25 — 30-njy dekabr aralygynda «Dejavu» restoranynda ýakynlaryňyz hem-de dostlaryňyz bilen Täze ýyl oturylyşygyňyzy şatlykly pursatlara besläp geçirip bilersiňiz.
Bu ýerde myhmanlara DJ Muslimiň, şowmen Maksat Çaryýewiň hem-de alypbaryjy Mähri Muhammedowanyň çykyş etmeginde joşgunly baýramçylyk maksatnamasy garaşýar. Dabara agşamyna Aýazbabanyň we Garpamygyň hem gatnaşmagy Täze ýylyň bosagasynda bellenilýän oturylyşyk çäresine özboluşly şatlyk goşar.
Restoran datly Täze ýyl menýusyny hem-de gazlandyrylan içgileriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär. Bu ýerde her özbaşdak oturýan myhmanlar topary agşamyň täsirli çykyşlaryň, tagamly naharlaryň lezzetini duýmak bilen, dostluk hem şatlyk gurşawynda dynç alyp bilerler.
Oturylyşyk agşamyny guramak üçin (+993 71) 12 22 21 telefon belgisine jaň edip, öňünden ýer belledip goýmak zerurdyr. Restoran 10-njy kiçi etrapçada, «Dagbaşy» binasynda ýerleşýär.
Täze ýylyň jadysyny «Dejavu» restoranynda duýuň!