Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenabat şäherinde Lebap welaýatyny ösdürmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

23:4122.01.2017
0
5490

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady. Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň käbiriniň hem-de Lebap welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Lebap welaýaty boýunça jogapkär bellenilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek, halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň işini kämilleşdirmek, hususan-da, welaýatyň tebigy baýlyklaryny nazara almak bilen, himiýa senagatyny ösdürmek barada döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Gürrüň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda Kaliý dökünlerini öndürýän Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy gurmak boýunça bilelikdäki türkmen-belarus taslamasynyň amala aşyrylmagy hakynda barýar.

Kaliý duzlarynyň iri ýataklary binýat bolup hyzmat etjek bu himiýa kärhanasynyň aýratyn möhümligi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutany milli ykdysadyýetimiz üçin strategik desgada gurluşyk işlerini çaltlandyrmagyň möhümdigini belledi. Kärhananyň işe girizilmegi himiýa senagatyny has-da ösdürmek, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açar.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewe welaýatda işleriň ýagdaýy,  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Lebap welaýatynda dürli döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin halkara ähmiýetli awtomobil hem-de demir ýol köprüleriň bina edilmegi bilen döreýän giň mümkinçilikleri peýdalanmak boýunça işlenip taýýarlanan maksatnamadan gelip çykýan wezipeler, wise-premýer B.Atdaýew gurulýan möhüm desgalary peýdalanmak arkaly halkara söwda dolanyşygyny ösdürmek,  goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýew Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de Watan goragçylarynyň gününi mynasyp garşylamak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň işjeň häsiýete eýe bolmagy bilen ýurdumyza gelýän daşary ýurt raýatlaryny, syýahatçylary degişli derejede hasapba almagyň tertibi we bu ugurdaky işleri kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew Gümrük gullugynyň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň