Satyn alnan petekleri nädip onlaýn görnüşinde yzyna gaýtarmaly

0
70324

Meýilnamanyň üýtgemegi bilen satyn alnan petekleri yzyna tabşyrmak zerurlygy hemmelerde döräp biljek ýagdaýdyr. Şeýle bolan halatynda petekleri yzyna gaýtarmak işine mümkin boldugyndan çalt girişmek gerek. Uçuş gününe çenli näçe köp wagt bar bolsa petegi yzyna gaýtarmak hem-de onuň çykdajysynyň öwezini dolmak şonça-da ýeňildir. «Türkmenportal» habarlar saýty artykmaç çykdaja galmazdan petekleri yzyna gaýtarmak işini ähli taraplaýyn öwrenip, bu maglumatlary siziň bilen paýlaşýar.

«Türkmenistan» Howaýollary saýtynda satyn alnan petekleri yzyna gaýtarmagyň tertibi:

  1. Satyn alnan petegi we oňa sarp edilen pul serişdesini töleg geçiren raýatyň (töleg geçirmäge ygtyýar berlen adamyň ýa-da resmi wekiliň) uçuşy ýatyrýandygy hem-de oňa sarp edilen pul serişdesini yzyna gaýtarmak isleýändigi hakynda arzasy esasynda ýerine ýetirilýär;
  2. Satyn alnan petegi we oňa sarp edilen pul serişdelerini yzyna gaýtarmak üçin info@turkmenistanairlines.tm elektron salgysyna aşakda görkezilen resminamalary ugratmalydyr;
  3. Howaýollary gullugynyň saýtynda satyn alnan petek diňe şol saýt arkaly yzyna gaýtarylýar;
  4. Petegi yzyna gaýtarmak barada arza bilen ýüz tutmak petek satyn alnanda ulanylan elektron poçta salgysy arkaly amala aşyrylýar.

Saýtdan petekler satyn alnanda bank kartlarynyň ulanylan ýagdaýynda petekleri yzyna gaýtarmak üçin şu resminamalar talap edilýär:

  1. Uçuşy ýatyrmak hem-de petege sarp edilen pul serişdelerini yzyna gaýtarmak hakynda doldurylan arzanyň nusgasy;
  2. Petegiň elektron görnüşi;
  3. Ýolagçynyň pasportynyň nusgasy(suratly sahypasy);
  4. Ynanylan wekiliň pasportynyň nusgasy(suratly sahypasy);
  5. Petegi satyn almak üçin töleg geçirilen bank kartynyň hereketini tassyklaýan resminama(banky hasabynyň rekwiziti).

Howaýollary gullugy jogapkärçilik çekmeýär:

  1. Pul birliginiň öwrülmegi esasynda ýüze çykan pul jemlerindäki tapawuda we petegiň pul serişdeleriniň bank kartyna yzyna gaýtarylmagy üçin bankyň hyzmat tölegine;
  2. Uçuş wagtyna 24 sagatdan köp wagt galanda uçuşy ýatymak üçin  töleg kabul edilmeýär;
  3. Uçuş wagtyna 24 sagatdan az wagt galanda ýa-da uçuşdan soň uçuşy ýatyrmak üçin petegiň umumy pul serişdesinden 15% töleg tutulýar;
  4. Yzyna gaýtarylýan petegiň pul serişdeleri bellenilen nyrhnamanyň ýerine ýetiriliş tertibine görä kesgitlenilýär. Bu barada gullugyň saýty arkaly tanşyp ýa-da +993 12 39 17 47 belgä jaň edip, şeýle hem  info@turkmenistanairlines.tm elektron salgysyna ýüz tutup maglumat alyp bolar.
  5. Degişli pul serişdeleri ähli zerur resminamalar kabul edilenden soň 20 iş günüň dowamynda yzyna gaýtarylýar.

 

«Demirýollary» gullugynyň saýtynda satyn alnan petekleri yzyna gaýtarmagyň tertibi:

  1. Resmi saýt arkaly satyn alnan petekleri diňe şol saýt arkaly yzyna gaýtaryp bolýar. Häzirki wagtda bu hyzmat Android (1.5.0 wersiýa) ulgamy üçin elýeterlidir. Ýakynda hyzmatyň iOS ulgamyna niýetlenilen görnüşi hem taýýarlanylar;
  2. Petegi yzyna gaýtarmak üçin saýtyň baş sahypasyndaky «Petekleri yzyna gaýtarmak» bölümini saýlamalydyr;
  3. Soňra sahypa petegiň belgisini girizip, «Indiki ädim» bölüminde öz «Altyn asyr» elektron kartyňyzyň ulanylyş möhletini görkezmelidir;
  4. «Petegi tabşyrmak» düwmesine basmak arkaly siziň elektron hasabyňyza, ýagny «Altyn asyr» kartyňyza petegi yzyna tabşyrmagyň şertlerine laýyklykda degişli pul serişdeleri geçiriler. Soňra 1-3 günüň dowamynda bank tarapyndan tölegiňiziň yzyna gaýtarylandygy hakynda SMS habarnamasy ugradylar;
  5. Has giňişleýin maglumat almak üçin +993 12 38 32 73 belgä jaň edip bilersiňiz.

Ulanylmadyk otly petekleriniň pul serişdelerini yzyna gaýtarmagyň şertleri:

Eger petek otlynyň ugraýan wagtyna 24 sagat galanda yzyna gaýtarylsa:

  • Gatnawyň we ätiýaçlandyryşyň tölegi yzyna gaýtarylýar;
  • Hyzmatlaryň saklanylandygy üçin 3 manat, yzyna gaýtarylýandygy üçin 5 manat töleg kabul edilýär.

Eger petek otlynyň ugramagyna 6 sagatdan köp wagt galanda yzyna tabşyrylsa:

  • Gatnawyň bahasyndan 10% töleg kabul edilýär.
  • Hyzmatlaryň saklanylandygy üçin 3 manat, yzna gaýtarylýandygy üçin 5 manat töleg kabul edilýär;
  • Ätiýaçlandyryşyň tölegi yzyna gaýtarylýar.

Eger petek otlynyň ugramagyna 6 sagatdan az wagt galanda yzyna tabşyrylsa:

  • Gatnawyň bahasyndan 25% töleg kabul edilýär.
  • Hyzmatlaryň saklanylandygy üçin 3 manat, yzna gaýtarylýandygy üçin 5 manat töleg kabul edilýär;
  • Ätiýaçlandyryşyň tölegi yzyna gaýtarylýar.

«Awtomobil Ulag Hyzmaty» AGPJ saýtyndan satyn alnan awtobus peteklerini yzyna gaýtarmagyň tertibi:

  1. Petekleri diňe kassalary arkaly yzyna tabşyrmaly. Munuň üçin ýolagçynyň pasportynyň nusgasy we kagyz petek talap edilýär;
  2. Awtobus ugranyndan soňra 3 sagat gijä galnyp yzyna tabşyrylan petekleriň umumy töleginden 25% saklanylýar;
  3. Awtobusyň ugramagyna 2 sagatdan köp wagt barka yzyna tabşyrylan petekleriň umumy töleginden 5% saklanylýar;
  4. Awtobusyň ugramagyna 2 sagatdan az wagt barka yzyna tabşyrylan petekleriň umumy töleginden 15% saklanylýar.

 

«Saray» goşundysyndan satyn alnan awia we otly petegini yzyna tabşyrmagyň tertibi:

Smartfonyň ekranynda «Saray» goşundynyň «Petekler» bölüminde «Sargytlaryň taryhy» atly ýazgy peýda bolar. Elektron petekler şu ýerde yzyna gaýtarylýar;

Petege basmak bilen indiki menýu geçmek bolar. Soňra «Petegi yzyna gaýtarmak» atly ýazga basyp täze penjiräni açmalydyr. Bu ýerde petegi yzyna gaýtarmak hakynda maglumatlar ýerleşdirilýär. Maglumat bilen tanşyp, «Yzyna gaýtarmak» düwmesine basmalydyr.

Soňra elektron poçta salgyňyza hem-de smartfonyň ekranyna petegiň yzyna tabşyrylandygy hakynda habarnama geler.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar