Özüniň ajaýyp italýan we Ýewropa aşhanasy bilen giňden tanalýan «Ilatly» restorany myhmanlary ahyrlanyp barýan ýylyň soňky günlerini baýramçylyk ruhuna we şatlykly pursatlara beslemäge çagyrýar. 22 — 30-njy dekabr aralygynda restoran oturylyşyk dabaralary üçin ýörite maksatnama taýýarlady. Bu bolsa ýylyň ýatdan çykmajak jemlemesine öwrüljekdigini wada berýär.
Myhmanlar üçin adam başyna 500 we 700 manatlyk — iki görnüşli ýörite menýu taýýarlanyldy. Her toplumda dürli tagamlar bar: işdäaçarlar, salatlar, gyzgyn tagamlar, hamyrly naharlar we içgiler. Menýu myhmanlaryň dürli isleglerine we gyzyklanmalaryna laýyk edilip düzülendir.
«Ilatly» size gyzgalaňly bäsleşiklerden we tanslardan ybarat hakyky baýramçylyk şüweleňini taýýarlady, bu bolsa özboluşly güýç berip, Täze ýyl baýramçylygynda ajaýyp ýatlamalary galdyrar. Munda hiç hili ýadawlyk duýmarsyňyz!
«Ilatlyda» Täze ýyl baýramçylygyny bellemek mümkinçiligini elden gidirmezlik üçin ýeriňizi öňünden bron edip goýmak maslahat berilýär. Myhmanlar goşmaça maglumatlary almak we öňünden ýer belledip goýmak üçin aşakda görkezilen salgylar arkaly habarlaşyp bilerler:
- Ýerleşýän salgysy: Änew şäheri, Gurbansoltan köçesi;
- telefon belgisi: (+993 65) 65 01 41;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.