüzlenme bilen çykyş etdi. Ýüzlenmede «Kaýradyň» akademiýasynda ezber ýaş futbolçylaryň kemala gelenligi we olara özüni görkezmäge mümkinçilik dörediljekdigi hakynda aýdylýar.

Bu üýtgeşmeleriň Almaty şäheriniň «Kaýradynyň» oýnuna nähili täsir etjekdigi entek belli däl. Toparyň oýnuna laýyk bahany 6 barlag oýnunyň geçirilmegi meýilleşdirýän Türkiýede geçjek okuw türgenleşik ýygnanşygyndan soň berip bolar.

Toparyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, häzirki wagtda türk meýdançalarynda geçiriljek duşyklarda bäsdeş boljak bäş toparyň ady mälimdir:      9-njy fewralda «Kaýradyň» ilkinji garşydaşy Bosniýa we Gersegowinadan «Boras» futbol kluby bolar, 12-nji fewralda topar Özbegistanyň Namangan şäherinden «Nawbahor» futbol kluby bilen duşuşar, 15-nji fewralda bolsa "sary-garalaryň" bäsdeşi Kiýewiň futbol kluby "Dinamo" bolar, 18-nji fewralda topar adybir şäheriň "Soçi" topary bilen bäsleşer we 22-nji fewralda Latwiýanyň «Riga» futbol kluby bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar