Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Awtoulag ýük gatnawlarynyň artykmaçlyklary nämede

0
16237

Awtoulag ýük daşamalary — bu gysga aralyga, şeýle-de 1000 km-den hem gowrak uzak aralyklara ýükleri daşamagyň iň uly isleg bildirilýän we giňden ýaýran görnüşidir. Bu hili gatnawlar ýol şertleri bolan islendik ýerlerde amala aşyrylyp bilner.

Awtoulaglar multimodal ýük gatnawlarynda umumy ulag ýük daşamalarynyň bir pudagy bolup, ýükleri zerur ýere eltmekde örän amatlydyr. Ýük awtoulaglary üçin diňe deňizler ýa-da ummanlar gatnaw päsgelçiligini döredip biler.

“Hazar Logistik” kompaniýasy esasan howply ýa-da agyr harytlary daşamak, konteýnerleri daşamak, ýörite temperatura şertlerinde (sowadyjy awtoulaglarda we izotermik awtoulaglarda) ýükleri daşamagyň ähli görnüşlerini amala aşyrýar.

Ýükleri daşamagyň beýleki usullary ýaly, awtoulag ýük daşamalarynyň hem özboluşly artykmaçlyklary bar. Hazar Logistik kompaniýasynyň hünärmenleri olar barada giňişleýin gürrüň berdiler.

  1. Bu esasan-da gysga aralyk üçin amatlydyr. Şu nukdaýnazardan, awtoulag gatnawlary demir ýollardan ep-esli amatlydyr, sebäbi onuň şol aralykdaky çykdajysy demir ýol ulagynyňkydan pes bolup, tizligi boýunça has ýokarydyr. Aýratyn-da, awtoulag ýük daşamalary şäher içinde ýa-da etrapda, şäherara azyk önümlerini eltmekde has peýdalydyr.
  2. Ýany bilen ugradylýan resminamalaryň gysga wagtd taýýrlanmagy. Harytlary arza berilen güni ugradyp bolýr.
  3. Ulagyň ýükli hereketinde çeýeligi we ykjamlygy bilen tapawutlanýar. Harytlary eltmeli ýerine äkidilende harydy müşderiniň göni özüne bermek mümkin.
  4. Döwrebap ýük awtoulaglarynyň mümkinçilikleri, islendik görnüşli ýükleri, şol sanda howply ýa-da agyr ýükleri daşamaga mümkinçilik berýär. Käbir kompaniýalar hatda 1 kilogramdan hem ýeňil harytlary eltip berýärler.
  5. Hökmany berjaý edilmeli berk talaply tertibiň ýoklugy. Ýagny, ýük ulag kompaniýasy üçin-de, müşderi üçin hem amatly bolan wagtda iberilip bilner.
  6. Ýüklemek üçin ýörite infrastruktura hökman däl (ýük terminallary, ýörite gözden geçiriş nokatlary we ş.m). Esasy ýüki eltmeli ýere barýan gara ýollaryň bolmagy we ýükleri ýüklemek ýa düşürmek üçin işçi güýjüniň bolmagy ýeterlikdir.

Hazar Logistik kompaniýasy Türkmenistanyň içine we GDA ýurtlaryna haryt daşamagy alyp barýar.

Kompaniýanyň hyzmatlarynyň hataryna harytlaryň tutuş ýol boýunça ugradylmagy hem girýär. Awtoulaglaryň ýörite GPS enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy olaryň gidişini barlamaga, barmaly ýere eltilmegine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Müşderä harytlary eltmek üçin ugur düzülende kompaniýanyň hünärmenleri ýük daşama wagtynda maliýe we wagt tygşytlylygyny üpjün etmek üçin iň amatly ugry seljerýärler we hasaplaýarlar.

Şunuň bilen birlikde, “Hazar Logistik” kompaniýasynyň hünärmenleri ähli gümrük amallarynyň ýokary hilli geçirilmegini kepillendirýär we ýüklemek-düşürmek hyzmatlarynyň bitewi toplumyny üpjün edýär. Kompaniýanyň Aşgabatdaky we Mary welaýatyndaky ofisleri ähli ugurlar boýunça ýükleriň daşalmagyny gurnaýar.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar