Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýeden gelen ýükleri nädip import etmeli ?

0
31191
Türkiýeden gelen ýükleri nädip import etmeli ?

“Form Export” hususy kärhanasy Türkmenistanyň telekeçilerini hyzmatdaşlyga çagyrýar we Türkiýäniň önümçiliginiň köp dürli harytlaryny getirmekde gatnaşmagy hödürleýär.

“Form Export” eksport hyzmatlary bilen üpjün ediji hasaplanylýar. “Form Export” iş gurşawyna, Türkiýäniň her dürli harytlarynyň: arassaçylyk serişdeleriniň, gündelik durmuşda ulanylýan himiýa serişdeleriniň, azyk serişdeleriniň, çaga arlyklaryň, çygly süpürgiçleriň, gurluşyk harytlarynyň, kabelleriň we başgalaryň getirilmegi girýär.

“Form Export” harytlaryň Türkmenistana eksport edilmegini gurnamak boýunça hyzmatlar toplumyny, ýagny: önüm öndürijiler bilen şertnama baglanyşmakdan başlap tä ýüküň Türkmenistana ýük awtoulagynyň üsti bilen onuň soňraky gümrük taýdan resmileşdirmek we harydyň öz-özüne baha kesmegi bilen getirilmek hyzmatyny hödürlemäge taýýar. Ýük gatnawynyň bahasyny elýeter etmek maksady bilen “Form Export” HK birnäçe sargyt edijileriň sargydyny bir wagtda bilelikde ugradylmagyny üpjün edýär (konteýneriň toparlaýyn kärendesi). Müşderiniň islegi boýunça “Form Export” türk önümçiliginiň dürli harytlaryny sargyt etmäge we Türkmenistana getirilmegini gurnap bilýär.  

“Form Export” HK türk önümçiliginiň kosmetiki we parfýumeriýa önümçiliginiň, şol  sanda türkmen atlandyrmaly guýmasyny we çekip gaplama hyzmatlaryny hödürlemäge taýýar, şeýle-de Türkmenistana gönüden-göni öndürijiniň özüne şeýle görnüşli dürli harytlary sargyt edip we getirip berýär. Mundan başga-da, “Form Export” Türkmenistana “Form” atly parfýumeriýa-kosmetiki haryt nyşany bilen – suwuk we goýy sanitaýzerleri, odekolonlary, howa tämizleýjileri, şeýle-de meşhur brendleriň müşkli guýma atyrlary bilen üpjün ediji hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, “Form Export” türkmen bazarynda agzalan önümleri ýerlemeklik boýunça welaýat dillerleri hyzmatdaşlyga çagyrýar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar