Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gold Palace» dükanyndaky «Pomellato»: özboluşlylygyň öwüşgini

15:1718.12.2024
0
16892

«Gold Palace» dükany hakyky gözelligiň muşdaklaryny «Pomellato» dünýäsine aralaşmaga çagyrýar. «Gold Palace» dükanynda kaşaň we häzirki zaman şaý-sepleri bilen dünýäde giňden tanalýan italýan brendiniň her bir zenanyň özboluşlylygyny aýdyň şöhelendirýän eksklýuziw kolleksiýasy hödürlenilýär.

«Pomellato» brendi 1967-nji ýylda Milanda döredijilikli, aýdyň we köpöwüşginli aýratynlyklary bilen tapawutlanýan konserwatiw şaý-sepler dünýäsini janlandyrmak isleýän zergärler maşgalasynyň mirasdüşeri Pino Rabolini tarapyndan esaslandyryldy. Pino zenana aýratyn ýagdaýlar üçin diňe bir kaşaň göwheriň däl-de, eýsem gündelik dakynyp boljak şaý-sepleriň hem zerurdygyna oňat düşünipdir. «Prêt-à-porter» filosofiýasyna eýerip, Rabolini bu brende moda dünýäsine gönükdirilen özboluşlylyk berdi, brendiň tiz özüni tanatmagyna hem-de diňe bir italýan dilinde däl, eýsem halkara bazarynda-da giň tanymallyga eýe bolmagyna mümkinçilik berdi. Metaly az, daşlary köp — ine, şeýle usulda hem «Pomellato» gymmat we ýarym gymmat bahaly daşlaryň tebigy gözelligini hem-de reňkini görkezmegi maksat edinýär.

1996-njy ýylda Nýu-Ýorkda ilkinji «Pomellato» dükany açyldy. Häzirki wagtda brendiň eserlerini köp ýurtda — Ispaniýada, Italiýada, Portugaliýada, Taýwanda, Belgiýada, Ýaponiýada hem-de Monako Patyşalygynda we beýleki ýerlerde satyn alyp bolýar.

2001-nji ýyldan bäri — «Pomellato» Bütindünýä ýabany tebigat gaznasynyň italýan bölüminiň hyzmatdaşydyr. 2013-nji ýyldan başlap bolsa «Pomellato» «Gucci», «Saint Laurent», «Bottega Veneta», «Balenciaga», «Gucci», «Alexander McQueen» we başgalar ýaly meşhur moda öýleriniň ösüşini dolandyrýan «Kering» halkara lýuks toparyna girýär. Toparyň butikleri 120-den gowrak ýurtda wekilçilik edilýär, holdingiň 37 000-den gowrak hyzmatdaşy bolup, dolanyşygy 18 milliard ýewrodan ýokarydyr.

«Pomellatonyň» original dizaýnynyň hem özboluşly atlandyrylyşy bar: zenanlar bu bezegleri özleri üçin satyn aldylar. Zenan — «Pomellato» äleminiň merkezi nokadydyr. Zenanlaryň deňligi ideýasyny kompaniýa öz filosofiýasynyň özeninde goýdy. Bu brend aýallar üçin okuwy, jemgyýetleşmegi we karýerany ösdürmegi höweslendirýär. Kompaniýanyň resmi web sahypasynda hereketleri bilen dünýäni üýtgeden suratkeşler, daşky gurşawy goraýjylar we hatda DJ-ler bilen köp sanly söhbetdeşlik bar. Häzirki wagtda «Pomellato» meşhurlar we dünýädäki iň güýçli zenanlar — Anna Dello Russo, Jeýn Fonda, Keýt Blanşet, Laura Dern, Sandra Bullok we başgalar tarapyndan saýlanyp alynýar. «Pomellatonyň» ýüzi bolsa italýan moda blogçysy, model, dizaýner we owadan zenan Kiara Ferrani. Ýeri gelende bellesek, 2017-nji ýylda «Forbes» žurnaly ony moda pudagynda iň täsirli zenan diýip saýlady.

Her ýylda «Pomellatonyň» takmynan 80 sany täze modeli işlenip düzülýär. Kompaniýa önümleriň üýtgewsiz özboluşly stilini saklaýar: asuda, arassa zenan dünýäsi, reňkli altynyň öwüşginliligi, ýarym gymmat bahaly kaboşonlaryň parlaklygy. Şaý-sepler pudagynda «Pomellatony» original «pret-a-porter» diýip atlandyrýarlar — bu brend meşhur zergärçilik öýlerinden we köpçülikleýin sarp etmek üçin niýetlenen önümlerden tapawutlanýan aýratyn şaý-sepleriň arasynda bar bolan ýeri doldurdy. «Pomellato» şaý-sepleriniň köpüsi köpçülikleýin öndürilýär we gündelik geýilýän eşikler bilen dakmak üçin niýetlenendir, ýöne adaty el işleri we ýokary hilli önümler her bir eseri özboluşly edýär.

«Pomellato» bezegleriniň her ýylda täze şaý-sepler kolleksiýasy öndürilýär. Ýöne olaryň arasynda rowaýata öwrülen kolleksiýalar has-da tapawutlanýar. Mysal üçin, bu «Nudo» kolleksiýasy — brendiň filosofiýasynyň doly beýanydyr. Bu brendiň iň ajaýyp we tanalýan kolleksiýasy her bir zenanda köp reňkli daşlaryň aýlawynda arzuw etmek we aýlanmak islegini oýarýar. Şeýle hem gaty lakoniki we häzirki zaman kolleksiýasy — «Iconica» bar. Bu biri-biriniň üstüni ýetirýän iki garşylygy — kadaly, sada Milan stili bilen paýhasly, ýönekeý görnüşleri birleşdirýär.

«Together» kolleksiýasy hem çuňňur simwoliki mana eýedir. Ol adamlary birleşdirýän baglanyşyklary görkezýär, söýgini nygtaýar. Iň esasy zat hem, baglanyşyk bilen birleşdirilen iki altyn zolakdan ybarat bolan halkalar we bileziklerdir. Ýüzükleri açyk ýa-da gizlin baglanyşyklar bilen dakynyp bolýar, ol dolulygyna söýgi syryna yşarat edýär.

Gün düşüp duran gum mysaly göwher täsin şöhle saçýan ýagtylyk öwüşginini görkezýär — bularyň hemmesi «Pomellatonyň» ajaýyp eseri — täsin «Sabbia» («Gum») kolleksiýasy barada. Ol tylla şuglaly guma we ýakymly Gün nuruna baý bolan Italiýanyň iň owadan burçlarynyň ajaýyp kenarlaryndan ylham alyp döredilen.

Şu ýylda «Pomellato» şatlygy we şähdaçyklygy beýan edýän goşa taraply «Pom Pom Dot» şaý-sepleriniň täze kolleksiýasyny satuwa çykardy. Bu kolleksiýa gündelik hem gymmatly wagtyň geçmegi bilen syýahat etmegi başaran paspartu elementi — ilik barada gürrüň berýär. «Pomellato» arhiwinde eýýäm bar bolan motiw döredijilik ylhamyna öwrüldi we soňra ysyrgalarda, bileziklerde hem-de gulakhalkalarda şekillendirilip, bu elementi şaý-seplere we talismana öwürdi.

«Casa Pom Pom Dot» taslamasynyň kömegi bilen, «Pomellato» 1967-nji ýylda döredilen wagtyndan başlap, modanyň taryhyny şu güne çenli yzarlaýar we 1956-njy ýyldan bäri meşhur düwme öndürijisi «Secondo Stefano Pavese» bilen hyzmatdaşlygy ösdürip gelýär.

Hemişe däp bolan gymmatly we «rahat» stiline wepaly bolup, Milan moda öýüni gündelik eşikler üçin niýetlenen ajaýyp şaý-sepler hödürlemekde öňdebaryjy hökmünde meşhur eden «Pom Pom Dot» kolleksiýasy gülgüne altyndan, perlamutrdan, malahitden hem-de göwherden ýasalan iki taraplaýyn görnüşdäki nepislik hakda gürrüň berýär.

«Gold Palace» dükany şu salgyda ýerleşýär: «Berkarar» SDAM, 1-nji gat.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 12) 46 88 00, (+993 62) 42 44 55, (+993 62) 70 69 70; (+993 62) 67 23 34, (+993 62) 10 75 25;
  • sosial media ulgamyndaky sahypalary: Gold Palace we Royal Palace.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň