Çehiýada zenan tötänden orta asyr hazynasyny tapdy. Bu barada «Popular Mechanics» neşirine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.
Makalada zenanyň gezelenç edýärkä, toýun golçanyň galyndylarynyň üstünden barandygy we 2150 sany kümüş teňňäni tapandygy ýazylýar.
Hazyna mundan 900 ýyl öň gizlenen bolmaly. Arheologlar onuň soňky onýyllykdaky iň gymmatly tapyndydygyny aýdýarlar. Hazynany ýurduň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutyna we Çeh kümüşiniň muzeýine berdiler.
Hünärmenler şaýy pul hazynasynyň XII asyryň başlarynda ýurtdaky syýasy durnuksyzlyk we knýaz tagty üçin göreşler wagty gizlenen bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Pullaryň möçberiniň köplügi onuň eýesiniň täsirli adam bolandygyny çaklamaga esas berýär. Hazyna, megerem, esgerlere aýlyk tölemek üçin ýa-da harby olja bolmaly diýip, alymlar çaklaýarlar.